Aşgabatda awtobus terminaly ýykylýar

Aşgabatdaky awtobuslar

Aşgabatdaky şäherara awtobus terminalynyň binasy ýykylýar. Häzir onuň daş-töweregine ak haýat dikilipdir. Il arasynda "köne aeroport" diýlip atlandyrylýan bu binanyň häzirki wagtda diňe sütünleri galypdyr.

Paýtagtda Türkmenbaşy adyndaky halkara aeroporty gurulýança bu bina aerowokzal bolup hyzmat edýärdi. Köne aeroport awtoterminala öwrülensoň, bu terminaldan ýurduň welaýat merkezlerine hem-de käbir iri şäherlerine awtobuslar ugraýardy.

Awtobus terminalynyň sökülýändigi üçin häzirki wagtda şäherara gatnaýan awtobuslar ”Teke bazaryndaky” belleniliş nokadyndan ugradylýar. Duralga hökmünde ulanylýan bu ýerde bolsa awtobus terminalyny ýatladýan hiç hili bina ýok.

Emma, muňa garamazdan, şäherara awtoterminalyň göçürilen häzirki ýeri öňem bu hili awtobus aragatnaşyklary üçin ulanylýardy. Emma häzirki wagta çenli bu ýerden paýtagtyň töweregindäki obalara we şäherlere gatnaýan awtobuslardyr, mikroawtobuslar ugraýardylar.

Kynçlyklar

Bu ýerde şäheriň içinde gatnaýan käbir marşrut awtobuslarynyň hem belleniliş nokatlary ýerleşýär. Bu bolsa şol ýerde awtobuslaryň özboluşly dykynlaryny emele getirýär. Aşgabat-Gökdepe aralygynda hususy mikroawtobusynda kireý edýän Bäşimiň aýtmagyna görä, bu ýeri öňdenem awtobuslardan we mikroawtobuslardan doly. Bu taýdaky gurlan ýörite duralga sygmansoň, ulaglary onuň daşynda goýmaly bolýar.

Şäherara awtobus terminalynyň göçürilen ýerinde bir uly bassyrma, onuň aşagynda-da awtobuslara bilet satyn almak üçin kassa bar. Bu ýerde ýolagçylar üçin oturgyçlar hem goýlupdyr. Emma awtobusa garaşýan ýolagçylar üçin göwün diýerlik amatly şertler ýok.

“Iň bolmanda paýtagtyň käbir awtobus duralgalaryndaky ýaly ýyladyş sistemaly ýapyk duralgalar goýlan bolsa-da bolardy. Ýogsam, awtobusa ep-esli wagt garaşmaly bolýar.” diýip, daň bilen Türkmenabada gidýän awtobusa garaşyp oturan 56 ýaşly Mämmetweli aga aýdýar.

Awtoterminalyň häzirki göçürilen ýerinde ýolagçylar üçin şertleriň pesdigi baradaky gürrüň bilen göçürilen awtoterminalyň işgärleri hem ylalaşýarlar. Olaryň özleri üçinem häzirki ýer işlemäge o diýen amatly däl.

Oňyn taraplary

Awtoterminalyň efirde adynyň tutulmagyny islemedik bir işgäri öz bu hakdaky pikirini şeýle beýan edýär: “Ýene-de iki ýyldan täze awtowokzal gurlar. Şonda ähli amatlyklar bolar diýip umyd edýäris”.

Awtoterminalyň häzirki göçürilen ýeriniň amatlydygyny aýdýanlar hem bar. Olar, esasanam, öňki awtoterminalyň şäheriň bir çetinde ýereleşendigini, häzir bolsa paýtagtyň merkezine geçirilmegi bilen, oňa barmagyň ýeňilleşendigini aýdýarlar.

“Bu ýere paýtagtyň islendik awtobusy bilen gelip bolýar. 'Teke bazarynyň' golaýynda ýerleşmegi bolsa paýtagta haryt getirýänler üçin hem amatly” diýip, maryly söwdagär Dursun aýdýar.

”Teke bazaryndaky” awtobuslaryň belleniliş nokadynyň golaýynda ownuk söwda bilen meşgul bolýanlar hem şäherara awtobus terminalynyň bu ýere göçürilmeginden razy. Olaryň täze müşderileriniň sany köpelipdir.

”Turkmenistan.ru” websaýtynyň geçen ýylyň 23-nji dekabrynda beren habaryna görä, täze awtowokzal paýtagtyň demirgazygynda Aşgabat-Daşoguz awtomagistralynyň ugrunda gurulmaly.

Onuň gurluşygy 2012-nji ýylyň dekabrynda başlandy we 2014-nji ýylda-da tamamlanmagyna garaşylýar. Täze awtowokzal ýerli türkmen firmasy tarapyndan gurulýar, emma gurluşygyň bahasy barada hiç hili maglumat tapyp bolmady.