Suratdaky jaýlar gurlup başlananda, 2000-nji ýyllaryň başlarynda olar diňe bir Türkmenabadyň däl, tutuş Lebabyň iň döwrebap jaýlary hasaplanýardy. Türkmenabat şäheriniň gündogarynda, Bitarap Türkmenistan köçesiniň gapdalynda ýerleşýän bu jaýlar baradaky garaýyşlar şu günler düýbünden başgaça.
Il arasynda "Pesoçnyýe", ýagny "Çägeli" diýlip atlandyrylýan bu ýaşaýyş jaýlarynda takmynan 130 hojalyk ýaşaýar. Bir wagtlar "elit" diýlip hasaplanýan bu jaýlar bilen bagly esasy problema - şol jaýlaryň diwarlarynyň gopup, ýaşaýjylaryna howp salyp başlamagy bilen bagly.
Agzalýan jaýlaryň ýaşaýjylarynyň käbirleriniň aýtmagyna görä, soňky döwürde göçüp gelen ýaşaýjylar ýaşalýan jaýlaryň töwereginde çagalaryň oýnamagy üçin goýlan meýdançalary hem eýeläpdirler, şonuň üçin çagalara oýnara meýdança, maşyn goýmaga bolsa ýer galmandyr.
Ýaşaýjylaryň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe gurlup, ulanmaga berlen bu jaýlar gurlanda, düzümine sement juda az goşulyp, tersine, çäge bolsa gereginden artyk ulanylypdyr.
Bu jaýlara rusça "Pesoçnyýe" diýip at dakylmagynyň sebäbi hem şu bolsa gerek.
"Çägeli" diýlip atlandyrylýan jaýlaryň biriniň özüni Allaguly diýip tanadan ýaşaýjysy maşgalasynda ýaş çaganyň ýokdugyny, ýöne ýaşaýan jaýynyň öňünde ulagyny goýup bilmeýändigini, şeýle bolansoň, ulagy adamlaryň ötüp-geçýän ýolunda goýmaly bolýandygyny Azatlyk Radiosyna, zeýrenip, şeýle gürrüň berýär: “Maşyn goýmak üçin ýeriň gytlygy sebäpli goňşularyň arasynda wagtal-wagtal dawa-jenjel çykyp durýar, mesele bolsa çözülmän galýar”.
Gurlanyna kän wagt geçmedik 11 sany jaý, öz proýekti boýunça uzakdan şäheri bezäp dur. Ýöne ýakyndan syn etseň, ol jaýlaryň nähili ýagdaýdadygyna göz ýetirip bolýandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.
Olaryň sözlerine görä, her biri dört gatdan ybarat 11 jaýyň hersiniň töwereginde 7-8 "sotok" ýer bar, ýöne şu günler käbir ýaşaýjylar ol ýerleriň daşyna haýat dikip, bugdaý, ýorunja, ysmanak ýaly ekinleri ekip başlapdyrlar. Bu hem agzalýan jaýlaryň ýaşaýjylary üçin goşmaça kellagyry döredýär.
Bu barada Daýhan köçesiniň ikinji jaýynyň eýesi, efirde adynyň tutulmazlyk şerti bilen Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Onuň sözlerinden çen tutulsa, ýerleriň eýelenmegi bilen ýüze çykýan problemalar bilen birlikde birki ýyllykda başga bir ýiti problema hem ýüze çykypdyr.
"Biziň ýaşaýan jaýymyzyň çep gapdalyndan geçýän we hapa suwlar akdyrylýan kanalizasiýa turbasy ýaryldy, ýarylan turbadan çykýan hapa suw howanyň gyzmagy bilen bugarýar we biziň saglygymyza howp salýar, üstesine, oýnamaga ýeriň çäkliligi sebäpli çagalar hem şol hapa suwuň gapdalynda oýnaýarlar" diýip, "Pesoçnyýe" atlandyrylýan jaýlaryň ikinji jaýynda ýaşaýan türkmenabatly belledi.
Onuň pikiriçe, ýazyň gelmegi bilen, mundan beýläk, çybynlar köpeler we ýarylan kanalizasion turbanyň örän hapa suwunyň töweregine üýşýän çybynlar ýaşaýjylaryň saglygyna hasam köpräk howp salar.
Mundan başga-da "Çägeli" jaýlaryň dördünji gatynda ýaşaýan ýaşaýjylar agyz suwynyň ýetmezçiliginden hem şikaýat edýärler. Ýerli häkimiýetleriň wekilleriniň bu problemalar bilen tanyşmak üçin şu ýylyň başynda bu jaýlara aýlanyp görendigine garamazdan, agzalan kemçilikleriň häzirlikçe öňküligine galýandygy aýdylýar.