Häzir Aşgabadyň bazarlarynda, oňküler yaly elin eti tapmak kyn. Bazarlardaky etçileriň käbirleriniň elin et diýip satýan etiniň, jylka etinden süňki köp. Bu etiň o diýen halanyp barylmaýandygyna garamazdan, şol et hem belli bir çäklendirmeler bilen satylýar.
Mysal üçin, il içinde “Ors bazar” diýip atlandyrylýan “Gülüstan” bazarynda adam başyna üç kilogramdan köp sygyr etini satmaýarlar. Etçilerden onuň sebäbini soranyňda, “et ýok” diýip jogap berýärler.
Sebäpler
Aslyýetinde paýtagtyň bazarlaryndaky häzirki et gytçylygy etiň asla ýoklugy bilen bagly däldigini il içinde ”Ors bazarynda”, ýagny “Gülüstan” bazarynda işleýän, özüni Ýalkap diýip tanadan etçi söwdagär aýdýar.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir etçileriň aýtmaklaryna görä, bazarda et hakyky bahasy boýunça satdyrylmaýar. “Häzir sygyr etiniň bir kilogramynyň hakyky bahasy 17-18 manat. Hökümet bolsa etçilere bazarlarda etiň bir kilogramyny 11-12 manatdan satdyrjak bolýar. Şol nyrhdan ýokary satýanlara bolsa jerime salynýar. Şonuň üçin häzir bazarlarda elin et satylmaýar” diýip, Ýalkap aýdýar.
Et satýan söwdagärlere nähili resminama boýunça arzan bahadan et satmagy talap edilýändigi barada takyk maglumat ýok. Et satýan söwdagärleriň aýtmaklaryna görä, häkimiýet wekilleri diňe etiň bahasy 11-12 manat bolmaly diýip aýdýarlar.
Geçen ýylyň iýul aýynda azyk önümleriniň bahalarynyň galmagy bilen etiň bahasy hem ýokary galypdy. Şondan soň hökümetiň bazarlarda etiň bahasyny bir derejede saklamak üçin edýän tagallalary oňyn netijeleri bermän gelýär.
Ýapyk dükanlar
Tersine, bazarlarda et gytçylygy döredi. Täze ýyl baýramçylygyndan soň etçileriň uly bir bölegi özleriniň bazarlardaky dükanlaryny ýapyp başladylar. Meselem, ”Gülüstan” bazaryndaky et dükanlaryň köpüsiniň ýapylanyna indi bir aý bolup barýar. ”Teke bazaryndaky” etçileriň hem köpüsi indi bu bazarda et satmaýarlar.
Emma hökümet olaryň bu hereketinden hem razy däl. Et söwdagäri Ýalkabyň aýtmagyna görä, etçiler öz dükanlaryny häzirki ýagdaýdan nägile bolandyklary üçin ýapýarlar. “Olaryň käbirlerini “prezidentiň garşysyna gidýäň” diýip, basdylaram” diýip, Ýalkap Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.
Paýtagtyň “Gülüstan”, ”Teke bazaryndaky” et dükanlarynyň köpüsi häzir ýapyk. Ýöne käbir dükanlarda et satylýar. Ýalkabyň aýtmagyna görä, bu bazarlardaky az sanly ýapylmadyk et dükanlarynyň ählisi diýen ýaly döwlete degişli.
“Olaryň satýan etleri Hindistandan getirilen gäwmişiň eti. Onam satanlarynda 200 gram arassa ýagyny goşup satýarlar. Etçiler dükanlaryny ýapanlaryndan soň gäwmiş eti bazarlaryň et dükanlarynda satylyp başlandy” diýip, Ýalkap Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Hindi eti
Bazarlarda elin etiň gytçylygy hem-de onuň bahasynyň ýokary galmagy zerarly Hindistandan getirilýän, bir kilogramynyň bahasy 12 manat bolan gäwmiş etiniň alyjylary köpelýär.
Parahat mikroraýonyndaky döwlete degişli azyk önümleri dükanynyň satyjysy Maralyň aýtmagyna görä, öňler gäwmişiň etini kafelerdir, restoranlar hem-de kolbasa öndürýän kiçeňräk kärhanalar köp satyn alýan bolsalar, indi ýönekeý alyjylaram satyn alýarlar.
“Doňdurylyp getirilýän gäwmiş etiniň her bir bölegi aýratyn nomer bilen belgilenen korobkada getirilýär. Mysal üçin, 44-nji nomerli korobkada gäwmiş budunyň eti bar. Bizde öndürilýän kolbasalaryň köpüsi şol nomerli korobkalardaky etden ýasalýar” diýip, Maral öz satýan harydynyň tarypyny ýetirdi.
Emma gäwmişiň eti ysly hem gaty. “Ýöne elin etiň bahasy 18 manat bolan häzirki wagtda, biziň ýaly garamaýaklaryň köpüsi şoňa hem razy. Nätjek, bir kilogramy 18 manatdan sygyr etini satyn almaga mümkinçiligim ýok” diýip, 45 ýaşly aşgabatly Ýagmyr aýtdy.
Etiň bahasy gymmatlaly we häzirki döwürde gytçylyk derejesine baryp ýeteli bäri, aradan eýýäm ençeme aý wagt geçdi, emma hökümet derejesinde bu barada ne gürrüň edilýär, ne-de muňa garşy görülýän çäre hakda halk köpçüligine maglumat berilýär.
Bu barada ýerli habar serişdelerinde-de hiç hili maglumat berilmeýär.