Türkmenistan: Özbekleriň 'türkmenleşmegi'

Türkmenistanyň pasporty

16 ýaşly Sardor orta mekdebiň okuwçysy. Milleti boýunça etniki özbeklerden bolan bu ýaş ýigit Lebap welaýatynyň Atamyrat şäherinde ýaşaýar. Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ol doly adynyň agzalmagyny islemedi.

Sardor ýakynda adyny, şeýle-de raýatlyk pasportynda milletini 'türkmen' diýip çalşan etniki özbeklerden diňe biri. Onuň maksady Türkmenistanda ýokary okuw jaýyna girmegini aňsatlaşdyrmak we iş mümkinçiliklerini giňeltmek.

“Meniň öz garyndaşlarymdanam käbirleri täze pasport alanlarynda milletini üýtgedip ýazdyrdylar. Atlaryny çalşanlary hem bar” diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan etniki özbeklerden bir zenan, Raziýa aýtdy.

Atamyradyň ýaşaýjysy Raziýa Sardoryň daýzasy, ol Türkmenabada gelin bolup düşen zenanlardan biri. 40 ýaşlaryndaky Raziýa häzirki döwürde söwda-satyk bilen meşgullanýar.

Etniki azlyklaryň öz milletini türkmen diýip ýazdyrýan halatlary diňe Lebapda däl. ”Türkmen Inisiýatiwasy” toparynyň ýolbaşçysy Farit Tuhbatulliniň aýtmagyna görä, şeýle ýagdaýlara Daşoguz welaýatynda hem duş gelinýär: “Aslynda şeýle ýagdaýlara Daşoguzda hem duşmak bolýar. Özbek milletinden bolan adamlar özlerine, köplenç halatlarda, çagalaryna pasport alanlarynda, milletini türkmen diýip hasaba aldyrmaga synanyşýarlar. Men bu ýagdaýyň köpçülikleýin edilýändigini aýdyp biljek däl. Ýöne şeýle ýagdaýlara duş gelinýär”.

Edil häzirki döwürde Türkmenistanda ýaşaýan etniki özbekleriň takyk sany barada bir zat aýtmak kyn, emma iň soňky gezek 1995-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynda olaryň sanynyň jemi ilatyň 9.2%-ni emele getirýändigi aýdylypdy.

Dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan etniki azlyklar boýunça iş alyp barýan “World Directory of Minorities and Indigiuos People” atly guramanyň maglumatyna görä, resmi çeşmelerde olaryň sanynyň 2003-nji ýylda jemi ilatyň 5% -tini düzýändigi aýdylypdyr.

Özbekleriň türkmenleşdirilmegi bilen bagly waka ilkinji ýüze çykan ýagdaý däl. Düýbi Wenada ýerleşýän ”Türkmen Inisiatiwasy” toparynyň ýolbaşçysy Farit Tuhbatulliniň Azatlyk Radiosy bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde aýtmagyna görä, bu ýagdaý sowet döwründe başgaça görnüşde ýüze çykypdyr: ”Etniki özbekleri türkmenleşdirmek prosesi biziň ýurdumyzyň taryhynda öňem bolupdy. Haçanda Sowet hökümeti serhet liniýalaryny kesgitlänlerinde, türkmen-özbek serhedinde ýaşaýan özbekleri türkmen diýip ýazdylar. Ýöne bu işi Bolşewik hökümeti mejbury ýagdaýda amala aşyrypdy”.

"Inisatiwa özlerinden"

Syýasy çärelerden tapawutlylykda iki ýurduň serhetýaka etraplarynda ýaşaýan bu iki millet mydama dostlukda we doganlykda ýaşapdyrlar. Olar taryhda bir emirligiň raýatlary bolup, edil häzirki döwre çenli öz aralarynda gyz alyp, gyz berýärler.

Dini garaýyşlarynyň, däp-dessurlarynyň we dilleriniň kän bir tapawudynyň bolmazlygy, agzalýan milletleriň arasyndaky gatnaşygy has hem güýçlendirýän zatlaryň biri bolup hyzmat edipdir.

Emma Tuhbatulliniň sözlerinden çen tutulsa, häzirki döwürde etniki azlyklaryň, esasanam Türkmenistanyň serhetýaka etraplarynda ýaşaýan özbekleriň öz atlaryny hem milletlerini türkmenleşdirmek inisiatiwasy olaryň özlerinden çykýar: “Häzir olar öz ýagdaýlaryny gowulandyrmak, gowy karýera edinmek, ýagny ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin bu işi etmäge mejbur”.

Türkmenabatly gelin Raziýanyň aýtmagyna görä, Türkmenistanda okuwa girip bilmän, daşary ýurtlara, Özbegistana gidenleriň arasynda onuň ýakyn garyndaşlaryndan biri hem bar. Raziýanyň ol garyndaşy Türkmenabatda ýerleşýän mugallymçylyk institutyna girip bilmän, Özbegistanyň Garşy welaýatynda ýerleşýän mugallymçylyk okuw jaýyna giripdir.

Emma şol bir wagtyň özünde-de Türkmenistan garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, etniki milletleriň käbir wekilleriniň ýokary derejeli hökümet wezipelerini eýelän halatlaryna hem duş gelmek bolýar.

Muňa 90-njy ýyllaryň başlarynda Türkmenistanyň daşary işler ministri wezipesi ynanylan, garyşyk türkmen-ermeni maşgalasyndan bolan Boris Şyhmyradow mysal bolup biler.

Türkmenistanda 15-nji dekabrda başlanyp, şu günler hem dowam edýän ilat ýazuwynyň netijesinde ýurtda ýaşaýan azlyklaryň, şol sanda özbeklerin hem anyk sanynyň, köpçülikleýin oturan ýerleriniň we resmi statuslarynyň takyklaşdyrylmagyna garaşylýar.