Türkmenabatly Serdar Aşgabat-Stambul, Stambul-Aşgabat aralygynda, belki-de, iň köp gatnaýan ýolagçylardan biridir. Serdaryň gatnamagynyň sebäbi onuň meşgullanýan käri bilen bagly. Ol her gezek Türkiýä gidende, ol ýurtda 15 gün galyp, soň yzyna dolanýar.
Serdar Türkiýede birnäçe ýyllardan bäri işleýän lebaplylaryň belli bir böleginiň öz öýlerine ugradýan pullaryny we ojuk-bujuk zatlaryny iki tarapa gatnadýançy bolup, gazanç edýär. Serdar bu kär bilen meşgullanýanlardan diňe biri.
“Men biletdäki möhleti bozamok, 15 günläp aňyrda bolýan we ildeşlerimiziň öýlerine ugradan zatlaryny alyp gaýdýan. Her alyp gaýdan zadym üçin belli bir töleg alýan” diýip, Türkiýä gatnaýan türkmenabatly Serdar gürrüň berýär.
Biziň bilen gürrüňdeş bolan asly Lebaply Rozybaý Jumamyradow hem Serdar ýaly adamlaryň hyzmatyndan peýdalanýan Türkiýedäki türkmenistanly zähmet migrantlaryndan biri, ol şeýle adamlary ýakyndan tanaýar.
Türkiýede ýaşaýan Rozybaý bu hakda şeýle gürrüň berdi: “Käbir raýatlarymyz Türkmenistandan bärik gaýdanda, meselem, 15 günlük ýa-da bir aýlyk – şeýle tarifde bilet alyp gelýärler. Meselem, olaryň edýän işleri nämeler, aýdalyň, aňyrdan bärik gaýdanda, eger kimdir-biri öz perzentlerine ýa dogan-garyndaşlaryna ony-muny iberjek maksady bar bolsa, her iberen zadynyň kilosy üçin gatnaýanlara azyndan 8-10 dollar pul berýärler”.
Elin ibermäge mejbur bolýarlar
Rozybaýyň aýtmagyna görä, Türkiýedäki zähmet migrantlarynyň uly bir bölegi, kanuny statuslary bolmansoň, puluny elin ibermäge mejbur bolýarlar. Şunlukda olar Serdar ýaly iki aralyga gatnaýan adamlaryň hymatyndan peýdalanmaly bolýarlar.
Aýdylyşyna görä, iki ýurduň aralygynda gatnaýanlar öz hyzmatlary üçin ortaça aýdylanda her 100 dollardan 5 dollary alyp galýarlar. Olaryň hersiniň öz muşderileri bar. Ýöne kähalatlarda ýat adamlardan pul iberip, puluny aldyrýan zähmet migrantlarynyň-da bolýandygyny aýdýarlar.
Türkiýä tiz-tizden gatnaýanlaryň ählisi Serdar ýaly harytlary gatnadýançy bolman, olaryň arasynda ownuk söwda bilen meşgullanyp, türkmen harytlaryny Türkiýä eltip, türk harytlaryny bolsa Türkmenistana getirip satýanlaram bar.
Türkiýeden Türkmenistana getirilýän harytlaryň aglabasy egin-eşik bolsa, Türkmenistandan alnyp gidilýän önümler, umuman aýdylanda, halylaryň kiçi görnüşleri, spirtli içgiler, hatda migrantlar üçin niýetlenen däri-dermanlardyr.
Türkiýede islenilýän harytlar
Türkiýedäki türkmenistanly migrant işçi Rozybaý bu barada telefon arkaly şeýle gürrüň berdi: “Türkiýäniň özünde öndürilen medisina dermanlary öz dermanhanalarynda satylyp dur, ýöne käbir zatlar resept bolmasa, berlenok, hatda şprise çenli. Emma Türkmenistanda ol zatlar üçin resept gerek däl, ol zatlar bazarda satylyp dur. Şol zatlary geçirýärler we bärde satýarlar”.
Beýle söwdegärleriň nädip köp mukdarda spirtli içgileri aeroportlaryň barlagyndan geçirip bilýändikleri barada takyk maglumat ýok. Türkiýede ýaşaýan Rozybaý hem bu syry bilmeýändigini aýdýar.
Ol: “Şol adamlar aňyrdan bärik gelende, nädip şolar ýaly, meselem, 8-10 ýa-da, aýdalyň, 15 çüýşä çenli arak getirýärler, onuňam her bir çüýşesi azyndan 1 litr gelýär. Ýa, aýdaly, medisina dermanlaryny nädip geçirýärler, men bilemok. Türkmenistanda gatnaýanlara kömek edýän kimdir-birleri bardyr diýip pikir edýän. Iň bärkisi men bir anyk mysal aýdyp biljek özümden. Men şu ýere, Türkiýä gaýdanymda, sumkamda üç sany çöregim bilen iküç kilo süýji-kökäm bardy, başga hiç bir zadym ýokdy. Meni şol zatlarym bilen geçirmejek bolup, gümrük gulluklary meniň bilen dawa baryny etdiler şol wagty”diýip belledi.
Serdaryň ýa Serdar ýaly iki aralyga gatnap, pul gazanýan adamlaryň bu işi nähili başarýandygy köpler üçin syr hem bolsa, onuň bu gazanjy bilen iki ýyldan bäri öz maşgalasyny doly ekläp gelýändigini aýtsa bolar.
http://w.soundcloud.com/player/?url=http%3A%2F%2Fapi.soundcloud.com%2Ftracks%2F74248100&show_artwork=true

Türkmenistanda gatnaýanlara kömek edýän kimdir-birleri bardyr diýip pikir edýänRozybaý