Bir gezek: “Özüň günäkär”

Çekeleşik karikaturasy.

Özüň günäkär

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Çary Aşyr bilen Pomma Nurberdi bir edebi nesliň wekilleridi. Olaryň ömür beýanynda (terjimehalynda) meňzeşlik köpdi. Bu meşhur ýazyjylaryň ikisi-de XX asyryň 30-njy ýyllarynda edebiýata gelipdiler. Ikisi-de 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk Urşuna gatnaşan, galamlaryny ýaraga öwren ýazyjylardy.

Olar XX asyryň 60-njy ýyllarynda “Tokmak” satiriki žurnalynda bile işläpdir. Pomma Nurberdi baş redaktor eken.

Günlerde bir gün Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň býorosynda Pomma Nurberdä “Arak-şeraby köp içýär” diýen aýp bildirip, ony wezipesinden boşadýarlar. Onuň ýerine Çary Aşyry baş redaktorlyga belleýärler. Pomma Nurberdini žurnalda bölüm müdiri wezipesinde işde alyp galýarlar.

Çary aga bellenen wezipesini bellemk (“ýuwmak”) üçin Pomma Nurberdini öýüne nahara çagyrýar. Nahar başynda Pomma Nurberdi:

–Çary, sen baş redaktorlyga mynasyp adam. Meni žurnalda işde galdyrdylar, seniň maňa howandar boljakdygyňa-da ynanýan.Ýöne düşünmeýän zadym-da bar. Meni “içegen” diýip işden aýryp, ýerime seni bellediler. Aslynda sen menden köp içýäň ahyryn – diýipdir.

Çary aga oňa:

–Belanyň körügi şunda, Pomma, sen käwagt arak-şerap içmegi bes edýäň. Adamlar “Pomma soňky günlerde içenok” diýip gürrüň edýärler. Men bolsa her gün içýän. Onsoň adamlar Çary Aşyr içýändir diýip çak-da etmeýärler. “Çary mydama keýpi kök, şoh adam” diýýärler. Senem men ýaly her gün içip ýören bolsaň, bu güne düşmezdiň. Özüň özüňi ile paş etdiň, özün günäkär – diýipdir.

***

Ozal ikidik

Ussat ýazyjy Beki Seýtäkow görnükli partiýa we döwlet işgäri Balyş Öwezowyň ildeşi hem-de klasdaşydy. Ol Balyş aganyň Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary döwri Türkmenistan Ýazyjylar Birleşiginiň başlygy bolupdy.

Şol wezipede işleýän wagty Beki aga dogduk mekany Daşoguza baranda ýazyjy Hangeldi Garabaýewden “Daşoguz iliniň, umuman, Horezm iliniň beýik ogullary” diýip kimleriň ady tutulýar?” diýip sorapdyr. Onuň niýeti “Balyş Öwezowyň hem-de Beki Seýtäkowyň ady tutulýar” diýen jogaby eşitmek eken.

Hangeldi Garabaýew ol sowala:

– Ir döwürde Jüneýit hanyň hem-de meniň adymy tutýardylar. Sowet döwleti Jüneýit hanyň adyny belli-külli garalandan soňra, diňe meniň adymy, ýagny Hangeldi Garabaýyň adyny tutýarlar. Ozal ikidik – diýip, jogap beripdir.

Beki aga:
–Aldyň, hemme zat düşnükli – diýip, oňa elini uzadypdyr.

***

Eýýäm geldiňmi?!

Ýazyjy Bazar Öwezow durmuşa belet adamlaryň biridi. Ol “Ýaşyňyzy pasportdaky ýazgy bilen däl-de, aýalyňyzyň gepi-sözi bilen ölçäň!” – diýip, maslahat bererdi.

“Aýalyň haýsy sözünden hasap ýöretmeli?” – diýen sowalymyza onuň jogaby taýyndy:

–Ýaş wagtymyz bir ýere gidip, iki-üç sagat eglensek, gelnejeňiz “Munça wagt nirede bolduň?” – diýip gopgun ederdi. Indi bir ýere gidip, üç-dört gün eglensek-de “Eýýäm geldiňmi?!” diýýär – diýip gülerdi.

Toplan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew.