Orsýetiň Germaniýa bilen gatnaşygy petige diräýdimikä?

Angela Merkel ýylda iki gezek duşuşylýan Peterburg dialogyna gatnaşmakçy, Putin bilen hem Moskwada duşuşmakçy.

Orsýetiň Germaniýa bilen aradaky aýratyn gatnaşygy indi petige diräýdimikä?

Germaniýanyň kanun çykaryjylary öten hepde kanuny güýji ýok bir rezolýusiýada kansler Angela Merkeli, 16-njy noýabrda Moskwada prezident Wladimir Putin bilen duşuşanda, Orsýetde adam hukuklarynyň ýagdaýynyň alada döredýändigini aýtmaga çagyrdylar.

Bundestag (Germaniýanyň parlamenti) Merkeliň ors-german gatnaşyklary baradaky komissary Andreas Şokenhoffyň ýiti formulirlenen hasabatyny goldady. Bu hasabatda Orsýetiň demokratik ösüşiniň aşaklamagy, aýratyn-da Putiniň maý aýynda üçünji möhlete prezident bolup, Kremle gelmegi bilen baglanyşdyrylýar.

Germaniýanyň öňki kansleri Gerhard Şröderiň ýolbaşçylygynda Berlin Ýewropada ençeme ýyllap Orsýetiň iň gowy dosty bolup gelipdi. Gatnaşyklar ilkinji nobatda pragmatik oýlanmalara we Şröder bilen Putiniň arasyndaky ysnyşykly şahsy gatnaşyklara esaslanýardy. Şröderiň Putini "birkemsiz demokrat" diýip atlandyrany henizem häli-şindi ýatlanylýar. Ýöne bu gatnaşyklar Merkeliň ýolbaşçylygynda üýtgäp ugrady.

Germaniýanyň Marşal fondunyň ýokary derejeli işgäri Konstanze Ştelsenmüller bu gatnaşygy şeýle suratlandyrýar: "Orsýet bilen gatnaşyklar barada aýdanyňda, bu german diplomatlarynyň 'strategik' diýmegi gowy görýän gatnaşygy. Munda biziň paýlaşýan gymmatlyklarymyz köp däl. Ýöne käbir zatlar üçin bu ýurt bize gerek. Men bu ýerde gaty açyk gürleýärin. Ýöne bu strategik ýaranlyga köçelerde berilýän kesgitleme. Ýaranlaryň, dostlaryň seniň gymmatlyklary çyndan paýlaşýan adamlaryň bolýar. Ýöne orslar dost ýa ýaran diýerlik derejede däl. Men beýle pikir edemok".

Germaniýada sarp edilýän tebigy gazyň üçden birine golaýy Orsýetden gelýär. Muňa düşünýän Merkel kömür bilen işleýän elektrostansiýalary we Polşanyň gazyny ösdürmek bilen Germaniýany ors gazyna garaşlylykdan çykarmak üçin köp iş etdi. Ol şeýle hem Moskwanyň ýakyn ýarany Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkony Ýewropada ýiti tankytlanlaryň biri.

Indi bolsa Şokenhoffyň hasabaty, şeýle hem onuň Pussy Riot baradaky sud prosesi barada ozal beren beýanatlary Merkeliň üstümizdäki hepde Moskwa etjek saparyna kölege salýar.

Angela Merkel ýylda iki gezek duşuşylýan Peterburg dialogyna gatnaşmakçy, Putin bilen hem Moskwada duşuşmakçy.

Aýdylyşyna görä, Merkeliň Putin bilen bolan şahsy gatnaşygy hiç haçan hem öwerlik bolmandyr. Putin premýer-ministrkä Merkel bir gezek onuň bilen duşuşmaga baranda Putiniň ony adatdan daşary garaşdyrandygy Germaniýada şindi-de aýdylýar.

Bu bolsa, Putiniň öňki Kansler Şröder bilen bolan ýakyn gatnaşygynyň edil tersine. 2001-nji ýylda Peterburg dialogyny ýola goýanlar Şröder bilen Putin. Şröder kanslerlikden aýrylansoň "Gazpromyň" "Demirgazyk akym" diýilýän turba liniýasynyň dolandyryş toparynyň başlygy boldy.

Angliýanyň "The Economist" žurnalynyň halkara redaktory Edward Lukas Merkeliň Moskwa sapary barada gürrüň gidende, soňky hepdelerde bolan wakalara gowulygyň alamaty diýip baha berenok: "Bular geçmişde adaty bolmadyk, örän ýiti zatlar. Onuň üstüne Bundestagda öten anna güni geçen çekişmäni hem goşsaň, onda bu ors-german gatnaşyklarynda gyzykly sahna bolýar. Peterbug dialogy Putin-Merkel sammiti bilen birlike bu, belki-de, üstümizdäki onýyllygyň iň gyzykly hepdesi bolar".