Aşgabat: "Tiz kömekde" tizlik ýok

"Tiz lukmançylyk kömek" ulagy

Aşgabadyň "Posýolka" diýip atlandyrylýan raýonynyň ýaşaýjysy Halmyrat mundan bir aý ozal aradan çykdy. Halmyradyň garyndaşlaryndan käbirleri, ölümiň Hudaý tarapyndygyny aýtsalar-da, olaryň arasynda bu ölüme "Tiz lukmançylyk kömeginiň" öz wagtynda gelmänliginiň sebäp bolandygyny aýdýanlary hem bar.

Azatlyk Radiosyna berlen maglumata görä, haçan-da Halmyrat kesellände, "Tiz kömek" çagyrylandan iki sagatdan soň gelipdir. Netijede ol ýüregagyry keselli Halmyrady halas edip bilmändir. Bu ikarada gymmatly wagt ýitirilip, "Tiz kömegiň" haýallygy kömege mätäjiň biwagt ölümine getiripdir.

“Halmyrat bir sagatdan hem köp wagt ýatdy. Eger ”Tiz kömek” wagtynda gelen bolsady, onda ony halas edip bolardy” diýip, Halmyradyň garyndaşlaryndan özüni Aýmyrat diýip tanadan biri Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Ýurtdaky "Tiz lukmançylyk kömegi" gullugynyň şonuň ýaly tiz kömek bermäge öz wagtynda ýetişmeýän halatlary köpelýär. Käbir ildeşlerimiziň aýtmaklaryna görä, bu ýagdaý käbir raýonlarda hasam erbet. "Tiz medisina kömegine" bir sagatdan hem köp garaşmaly bolýan halatlary az bolmaýar.

Şol raýonyň özüni Aga diýip tanadan beýleki bir ýaşaýjysy edil şeýle ýagdaýda 8 ýaşly ogluna "Tiz medisina kömeginiň" giç gelendigini gürrüň berdi. "Bu raýonda gije 'Tiz kömek' hasam giç gelýär. Bu ýagdaý eýýäm adata öwrülip barýar" diýip, Aga aýdýar.

Lukmanlaryň ýetmezçiligi

Paýtagtyň bu raýonyna Aşgabat şäheriniň 3-nji saglyk öýünde ýerleşýän "Tiz lukmançylyk kömeginiň" gullugy hyzmat edýär. Bu saglyk öýüniň "Tiz lukmançylyk kömegi" awtoulagynyň sürüjisi Amanyň aýtmagyna görä, "Tiz kömegiň" giç gelmeginiň sebäbi "Tiz kömek" awtoulaglarynyň ýetmezçiligi bilen bagly däl. "Tiz kömekde" işleýän lukmanlar ýetenok.

Lukmanlaryň, esasanam maşgala lukmanlarynyň, ýetmezçiliginiň sebäbiniň bolsa bu wezipä bolan höwesiň azdygy bilen düşündirilýär. Paýtagtyň 3-nji saglyk öýüniň özüni Amangül diýip tanadan lukmany bu barada şeýle diýýär: "Lukmançylyk uniwersitetini gutaran talyplaryň köpüsi hem soňy bilen lukmançylyk bilen meşgul bolmak islemeýärler. Ýa-da olar daşary ýurt firmalarynda lukman bolanlaryny gowy görýärler. Ol ýerde azyndan 1000 dollar gazanyp bolýar".

"Tiz kömek" gelende lukmanda iň bärkisi dimedroly hem ýok eken.
Aga
Amangülüň aýdýan ýagdaýy paýtagtyň beýleki medisina edaralaryna-da mahsus.

Aşgabadyň 5-nji saglyk öýüniň lukmanlar bilen üpjünçiliginiň pesdigini bu saglyk öýünde işleýän we özüni Annaguly diýip tanadan lukman aýdýar.

Annaguly Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde bu hakda şeýle gürrüň berdi: "Biziň saglyk öýümiziň lukmanlar bilen üpjünçiligi 30%. Şonuň üçin, näsaglara degerli kömek edip bilmeýäris".

Munuň üstesine-de, "Tiz lukmançylyk kömegini" bermeli lukmanlaryň köplenç öz ýanlary bilen zerur derman serişdelerini getirmeýändigi hakda-da şikaýat kän.

"Tiz kömek" gelende lukmanda iň bärkisi dimedroly hem ýok eken. Özümde bolan dermany berdim. Beýleki ampulany bolsa oňa şeýle berip goýberdim” diýip, paýtagtyň "Posýolka" diýip atlandyrylýan raýonynyň ýaşaýjysy Aga Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir aşgabatlylaryň aýtmaklaryna görä, ýurduň medisina edaralarynyň lukmanlar bilen üpjünçiliginiň hem-de medisina kömeginiň hiliniň pesligi sebäpli syrkawlaryň özlerem indi “Tiz kömegi”, halys çykalgasyz galaýmasalar, çagyrmaýarlar. Adamlar öz-özlerini bejermek bilen meşgullanmaga mejbur bolýarlar.

Resmi habar serişdelerinde “Türkmenistan - sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy” diýen ýaly şygarlar öňe sürülýär. Emma, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir raýatlar bolsa özleriniň iň bärkisi ilkinji medisina kömegini almakda kynçylyk çekýändigini aýdýarlar.

Şol kömek wagtynda ýetişmänsoň, pajygaly wakalaryň gabat gelýän wagty hem seýrek däl.