Myhmanhana tölegleri myhmanlar üçin elýeterlimi?

Soýuz döwründe gurlan “Daýhan” myhmanhanasy

Aşgabatlylaryň gürrüň bermegine görä, soňky döwürde Türkmenistanyň welaýat merkezlerinden, obadyr-etraplaryndan dürli sebäpler bilen Aşgabada barýanlar köpelýär. Anyk sanyň ýoklugyna we resmilerden bu barada maglumat alyp bolmandygyna garamazdan, ýurduň paýtagtyna welaýatlardan barýanlaryň has köpelendigi we gelýänleriň esasy kynçylygynyň ýaşamaga ýer tapmakdygy belli bolýar.

Aşgabatda myhmanhanalar köpem bolsa, olary gymmat hasaplaýandyklary üçin, paýtagta gelýänler arzan ýatak jaýynyň gözlegine çykmaly bolýarlar. Meselem, şu günler Aşgabadyň iň arzan "Daýhan" myhmanhanasynda bir gije-gündiz ýaşamak üçin adam başyna 20 manat tölemeli, olam üç adamlyk nomerde.

Gurluşykda işleýän 27 ýaşly aşgabatly Sapargeldi: “Paýtagta beýleki welaýatlardan gelýänleriň aglabasy işläp pul gazanmaga gelenlerdir. Olaryň köp bölegi Daşoguz we Lebap welaýatlaryndan Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyklarda işlemäge gelenler” diýip, Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Onuň aýtmagyna görä, gurluşykda işleýänleriň aglabasy il arasynda “obşežit” diýlip atlandyrylýan umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýarlar: “Obşežitlere hususy myhmanhanalar diýseň hem boljak, ýöne ol ýerlerdäki ýaşaýyş şertleri öwerlik däl. Aýlygy köpräk bolanlar her aýda 100-150 dollar töläp, kireýine jaý hem alýarlar, ýöne olar ýalylar gaty az”.

Aşgabada welaýatlardan gelenleriň käbirleriniň sözlerinden çen tutulsa, ýokary derejede bellenýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we Bitaraplygy ýaly baýramçylyklarda paýtagtyň arzan myhmanhanalarynda ýer ýetmezçiligi ýiti duýulýar. Ýöne, muňa garamazdan, ýokary amatlykly myhmanhanalar köplenç halatda boş galýar.

Muny adamlar syýasy we medeni çärelere gatnaşdyrylýan medeniýet işgärleriniň döwletiň hasabyna arzan myhmanhanalary doldurýandyklary bilen düşündirýärler. Şeýle bolansoň, başga dürli sebäpler bilen Aşgabada gelýänler üçin ol myhmanhanalarda ýer bolmaýar.

“Men keselimi bejertmäge geldim, 10 güne çenli böwregime bejeriş almaly. Her günüm üçin 20 manat töläp, “Daýhan” myhmanhanasynda bolmaly” diýip, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäheriniň ýaşaýjysy 62 ýaşly Baýramgeldi aga aýdýar. Ol özüniň paýtagtda tanyş-dostlarynyň köpdügini, ýöne olaryň öýüne myhman bolup baryp, agram salmajak bolýandygyny hem belleýär.

Aşgabatlylar paýtagtda garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan we häzirler hem gurulýan myhmanhanalaryň gaty köpdügini, ýöne olaryň köplenç halatda boş ýatandygyny Azatlyk Radiosyna aýdýarlar. Olaryň pikiriçe, ol myhmanhanalar türkmenistanlylaryň aglabasy üçin elýeterli däl, sebäbi türkmenistanda ortaça aýlyk haky 500 manatdan geçmeýär.

Gurluşykçy Sapargeldi: “Kaşaň myhmanhanalarda, esasan, daşary ýurtlardan gelýän turistler bolýar, ýöne Türkmenistana gelýän turist hem az. Netijede, gymmatbaha myhmanhanalar boşap ýatyr” diýip gürrüň berýär.

Paýtagtdaky myhmanhanalaryň köpüsi, esasan, hökümete degişli we şu günler olaryň arasynda Soýuz döwründe gurlan we adamlaryň köp barýan “Paýtagt”, “Syýahatçy”, “Daýhan” ýaly myhmanhanalary mysal getirip bolar.