Eýran: Prezident saýlawlary nähili özgerip biler?

Tähranda eýranlylar täze prezident saýlaýarlar

Eýranda prezidentlik saýlawlarynda dalaşa giren alty kandidatyň hiç biri sesleriň 50 prosent we ýene-de goşmak bir köplügini alyp bilmese, bäsleşik deň ýa-da beýlekilerden ýokary ses alan iki kandidatyň arasynda dowam eder.

Eýrandaky ýagdaýa ýetik synçydyr anlitikleriň aglabasy hem şeýle bolar diýip çaklaýarlar. Bu çaklama dogry bolup çyksa, onda iki kandidat 21-nji iýunda özara bäsleşmeli bolar.

Pikir soralyşyklar

Garaşylyşyna görä, ikinji saýlaw ýa konserwatiwleriň üç esasy kandidatynyň - Mohammad Galibaf, Said Jelili we Ali Akbar Welaýaty - ikisiniň arasynda bolar ýa-da bularyň biri aram güýçleriň ýeke-täk kandidaty Hasan Rohany bilen dalaşa girer.

Häzirki wagtda bolaýmagy iň ähtimal hasaplanylýan - Galibaf bilen Rohanynyň bäsleşigi.

Ýarym resmi pikir soralyşyk merkezi "Mehr" 12-nji iýunda geçiren barlagyna esaslanyp, Galibafyň aljak seslerini 18 prosente golaý diýip görkezdi. Rohany hem takmynan 15 prosent ses bilen ikinji ýeri alar diýlip çaklanylýar.

Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Informasiýa we jemgyýetçilik pikir çözgüdi (IPOS) hem Eýranyň içinde pikir soralyşyk geçirip, Rohanyny takmynan 32 prosent bilen birinji, Galibafy hem 24 prosent bilen ikinji edip goýdy.

Konserwatiwleriň kandidatlarynyň arasynda has başarnykly hasaplanýan, halkara sahnasynda tejribesi bolmasa-da, Galibaf. Analitikleriň aýtmagynda görä, onuň iň soňunda ýeňiş gazanma mümkinçiligi ýokary.

Bu aralykda Rohanynyň hem tarapdarlary barha artýana meňzeýär. Ýöne synçylar Ýokary ruhy lider aýatolla Ali Hameniýiniň Rohanynyň ýeňiş gazanmagyny islemeýändigini aýdýarlar.

Galibaf bilen Rohany

Waşingtonda ýaşaýan eýranly analizçi Ali Afşarynyň aýtmagyna görä, ses berenler köp bolsa, saýlawlaryň ikinji etabynyň Galibaf bilen Rohanynyň arasynda bolmagy mümkin.

"Ses berenler 30 milliondan geçse, onda iki bäsdeşiň biriniň Rohany bolmagy mümkin. Mohammad Reza Arefiň kandidatlykdan çekilmegi, öňki prezident Rafsanjanynyň we öňki reformaçy prezident Hateminiň Rohanyny güýçli goldamagy onuň tarapdarlaryny köpeldene meňzeýär. Ýöne munuň näderejededigi entek belli däl. Galyberse-de, köp adamlar kime ses berjekdikleri barada belli karara [diňe] saýlaw güni gelýärler" diýip, Afşary aýdýar.

Muňa garamazdan, Afşary Rohana ýeňiş gazanmaga ýol berler öýdenok.

Ýene bir mümkinçilik Galibafyň Jelili bilen bäsleşmegi. Eýranyň ýarym resmi habar gullugy "Fars" ikiçäk bäsleşikde bu ikisiniň ýüzbe-ýüz bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

Ýokary ruhy lider

Kandidatlaryň arasynda iň konserwatiw pikirlisi - Jelili. Aýdylyşyna görä, Hameniýiniň hem ileri tutýany şol.

Amerikada ýaşaýan Eýran boýunça ekspert Resul Nafisy haýsy kandidatyň jemgyýetçiligiň goldawyny aljakdygyna Ýokary ruhy lideriň täsir etmeginiň mümkindigini belleýär: ”Hameneýniiň başdan bäri gözden salman geleni Jelili. Ýöne onuň öz başarnygyny subut edip, köpçüligiň goldawyny gazanan başga bir kandidaty hem goldamagy mümkin".

Analizçileriň aýtmagyna görä, konserwatiwleriň esasy kandidatlarynyň käbiri dalaşdan çekilen bolsady, onda Galibafyň ýeňiji diýip yglan edilme ähtimallygy ýokary bolardy. Ýöne olaryň hemmesiniň ýaryşy dowam etdirmeginiň jemgyýetçiligiň sesini bölmegi mümkin.

Saýlawlara häkimiýet başyndaky topar tarapyndan berk kontrollyk edilse, konserwatiwleriň esasy kandidatlarynyň biriniň 14-nji iýunda ýeňiji diýip yglan edilmek mümkinçigi ýok däl.

Afşary, eger beýle iş ediljek bolsa, onda häkimiýet başyndakylar güýçli aldawa ýüz urmaly bolarlar diýýär: "Bu ýagdaý saýlawlaryň adaty zat däldigi bolar. Häkimiýet başyndaky topar öz kanidatyny ýeňiji eder. Bu hem, görnüşine görä, Jelili. Onuň pikirleri hem tutumy Ýokary ruhy lideriň pikirlerine doly gabat gelýär. Döwlet organlary hem şoňa ýykgyn edýäne meňzeýär. Häkimiýet eýeleriniň ses maşyny-da şonuň erkinde ýaly görünýär".

Häzirki ýagdaýdan çen tutsaň, saýlawlardan soň bulagaýlyk turarly görünýär. Oppozision hereketiň ýolbaşçylary Mir Huseýn Musewi bilen Mehdi Karruby henizem öý tussaglygynda saklanýar. Oppozisiýanyň aktwistleriniň aglabasy dymdyryldy.

Muňa garamazdan, Halkara parahatçylygy boýunça Karnegi merkeziniň Eýran boýunça analizçisi Kerim Sadjadpuryň bellemegine görä, "2009-njy ýylda müňlerçe eýranlynyň köçelere dökülmegine getiren syýasy, sosial we ykdysady lapykeçlik heniz hem gaty uly".