"Polimeksiň" Türkmenistana barýan altyny tutuldy

Altyn barlagy.

Türkiýäniň Stambul şäherindäki “Sabiha Gökçeň” aeroportundan Türkmenistana iberilmekçi bolnanda, agramy 190 kilogramlyk altyn ýüküniň ele salnandygy barada şu gün, ýagny 25-nji fewralda goşmaça maglumatlar peýda boldy.

Türkiýäniň gündelik “Agşam” gazetiniň maglumatyna görä, 21-nji fewralda aeroporta getirilende dokument boýunça gurluşyk enjamlary diýlip görkezilen, emma derňewlerden soň 190 kilogram möçberindäki altyndygy ýüze çykarylan bu ýük Türkiýäniň “Polimeks” şirketine degişlidir.

Habarlara görä, agzalýan şirket tarapyndan Aşgabada ibermek üçin “Sabiha Gökçeň” aeroportuna getirilen bu gyzylyň “Türkmenistan howaýollary” arkaly Aşgabada iberilmegi planlaşdyrylypdyr.

Eýrana niýetlenen altyn

Türk mediasynda, “Polimeksiň” baştutany Erol Tabanja salgylanylyp, 25-nji fewralda çap edilen habarlarda aýdylmagyna görä, “bu altyn agzalýan şirketiň eýran firmalary bilen özara söwda-satygynda ulanmak üçin Türkmenistana iberilmeli ekeni”.

Tabanja bu barada şeýle diýýär: “Şirketimiz Türkmenistanda ýol gurýar, uly möçberde gurluşyk işlerini amala aşyrýar, gurluşyk materiallarynyň bir bölegi Eýrandan satyn alynýar, emma halkara embargo zerarly Eýrana uly möçberde pul iberip bolanok. Bu gyzyldan Eýrandaky söwda-satygymyzda peýdalanmagy göz öňünde tutýardyk”.

“Polimeksiň” eýran firmalary bilen arasyndaky söwda-satygyň möçberi barada takyk maglumat berilmeýär, emma Türkmenistan garaşsyzlygyny alaly bäri bu türk firmasy ýurtda iş alyp barýan iň iri kompaniýalardan biridir.

"Polimeksiň" rowaçlygy

Bu firmanyň soňky döwürlerde Türkmenistanda ýerine ýetiren proýektleriniň arasynda Baş Kanuna bagyşlanan monumenti, telewizion diňi we Bagtýyarlyk köşgüni agzamak mümkin. Ýaňy-ýakynda hem bu şirket bahasy 1.97 milliard dollara barabar bolan sport kompleksini gurmak boýunça kontrakty gazandy.

Şeýle-de Aşgabatda gurulýan täze aeroportyň hem bu şirket tarapyndan guruljakdygy aýdylýar, onuň bahasy bolsa 2.25 milliard dollara barabardyr.

“Türkmenistan howaýollary”, türkmen resmileri ýa-da eýran şirketleri tarapyndan Stambulyň “Sabiha Gökçeň” aeroportunda ele salnan uly möçberdäki gyzyl bilen baglanyşykly häzire çenli hiç hili beýanat ýaýradylmady.

Ele salnan gyzylyň bahasynyň 10 million dollara barabardygy aýdylýar.http://w.soundcloud.com/player/?url=http%3A%2F%2Fapi.soundcloud.com%2Ftracks%2F80773368&show_artwork=true