Bankdan ýeňillikli karz pul almaklygyň hupbatlary

Köne we täze görnüşdäki manatlar, şeýle-de Amerikanyň dollarlary

Oba hojalyk önümiň has köp öndürilýan ýerleri bolan Ahal, Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ýaşaýan ilatyň arasynda soňky günlerde döwletden ýeňillikli şertlerde karz pul almaklygyň amatly we amatsyz taraplary hakynda örän köp gürrüň edilýär.

Karz pul baradaky özara edilýan gürrüňleriň, çekişmeleriň güýçlenmegine 6-njy martda geçirilen hökümet maslahatynda gol çekilen karar itergi beripdir.

Ýurduň habar çeşmeleri oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakyndaky kararyň maldarçylygy we guşçulygy ösdürmäge, oba hojalyk önümçiligini artdyrmaga, bar bolan tehniki serişdelerden, suwdan rejeli we netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendigini nygtap, ygtyýarlyklary bolan banklar tarapyndan bary-ýogy 1% ýyllyk göterimi bilen 10 ýyllyk möhlete beriljek ýeňillikli karz pullaryň daýhan hojalyklaryna, mülkdarlara, kärendeçilere gaty amatlydygyny teswirlediler.

Eliňde puluň bolsa...

Elinde puluň bolsa, ol eli uzadan ýeriňe ýetirip bolýandygyny meniň bilen söhbetdeş bolan, özüni Dädebaý diýip tanyşdyran kärendeçi hem aýdýar. Dädebaý öňki Ýylanly, häzirki Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Türkmenistanyň gahrymany Sapyş Çerkezowyň adyny göterýan daýhan hojalygynda gowaça ekýär.

“Daýhana ýeňillikli karz pul berilse oňa ýetesi zat barmy? Özüm-ä pulum bolsa birinji nobatda suw sorujy nasos satyn alardym, ‘Obahyzmat’ diýilýan edaradan berilmeli traktoryň gelerine garaşman özüme hususy traktor edinerdim, ýere berilýan döküniň mukdaryny üç esse dagy artdyrardym” diýip, Dädebaý atly kärendeçi öz etsem-petsemlerini gürrüň berdi.

Ol beýleki kärendeçi kärdeşleri ýaly, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken kararyny oňlaýar. Şol bir wagtyň özünde-de Dädebaý daýhanlaryň aladasy bilen aýdylýan sözleriň, kabul edilýan kararlaryň hakyky iş ýüzünde şol aýdylyşy ýa ýazylyşy ýaly doly we dogry berjaý ediljegine gaty uly şubhe bildirýar.

Daýhanlary nämeler howatyrlandyrýar?

Ýurduň bank edaralaryndan ýeňillikli karz pul almasynyň aňsat däldigi barada has doly we hakykata ýakyn duran maglumaty öň bir sapar kredit alanlardan ýa ssuda görnüşinde ilata berilýan karz puly aljak bolup synanşanlardan eşidip bolýar.

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabyň Goşahowly obasynda ýaşaýan, özüni Hudaýberdi diýip tanyşdyran orta ýaşdan geçen ildeşimem banklar bilen karz pul aljak bolup iş salyşanlaryň biri.

Onuň aýtmagyna görä, döwlete degişli bankdan ýeňillikli diýlen karz pul alanyňdan hususy adamlardan, ýagny prosentine pul berýanlerden alanyň amatly bolýar.

“Men ýeňil maşyn edinmek maksady bilen, bir tanyşymyň maslahatyna eýerip, bankdan şol wagtky köne puldan 40 million manat kredit soradym, birgiden sprawkadyr kepilnamalary topladym, şonçarak anketadyr beýleki resminamalary doldurdym. Ahyrynda 40 million manadyň deregine elime 36 million nagt berdiler, 4 million manady bolsa ‘bu otkat diýip atlandyrylýan zat, ýagny biziň bitiren hyzmatlarymyzyň özboluşly tölegi’ diýip, alyp galdylar. Men goh-galmagal turuzjak bolanymda, maňa beýle etseň karz puly nagt görnüşinde alyp bilmejekdigimi ýaňzytdylar” diýip, Hudaýberdi “öz şahsy tejribesi” barada gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bazarlardan ýa-da ýerli telekeçilerden bir zady satyn aljak bolanyňda, zadyň eýesi nagt hasaplaşygy isleýar, ýurtdaky bar bolan banklar bolsa kredit almana baran müşderlerine soralýan puly nagtdäl görnüşde bermekçi bolýarlar.

“Ine, şuňa meňzeş düşüňşmezlikleri aradan aýyrmak üçin banklarda ‘otkat’, ‘bitirlen hyzmatyň gadyryna galdyrylýan töleg’ ýaly korrupsiýaň pajarlap ösendiginden habar berýan sözler bilen köp türkmenistanlylar indi ymykly tanyş boldular” diýip, Hudaýberdi gürrüň berýär.

Puldanam beter daýhana erkinlik gerek

Gurbansoltan eje adyndaky etrapda ýaşaýan pagtaçy-kärendeçi Dädebaýyň aýtmagyna görä, oba hojalyk önümleri öndürýän adamlara ýeňillikli berilmeli edilen karz puluň hasabyna pudagy belli bir derejede ösdüribem, häzirkisine garanyňda hasylyň mukdaryny we hilini ep-esli derejä çenli ýetirip hem bolardy. Puluň höweslendiriji ukybyny ol iňkär edenok.

Emma Dädebaýyň pikiriçe, şu günki günde puldanam beter türkmen daýhanlaryna erkinlik derkar bolup dur, çüňki olar sowet döwürlerindäkisi ýaly ýokardan berlen görkezmä laýyklykda hereket edýärler, ýagny “ek” diýlen ekini ekmeli bolýarlar, “or” diýlen mahalam oraga girişýärler.

“Daýhana birneme erkinlik we özbaşdaklyk berilmese, onuň eline pul bereniň peýdasy garaşanyňça bolmaz. Diňe daýhan ýeriň hakyky eýesi bolanda, özüne girdeji getirjek ekini ekende, ýetişdiren hasylyny öz islegi bilen bazaryň goýan bahasyndan satyp bilen halatynda döwletiň daýhanlara berjek bolýan ýeňillikli karz pullaryndan bir zatlar çykar diýip tama etse bor” diýip, Dädebaý atly karendeçi daýhan sözüni jemleýar.

Welaýatyň Goşahowly obasynda ýaşaýan Hudaýberdini bolsa başga bir zat howatyrlandyrýar. Onuň pikiriçe, eger ýurduň bank ulgamyndaky çuň damar taşlan parahorlugy, giňden ulanylýan korrupsion düzgünlerden tizden-tiz el çekilmese, onda türkmen daýhanlarynyň aladasy edilip berilmeli edilen ýeňillikli karz pullaryň oba hojalyk pudagyna-da, ondaky işläp ýören önüm öndürujilere-de getirjek peýdasy topukdan, zyýany bolsa dyzdan düşmegi mümkin.

“Prezidentimiz karara gol goýanda, ýurduň Merkezi bankyna bir aý wagtyň içinde daýhanlara ýeňillikli kredit bermekligiň tertibini we düzgünini işläp çykarmagy tabşyrdy. Ölmesek, işlenip çykyljak ol tertibiň banklarymyzda öňden bäri hereket edip ýoren ‘kadalardan’ tapawutlydygyny ýa-da tapawutly däldigini göreris” diýip, Goşahowlyň ýaşaýjysy Hudaýberdi aýdýar.

Kerim Artykow türkmenistanly žurnalistiň, ýerli synçynyň edebi lakamy. Bu blogdaky pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.