Eýranyň tussag oppozision liderleriniň saýlyk ýagdaýlaryna alada bildirilýär

Mir Huseýin Musawi bilen Mehdi Karrubi (çepde)

Eýranyň oppozision çeşmeleri oppozisiýa liderleri Mir Huseýin Musawi bilen Mehdi Karrubiniň 19-njy noýabrda birnäçe sagatlap keselhanada bolandygyny we olaryň lukmançylyk barlagyndan geçirilendigini aýdandan bäri, olaryň saglyk ýagdaýlary baradaky aladalar güýçlenýär.

Musawi bilen zenan hukuklary aktiwisti, uniwersitet professory bolan onuň aýaly Rahra Rahnaward, şeýle hem Karrubi 2011-njy ýylyň fewral aýynda öý tussaglygyna höküm edilipdiler. Ondan öň, olaryň "Arap baharyna" goldaw demonstrasiýalaryny geçirmek baradaky çagyryşlaryndan soň ençeme adam köçelere çykypdy.

Habar berlişine görä, Musawi soňky wagtlar döş agyrysyndan we gan basyşynyň çenden aşa oýnamagyndan ejir çekipdir. Awgust aýynda Musawi ýürek agyrysy sebäpli angiografiýa barlagyndan hem geçipdi. Ol bu agyrynyň tussaglykda wagty dörändigini aýdýar.

Oppozision molla Mehdi Karrubiniň websaýty “Sahamnews” soňky döwür Karrubiniň horlanandygyny we işdäsiniň kesilmeginden, ýüreginiň bulanmagyndan we başynyň aýlanmagyndan ejir çekýändigini ýazýar. Ol geçen ýyl dem alyş kynçylyklaryny hem başdan geçiripdir.

Maşgala agzalary we dostlary Musawi bilen Karrubiniň tussag edilmegi netijesinde olaryň saglyk ýagdaýlarynyň has hem ýaramazlaşandygyny mälim etdi.

Dowamly gözegçilige mätäç

Musawiniň goldawçysy Amir Arjomandyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, saglyk ýagdaýy sebäpli, öňki premýer-ministr dowamly lukmanyň gözegçiliginde bolmaly. Emma ol Musawiniň bejergi almagyna häkimiýetleriň aram-aram böwet döredendiklerini, şeýdip, onuň saglyk ýagdaýy baradaky aladalaryň güýçlenendigini aýtdy.

Maşgalasy 75 ýaşly Karrubiniň saglyk ýagdaýyna alada bildirdi we 20-nji noýabrda ýörite beýanat ýaýradyp, häkimiýetleri oňa öz ynam edýän lukmanlarynyň bejergi bermegine rugsat bermäge çagyrdy.

“Tähranyň keselhanalarynda ynamly maşgala lukmanlarynyň gözegçiliginde lukmançylyk bejergileri ýola goýlar ýaly, biz onuň özbaşdak bejergi almak hukugyny häkimiýetler ykrar eder diýip garaşýarys” diýip, beýanatda aýdyldy.

Musawi bilen Rahnaward özleriniň Tährandaky ýaşaýyş jaýlarynda saklanýarlar. Karrubi paýtagtda howpsuzlyk güýçleri tarapyndan garawullanýan jaýa ýerleşdirildi. Onuň oglunyň aýtmagyna görä, onuň maşgalasy jaý kireýi tölegine kömeg edýär.

Arasynda çagalary bilen duşuşýarlar diýäýmeseň, oppozision şahsyýetleriň ikisiniň hem daşarky dünýä bilen aragatnaşygy kesilen.

Musawiniň kömekçisi Arjomandyň aýtmagyna görä, häkimiýetler onuň maşgalasyna kakalarynyň ýagdaýlary barada köpçülige hiç zat aýmazlygy tabşyryp, olara haýbat atypdyrlar.

Karrubiniň maşgalasy hem basyş astynda. Mollanyň bir ogluna ýakynda öz kakasy bilen duşuşmaga rugsat bermändirler. Görnüşe görä, bu ýagdaý kakasy syýasy ýagdaýlardan habarly edilenden soň ýüze çykypdyr.

2009-njy ýylda geçirilen jedelli saýlawlarda Musawi bilen Karrubiniň ikisem prezidentlige dalaş edipdi, netijede Mahmud Ahmedinejad saýlanypdy. Olar saýlaw netijelerine şübhe bildirip, häkimiýetleri köpçülikleýin galplykda aýyplapdylar.