Gazagystan baş oppozision neşirini ýapmakçy bolýar

"Golos Respubliki" gazetiniň žurnalisti iş jaýynda işläp otyr. Almaty, 21-nji noýabr, 2012 ý.

Gazagystanda hökümete tankydy garaýan iki oppozision hereket bilen onlarça media neşirine ýapylmak howpy abanýar.

Gazak prokurorlary 30 töweregi gazetiň, internet saýtlarynyň, telewideniýe kanallarynyň, şeýle hem "Alga!" we "Halyk Maýdany" atly hasaba alynmadyk iki sany oppozision hereketiň ýapylmagyny sorapdyrlar. Aýdylyşyna görä, bular ekstremizmi ýaýradyp, hökümeti agdarmaga synanyşýarlar.

Bu barada suduň ilkinji hökümi 4-nji dekabrda çykdy. Bir sud internet telekanly "Stan-Tw" ýapylmaly diýip, karar çykardy. "Alga!" baradaky sud diňlenişigi 5-nji dekabrda, "Golos Respubliki" gazetiniň sud prosesi hem 6-njy dekabrda başlanýar.

Oppozisiýa hökümeti, öten dekabrda Žanaözen we Şetpede bolan gozgalaňdan soň, indi Gazagystanyň oppozision güýçleriniň köküni köwlemek üçin kampaniýa alyp barýar diýip aýyplaýar.

Žanaözende nebitçileriň geçiren protestlerinde polisiýanyň märekä ot açmagy netijesinde azyndan 17 adam öldi.

Tamara Kaleewa söz azatlygyny goramak boýunça Gazagystanyň halkara fondy "Adil Söz" guramasynyň başlygy. Ol Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi:

"Bu iş ilkinji nobatda Žanaözen wakalary sebäpli bolýar. Biziň häkimiýetlerimiz nebitçileriň öz zähmet hukuklaryny goramak üçin ýola goýan güýçli we uzak wagtlap dowam eden protestlerinden şeýle gorkdular welin, olar indi bular ýaly wakalaryň öňüni almak üçin ähli derejelerde we sferalarda çäre görýärler, dowul turuzýarlar".

Tatýana Trubaçewa, "Golos Respubliki" gazetiniň baş redaktory. 29-njy noýabr, 2012.


Prokurorlar "Stan-Tw", "Golos Respubliki" ýaly we beýleki garaşsyz mediany Žanaözende zorluga itergi bermekde aýyplaýarlar. Häkimiýetler şeýle hem Gazagystanyň garaşsyz mediasyny Nazarbaýewiň ganym duşmany, öňki media we bank ulgamynyň magnaty Muhtar Ablýazow bilen ilteşikli hasap edýärler.

Ablýazow Nazarbaýew bilen oňuşman, 2009-njy ýylda Britaniýa gaçyp gitdi.

"Golos Respubliki" gazetiniň aklawçylarynyň biri bolan Sergeý Utkin bu gazetiň Ablýazowyňkydygyny inkär edýär:

"Bu gazet gaty garaşsyz zatlary ýerleşdirýär. Žanaözen barada hem şeýle. Häkimiýetlere ýaramaýany şol. Mundan başga-da bir fakt bar. Häkimiýetler gazet kanuny taýdan Ablýazowa ýa Kozlowa degişli bolmasa-da, bu adamlar bilen iltişiklidir öýdýärler. Häkmiýetler Ablýazow bilen Kozlowa duşman diýip garaýarlar".

Gazagystanda söz azatlygynyň tarapyny çalýanlar özlerinde "Golos Respubliki", şeýle hem beýleki garaşsyz media aman galyp, öz işlerini dowam etdirer diýen umydyň ýokdugyny aýdýarlar.

"Bu neşirleriň ýapylmagy gaty ähtimal. Biziň häkimiýetlerimiz oppozisiýanyň gidrasyny köki-damary bilen ýok etmek isleýärler. Aslynda bir demokratik jemgyýete zerur bolan oppozison media, umuman oppozisiýanyň özi, Gazagystanda bütinleý ýatdan çykdy" diýip Kaleewa aýdýar.