Täze wirus howsala döredýär

Medisina maskaly aýallar. Taýwan.

Bütin Aziýada we beýleki käbir regionlarda 775 adamyň ölümine getiren we global ýokanç kesel howpuny döreden öýken çişme wirusy bilen alnyp barlan göreşden soň aradan eýýäm 10 ýyl geçdi.

Indi saglyk gullugynyň işgärleri geçen güýzde arap ýarymadasynda dörän şoňa meňzeş täze bir wirusyň howsalaly ýagdaýy döredýändigini aýdýarlar. Bu wirusy koronawirus diýip atlandyrýarlar.

Grigori Hertl – Ženewadaky Dünýä Saglyk Guramasynyň ýokanç keseller boýunça hünärmeni şeýle gürrüň berýär: “Bu wirus hemmämize mälim bolan pnewmaniýa we öýken çişme wiruslarynyň maşgalasyndandyr. Ýöne bu wirus agzalýan wiruslaryň iki görnüşinden birneme tapawutlanýar. Häzirlikçe koronawirus öýken çişme we pnewmaniýa wiruslaryna garanyňda, o diýen ýokanç däl ýaly bolup görünýär, emma görnetin bir hakykat bar, ýagny howsala döredýän zat - bu wirus ozalky iki wirus bilen deňeşdireniňde, has ölüm howply.”

Hasaba alnan ýagdaýlar

Häzirki güne çenli hasaba alnan koronawirus hadysasy gaty bir köp däl. Katar, Saud Arabystany, Iordaniýa, Pakistan, Britaniýa, Germaniýa we Fransiýa döwletlerinde jemi 34 hadysa hasaba alyndy.

Pnewmaniýa meňzeş simptomlar bilen ýüze çykýan hem-de böwreklere we beýleki beden agzalaryna zeper ýetirýän bu wirus öz ýokuşan adamlarynyň ýarpysyndanam köpüsiniň ölümine getirdi. 2003-nji ýyldaky öýken çişme wirusynda bolsa ýagdaý başgaçady, ýagny şol wirusdan jebir çeken adamlaryň takmynan 10 göterimi ölüme sezewar bolupdy.

Bu wirusyň nireden peýda bolanlygy we nämeden ýokuşandygy barada entegem anyk maglumat ýok. Ýöne onuň haýwanlardan (aýratynam ýarganat, geçi ýa-da düýe ýaly haýwanlardan) geçen bolmagy ahmal diýen çaklamalar bar.

Ýöne, saglyk pudagynyň işgärleriniň bellemegine görä, ady agzalýan wirus pnewmaniýa wirusy ýaly adamdan adama hem geçip bilýär. Aslynda bu ýagdaý onuň has çalt ýaýramygyna getirýär.

Wirusa uçramak howpy

Geçen hepdäniň soňunda bu wirusyň adamdan adama ýokuşmak ýagdaýy barada aladalar has hem ýokarlandy. Lukmanlar Fransiýada bir keselhana getirilen hassanyň, Dubaýdan koronawirus diagnozly dolanyp gelen başga bir adam bilen bir otagda ýaşansoň, şol kesel bilen keselländigini aýtdylar.

Wirusyň howadan geçmek ýagdaýy şeýle düşündiriliýär. Ýagny, bu gorkunç wirusdan jebir çekýänler bilen uzak möhletleýin gatnaşykdaky islendik kişi üçin wirus potensial howp bolup durýar.

Ýöne Hertliň pikirine görä, wirusyň şol bir wagtda köpçülige ýokuşmak aýratynlygy ýok. Ol bu hakda şeýle diýýär: “Bu wirus keselli bilen uzak wagtlap bile oturşyp-turşup ýörlende ýokuşyp bilýär. Ýöne, aýdaly, eger-de siz köçeden ýöräp barýan bolsaňyz we bu wirus bilen kesellän biriniň deňinden geçseňiz, wirusyň ýokuşmak ähtimallygy gaty pes. Gaty pes. Ine, biziň aýtjak bolýan zadymyz hem şol. Ýagny, bu wirus köpçülikleýin ýaýrap bilmeýär.”

Muňa garamazdan, pnewmaniýa wirusyna meňzeş bu täze çykan wirusyň ýüzlerçe, belki-de müňlerçe adamyň ölümine sebäp boljakdygyndan howatyrlanylýar.

Bütindünýä Saglyk Guramasy bu gorkunç wirusy “wajyp we esasy kynçylyk” diýip häsiýetlendirdi we wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak çäreleri barada yzygiderli maslahat beriji gollanmalary çap etdi. Mydama eliňi ýuwmaklyk ýa-da bolmasa wirus ýokuşan adamlaryň arasynda ýüzüňe maska geýmeklik bu mahlahatlardan käbirleridir.

Global epidemiýa

Gürrüňi edilýän wirus Hytaýda ýaýran ölüm howply guş dümewi bilen bir hatarda agzalýar. Garaşylmadyk ýagdaýda döreýän bu ýokanç keseller dünýä ilatynyň, tutuş ýer ýüzüni gaplap biljek global epidemiýalardan howatyrlanmagyna getirdi. Sebäbi şeýle wiruslar has ýygy-ýygydan peýda bolup başlady we uçarlar arkaly syýahat etmek bilen bu gorkunç wiruslar dünýäniň ähli künjegine sanlyja günde ýetip bilýärler.

Emma Şotlandiýanyň Aberdin Uniwersitetinde bakteriologiýa ugry boýunça professor Hug Peninton koronawirusyň peýda bolmagy barada aladalanmalydygyny, ýöne bu aladanyň howsala öwrülmeli däldigini belleýär.

Ol wiruslaryň onçakly köp däldigini we 21-nji asyrdaky baryş-gelşiň wiruslaryň ýaýramgynda günäkärlenmeli däldigini aýdýar: “Adamlar müňýyllyklaryň dowamynda halkara derejesinde syýahat edip gelýärler. Meniň meselä çemeleşişim şeýleräk, ýagny men şol wiruslaryň elmydama bolandygyna, ýöne olar barada ýygy-ýygydan gürrüň etmegimiziň sebäbiniň häzirki döwürde wiruslary anyklamakda has ösen usullary ulanýandygymyzdygyna ynanýaryn. Şeýle-de, biz žurnalistleriňdir habarçylaryň kömegine daýanyp, olara has köpräk ünsi çekmeli bolýarys.”