Uzakdan seredip, Türkmenabadyň "Merkezi bazarynyň" iki bölekden ybaratdygyny aýtmak kyn. Sebäbi olary biri-birinden aýyrýan haýsydyr bir bellik ýok. Emma welaýatyň iň uly bazary – ”Dünýä bazardan” soň ululygy boýunça ikinji hasaplanýan bu bazaryň gündogar tarapy – Lebap welaýat alyjylar jemgyýeti birleşmesine, ýagny hökümete, günbatar tarapy bolsa hususy telekeçilere degişlidir.
Olaryň biri-birinden tapawudy diňe kime degişlidiginde däl, arassalygy, tertip-düzgüni boýunça-da bildirýär. Ýagny, bazaryň döwlete degişli böleginiň ähli geçelgeleri asfaltlanan, üsti şifrden bassyrmaly, ýöne hususy böleginiň ýagdaýy welin, indi ýyl-ýyldan erbetleşýär.
Olary biri-birinden aýyrýan ýeke-täk äräçäk - bazary ikä bölüp geçýän Serdarabat Pagta arassalaýjy kärhanasynyň garşysyndaky ýol.
Bazaryň hususy bölegi
Bäş sany hususyýetçä degişli bolan bazaryň günbatar tarapynyň ýagdaýy şol ýerde söwda edýän satyjylary kanagatlandyrmaýar. Bazaryň şol böleginiň köp ýerleriniň üstünde bassyrma ýok. Geçelgeleriniň asfaltlanmadyk, agyz suwy we elektrik togunyň çekilmedik ýerleri hem bar.
Lebabyň şemally howasynda, zir-zibilli hapa tozan göterilende, söwdagärler bilen birlikde bazara baran alyjylar hem lapykeç bolýarlar. Sebäbi satylýan harytlaryň üstüni hapa tozan örtýär, bu hem alyjylaryň, hem satyjylaryň lapyny keç edýär.
Şertler kyn bolsa-da, güzeran üçin söwdagärlik edýän adamlar alaçsyz ýagdaýda söwdasyny dowam ertdirmäge mejbur. Üstesine, söwdagärler söwda edýän ýeriniň meýdanyna görä hususy bazar eýelerine aýda, ortaça 200-400 manat aralygynda, pul tölemeli bolýandyklaryny hem aýdýarlar.
Özüni Güljemal diýip tanadan söwdagär zenanyň hapa suwlar üýşýän we zir-zibilden doly ýere ýakyn ýerde dükany bar. Ol her aýda ýeri üçin 120 manat tölemeli bolýandygyny aýdýar.
Onuň sözlerinden çen tutulsa, öňler söwda edýän ýeriniň üsti bassyrmaly eken, ýöne soňra ol ýeriň bassyrmasynyň şiferlerini bazaryň şol bölegine jogapkär hususyýetçi öýüne alyp gidipdir. Şu günler söwdagär zenan, bazaryň söwdagärleriniň köpüsi ýaly, günden goranmak üçin depesine mata tutunypdyr.
"Merkezi bazaryň" hususy böleginde söwda edýänleriň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, bazaryň bu bölegi bäş adama degişli we ol adamlaryň ählisi özara garyndaş.
Resmiler çäre görenok
"Merkezi bazaryň" hususyýetçilere degişli böleginiň söwdagärleri kemçilikleriň düzedilmegini isläp, welaýat häkimligine, sanitar gullugy edarasyna ençeme gezek arza bilen ýüz tutupdyrlar, ýöne ýüz tutmalaryň ählisi-de hiç hili netijesiz gutarypdyr.
Özüni Güljemal diýip tanadan miwe suwlaryny satýan söwdagär zenan bazaryň erbet ýagdaýdaky bölegini sanitar gullugynyň işgärleriniň hem gelip görüp gidendigini aýdýar.
“Sanitar gullugy edarasynyň işgärleri gelende, ähli söwdagärler zil-zibilli, hapa suw üýşen ýerleri görkezýärler, resmiler bolsa hökman çäre görüljekdigini aýdýarlar, wadalaryň yzy boş bolup galýar” diýip, miwe suwlaryny satýan zenan Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.
“Alynýan puluň möçberi gaty uly, şonda-da geçelgeler asfaltlananok, söwda tekjeleriniň üstüne bassyrma edilenok” diýip, bazarçylyk edýän zenan Güljemal aýdýar.
Edilýän şikaýatlara garamazdan bazaryň hususyeýtçiler tarapyndan eýeçilik edilýän böleginiň durkunyň gün saýyn ýaramazlaşmagynyň sebäpleri barada söwdagärleriň arasynda dürli garaýyşlar bar.
"Merkezi bazaryň" hususy böleginiň garbanyşhanalarynyň birinde işleýän we efirde adynyň agzalmagyny islemedik ildeşimiziň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, “bazaryň bu böleginiň eýeleri örän gurply adamlar, olaryň şäheriň beýleki künjeklerinde hem uly-uly söwda merkezleri bar”.
Bazaryň hususyýetçi eýeleri bilen döwlete degişli sanitar gullugy edarasynyň resmileriniň arasynda özboluşly ylalaşygyň bardygyny aýdýanlar hem bar. Emma bazara eýeçilik edýän hususyýetçiler tarapyndan barha köpelýän şikaýatlara häzirlikçe jogap berilmän gelýär.