“Ýagşysy, ýamany ýetik bu dünýäň”

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly. Stokgolm, 2011.

“Nämüçin onda bar, mende ýok…”

“Nämüçin onda bar, mende ýok abraý?
Nämüçin ol hol ýokarda, men teýde?
Nirelerde azaşyp ýor adalat –
Men-ä kölegede, olam güzeýde?

Neçün oň söýgüde bagty getiren,
Menem buz düşekde çabalanmaly?
Neçün men çyragym öçmeli kyrkda,
Pylanyňky altmyşda-da ýanmaly?”

Hawa-da, şeýdibem ýaşap ýören bar,
Eger bu ýaşaýyş hasap edilse.
Hiç kes diýip bilmez özüne ynsan
Kelle däl-de, beýni aşak egilse.

Baş buýsançly gerek, ýürek hyjuwly,
Başa düşse tutluşmaly döw bilen.
Akyl ýetirmeli diňe bir zada:
Sag jigeri çüýredýändir öwgüler.

***

Elegiýa

Ýagşysy, ýamany ýetik bu dünýäň,
Bu gün toý,
erte ýas,
birgün toý munda.
Kyrk ýaşda ýetilen bäbek deý söýgim
Doga bolup hallan atdy boýnumda.

Begenji, gynanjy ýetik bu dünýäň,
Gassaba ýag gaýgy, jan gaýgy geçä.
Han gyzyn aparan bir ýetim deýin,
Ne donuma sygdym, ne sygdym koçä.

Agysy, gülküsi ýetik bu dünýäň,
Deň paýlaýa şatlyk bilen gaýgyny...
Bu gün alyp barýan gonamçylyga
Öli bäbek deýin elhenç söýgimi.

Söýgüsi, ýigrenji ýetik bu dünýäň,
Kä heşelle kakýan,
kä legzan kakýan.
...Ýat köçeden barýan bir gysym bolup,
Sen ýat penjireden ýadyrgap bakýaň.

***

Uruşly kino surata düşürilýär

Süýnüp gelýä atly, gylyçly goşun.
Çöpläp ýatyr iki sany pulemýot.
Aýylganç dilinde aldajy urşuň
Gepläp ýatyr iki sany pulemýot...

Ýene hüjüm gaýtalanýa täzeden,
Ajy tüsse az salymlyk syrylýa.
At gözleri tegelenýä käse deý,
Gamyş gulaklarda şemal sygyrýa.

Göni ajal pürkýän ýaraga sary
Sürülýä hiç zatdan bihabar atlar.
(Gyş güni toýnaklar sowurýa gary,
Ýaz güni kül bolýa gül açan otlar).

...Birden syrtmak öň aýakdan silteýä,
Bedew atyň agzy garbaýa gumy...
“In wepaly haýwan – at” diýip gelýän
Adamlaryň ýa bu-da bir oýnumy?

Eýse, aldaw zerurlyk däl, kadamy,
Jogap haýsy deňziň düýbünde ýatyr?
“Biz-ä otdan alyp çykýas adamy,
Olam goşaryna ýüp sarap otyr...”
http://w.soundcloud.com/player/?url=http%3A%2F%2Fapi.soundcloud.com%2Ftracks%2F75727566&show_artwork=true