Türkmenabadyň demirýol wokzaly. Bir goja kassadan Aşgabada gitmek üçin bilet aljak bolýar, emma bu oňa başardanok. Şonda ol bilet kassasynda oturana ýüzlenip, şeýle diýýär: “Ýediden soň satyp ugraýaňyzmy ýa näbellimi olam? O näme üçin üç poýuz-da ýer bolmazmy? Üç poýuza, Çärjew göçýän däldir-ä Aşgabada? Ýok-laý, başlyklary nirde oturýar bularyň?”.
Bu altmyş ýaşlaryndaky ýaşulynyň, Aşgabada bilet tapmansoň, Türkmenabadyň wokzalynda kassirlere ýüzlenip diýen zeýrenç gatyşykly sözleri.
Şu günler Türkmenabadyň otlyýol wokzalynda bu ýaşulynyň gününe düşýän ildeşlerimiz barmak basyp sanardan kän.
"Bronlar"
Ýylyň-ýylyna dowam edip gelýän bu problema barada hökümet resmileri halk köpçüligine hiç hili düşündiriş bermeýärler. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ildeşlerimiziň arasynda bu barada dürli garaýyşlar bar. Käbir adamlar biletleri öz nyrhyndan gymmadrak satmak üçin kassirler bar bileti-de ýok diýýärler diýse, käbirleri çakdanaşa köp bron edilýändiginden şikaýat edýärler.
Bilet tapmak kyn bolansoň käbir adamlar bilet alman otla münýärlar, ol hem otluda dürli problemalaryň döremegine sebäp bolýar. Özüni Aýgül diýip tanadan bir zenan otly bilen nähili ýagdaýda öýüne barýandygyny Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: ”Çärjewden Aşgabada barýadyk... Biletsiz bolduk, biledimiz ýok, bilet baram bolsa, kassaň işgärleri bilet bermediler. Bron diýip, hemme kişä aşaky ýerden satyp durlar, prowodniklerem bizden 40 manatdan çöplediler, biletsiz münenleriň hemmesinden 40 manatdan çöplediler”.
Türkmenabatly zenan Aýgüliň aýdýan zatlaryny wokzalyň ýolbaşçylaryna tassykladyp ýa inkär etdirip bolmady.
Emma otly bilen bagly problemalar diňe bilet ýetmezçiligi ýa onuň gara bazarda satylmagy bilen bagly däl.
Türkmenabat bilen Aşgabat aralygynda kupe wagonlara bilediň bahasy 15 manatdyr, şonuň üçin ýollagçylar bahasy arzan diýip, iň amatsyz hasaplanýan plaskart wagonlara bilet satyn alýarlar.
Olaryň bahasy bolsa Türkmenabat-Aşgabat aralygy üçin 7 manat. Ol wagonlarda bir kupede alty adam bolmaly. Üstesine, biletsiz münen ýolagçylaryň-da aglabasyny şol wagonlara salýarlar. Bu hem ýollagçylaryň problemasyny artdyrýan zatlaryň ýene biri.
Türkmenabatdan Aşgabada bir gije gündiziň dowamynda üç otly gidýär. Olar öýlän sagat 16-da Türkmenabatdan ugraýan Türkmenabat-Aşgabat otlusy, giçlik sagat 20-de Amyderýa stansiýasyndan ugraýan Amyderýa-Aşgabat we gije 2-de Türkmenabatdan ugraýan Türkmenabat-Aşgabat otlularydyr.
Beýleki regionlar
Otly biletleriniň ýetmezçiligi diňe Lebap welaýatynda ýiti duýulman, eýsem beýleki welaýatlarda-da bu ýagdaý tapawutly däl. Bu bolsa öz nobatynda diňe türkmenistanlylara däl, daşary ýurtlardan Türkmenistana gezmäge gelen turistlere hem öz täsirini ýetirýär.
Şeýle turistlerden birem ispaniýaly syýahatçy Mikel. Ol geçen ýylyň aýaklarynda bilet ýetmezçiligi bilen bagly duçar bolan ýagdaýy hakda Azatlyk Radiosyna şeýle diýipdi: “Ýöne bir mesele, otla bilet satyn almak maňa örän kyn boldy. Men düýn Maryda bolanymda, olarda Aşgabatdaky ýaly bir iş sistemasy ýoklugyny gördüm. Aşgabatda Ýewropadaky ýaly çap edilýän bilet we köp kassa bardy. Ýöne Maryda diňe bir kassa işleýärdi we men iki sagat nobata durup, garaşmaly boldum. Bilet hem elde ýazylandy we haçan gelmeli haçan gitmeli sagatlary takyk däldi onda. Biletde ýöne bir san bardy we men hiç zada düşünmämsoň, üç sapar soraşdyrmaly boldum”.
Ýolagçylar bilen bagly bu problema diňe şu günüň temasy däl, onuň, elbetde, ýakynda çözüljegine hem garaşylmaýar. Onsoň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen hepdäniň aýagynda otly gatnawy barada kabul eden kararynyň bu pudaga nähili täsirini ýetirjegini aýtmak kyn.
Şol kararda prezidentiň degişli ministrlige täze wagonlarydyr demir ýol transporty bilen bagly beýleki enjamlary satyn almaga ygtýyar berýändigi aýdylýar.