Eýranyň ýolbaşçylary 14-nji iýunda boljak prezidentlik saýlawlaryna görülýän taýýarlyklaryň çäginde interneti böwetlemekden we 2009-njy ýylyň prezidentlik saýlawlarynda zyýan beren protest çykyşlaryna çalymdaş hereketleriň öňüni almaga ukyply ýörite toparlary döretmekden ybarat gözegçilik çärelerini amala aşyrýarlar.
Eýranyň dini ýolbaşçylygy geçen prezidentlik saýlawlaryndaky protestler ýaly ýagdaýyň gaýtalanmagyna ýol bermejekdigini açyk mälim etdi we 2013-nji ýylyň saýlawlarynyň planlaşdyrylyşy ýaly geçmegi üçin çäre gördi.
Häkimiýetler 14-nji iýunda boljak saýlawlaryň “parahtçylykly” geçirilmeginiň ähmýetini nygtamak bilen, 2009-njy ýylyň saýlawlarynda bolan protestler ýaly gozgalaňlara ýol berilmejegini yglan etdiler.
Oppozisiýany çäklendirmek
Geçen prezidentlik saýlawlaryndan bäri ýurtda syýasy oppozisiýa çäklendirildi. Oppozisiýanyň meşhur liderleri Mehdi Karrubi we Mir Husseýn Mussawi öý tussaglygynda saklanylýar, reformaçy partiýalar gadagan edilýär.
Bu çäklendirmeler häzirki prezident Mahmud Ahmadinejadyň ýakyn töweregine hem degişli. Ahmadinejadyň ýarany Esfandiari Maşainiň prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär bolmagy ýurduň Ýokarky geňeşi tarapyndan makullanmady.
Makullanmadyk potensial dalaşgärleriň ýene biri ýurduň öňki prezidenti Ali Akbar Rafsanjany. Rafsanjany 2009-njy ýylyň gapma-garşylykly prezidentlik saýlawlarynda oppozisiýa belli bir derejede goldaw bildiripdi.
Protestleriň öňüni almak
Eýranyň häkimiýetleri özlerine garşy çykyş edýänlere gaýtargy bermek üçin dürli gurallaryň bardygyny duýdurdylar.
Eýranyň polisiýasynyň ýolbaşçysy Ahmadi Moghadamyň ISNA agentligine 22-nji maýda aýtmagyna görä, 2009-njy ýylda bolan protestleriň gaýtalanmazlygy üçin howpsuzlyk güýçleri tarapyndan ähli taýýarlyklar görlüpdir.
Beýik Britaniýada ýerleşýän harby we howpsuzlyk meseleleri boýunça bilermen Hossein Arýan Eýranda görlen howpsuzlyk çäreleriniň gizlin gulluklar tarapyndan maglumat toplamak işini hem öz içine alýandygyny belledi. Eýranyň aňtaw ministri Geýdar Moslehi 9-njy aprelde eden çykyşynda saýlawlary bulaşdyrmaga synanyşanlara rehim edilmejegini aýtdy.
Şu hepdede ýarym resmi ”Farsnews” agentligi polkownik Rasool Sanaeirada salgylanyp, saýlawlaryň öňünden çak edip bolmajak bir görnüşde geçmeginiň ähtimaldygy we “bolup biljek protestleriň” Tährandan başlap, ýurduň beýeki regionlara ýaýramagynyň mümkindigi barada habar berdi.
Eýranyň habar serişdeleri protestleriň öňüni almak boýunça çäreleriň çäginde 14-nji maýda Tähranda geçirilen türgenleşikleriň suratlaryny çap etdiler.
Informasiýany çäklendirmek
Eýranyň häkimiýetleriniň ýurduň raýatlarynyň maglumat alyşmak mümkinçiliklerini çäklendirmäge synanyşýandyklary barada hem maglumat berilýär. Soňky hepdelerde häkimiýetler internete edilýän resmi gözegçiligiň daşyndan internetden peýdalanmaga mümkinçilik berýän hususy gurallaryň ençemesini ýok etdiler.
Eýranyň parlamentiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat boýunça komitetiniň agzasy Mohammad Saleh Jokaryň 10-njy maýda aýtmagyna görä, hökümet adamlary internet arkaly birleşdirmek boýunça tagallalaryň öňüni almak üçin hem çäre görýär.
Soňky aýlarda žuranlistlere basyşlar güýçlendi. Ýanwar aýynda ondan gowrak žurnalist tussag edildi. “Serhetsiz reporterlar” guramasyndan Reza Moýni habar seridelerini çäklendimek boýunça başga-da çäreleriň ulanylýandygyny žurnalistleriň polisiýa çagyrylyp, sorag edilýändigini we olaryň tussag astyna alynýandygyny aýtdy.
Saýlawlar bilen baglylykda emeli hemra boýunça berilýän kanallara, oppozision websaýtlara we sosial ulgamlara gözegçilik etmek üçin “Fajr” atly ýörite toparyň hem döredilendigi barada habarlar bar.