Azerbaýjanda goh turuzan wideo

Azerbaýjanyň baýdagy

Azerbaýjandaky öç almak, pul we belki-de ölüm bilen baglanyşykly hekaýata çalym edýän soňky syýasy masgaraçylyk öňümizdäki güýzde geçmeli prezidentlik saýlawlaryndan öň häkimiýet başyndaky režimi bulaşdyrarly görünýär.

Bu masgaraçylyk Azerbaýjanyň Halkara uniwersitetiniň öňki rektory Elşad Abdullaýewiň öten sentýabrda bir wideo ýazgyny köpçülige ýetirenden soň başlandy.

Abdullaýew munuň 2005-nji ýylda, geçen parlament saýlawlarynyň öň ýanynda özüniň parlamentden bir orun satyn almak üçin bu ugurda alyp baran gepleşiginden gizlin taýýarlanan wideodygyny aýdýar.

Şol videoda şeýle dialog bar: "Gular Ahmadowa: Puly özüm alýaryn. Bu meniň baham. Şu puly töleseň, saňa parlamentden bir orun bereýin. Galany öz eliňde, indi bir karara gelmeli sen. Elşad Abdullaýew: Ýöne siz ozal 500 müň diýdiňiz. Ahmadowa: Şu wagt men beýle diýemok".

Wideo: Ýazgyda ýurduň parlamentinde bir orny satyn almak barada gürrüň edilýäne meňzeýär

http://www.youtube.com/embed/sBmkDTM8z3I

Ahmadowa Azerbaýjanyň häkimiýet başyndaky "Ýeni Azerbaýjan" (”Täze Azerbaýjan”) partiýasynyň güýçli agzalarynyň hataryndaky bir deputat.

Ahmadowa Abdullaýewe, eger ozal beren takmynan 637 müň dollara deň bolan 500 müň azerbaýjan manadynyň üstüne ýene şonça puly goşsa, onda oňa parlamentden orun beriljekdigini aýdýar.

Ahmadowa bilen onuň kömekçisi Sewinç Babaýewa Abdullaýewiň öňki beren pullarynyň prezidentiň edarasynyň başlygy Ramiz Mehdiýewe ýetirilendigini aýdyp, ony arkaýynlaşyrýarlar.

Abdullaýew şondan bäri güýçli korrupsiýa toparynyň başlygy hökmünde 74 ýaşly Mehdiýew bilen baglanyşykly jemi ýedi wideoýazgyny ile ýaýratdy. Ol Mehdiýew wezipesinden boşadylmasa, başga wideolary-da jemgyýetçilige ýetirjekdigini aýdýar.

Elşad Abdullaýew

Abdullaýewiň aýtmagyna görä, onuň dogany Milli howpsuzlyk ministrliginiň maýory Mahir Mehdiýewiň buýrugy boýunça adam ogurlaýan toparyň pidasy bolupdyr. Bu topary dolandyrýan howpsuzlyk gulluklary. Abdullaýew doganynyň boşadylmagy üçin millionlarça dollar pul töläpdir.

Birnäçe aý mundan ozal Azerbaýjandan gaçyp, häzir Fransiýanyň Strasburg şäherinde ýaşaýan Abdullaýew öz doganyny halas etmek üçin parlamentden orun satyn almaga synanyşandygyny aýdýar: "Bu ýerdäki hukuk professorlary, meniň öz aklawçym-da elimdäki subutnamalaryň diňe 10 prosenti bilen hem suda, hatda Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça suduna hem ýüz tutup biljekdigimi aýdýarlar. Olar maňa näme üçin azara galyp, Fransiýa geldiň diýýärler. Ýöne meniň janym howp astyndady. Maňa başga ýol goýmadylar. Men Azerbaýjanda şikaýat bilen suda ýüz tutjak boldum. Emma olar maşgalamy gorkuzyp ugradylar".

Abdullaýewiň özi hem bir bigünä adam hasaplananok. Azerbaýjanyň Halkara uniwersitetiniň başlygyka onuň korrupsiýadan ep-esli peýda görenligu güman edilýär. Ýöne onuň wideo kampaniýasy Bakuwda güýçli täsir döretdi.

Muňa garamazdan, syýasy analizçi Huseýnbala Salimowyň pikiriçe, Abdullaýewiň wideolary, saýlawlary hemişe galplaşdyrylan diýlip baha berilýän Azerbaýjan ýaly bir ýurtda, Gürjüstandaky bolşy kimin häkimiýet başyndaky partiýa ullakan şowsuzlyk getirmez.

Salimowyň aýtmagyna görä, Mehdiýew wezipeden kowulsa-da, oppozisiýanyň Alyýewe bäsdeş bolup biljek güýçli kandidaty ýok.

"Hökümete wekilçilik edýänler garry adamlar. Olar syýasy sahnany, elbetde, basym terk ederler. Ýöne sistemanyň düýp prinsipleri üýtgemese, bir işgäriň ýerini başga biriniň almagy bilen üýtgän zat bolmaz" diýip, Huseýnbala Salimow nygtaýar.