Klinton wezipesinden çekilermi we onuň ýerine kim gelip biler?

ASEAN-ABŞ sammitinde Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton prezident Barak Obamanyň arkasynda otyr, Bali, 2011-nji ýylyň 18-nji noýabry.

Sorag: Prezident gaýtadan saýlansa, siz Döwlet sekretaty bolup ýene bir möhlet işlemek isleýärmisiňiz?

Klinton: Ýok.

Sorag: Goranmak ministri bolup gulluk etmek isleýärmisiňiz?

Klinton: Ýok.

Sorag: Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti bolmak isleýärmiziňiz?

Klinton: Ýok.

Sorag: Birleşen Ştatlaryň prezidenti bolmak isleýärmisiňiz?

Klinton: Ýok.


2011-nji ýylyň martynda Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton CNN telekanalynyň moderatory Wolf Blitzeriň beren bu soraglarynyň hemmesine "ýok" diýip jogap berdi.

Geçen 4 ýyllykda ýurduň daşynda Obamanyň ýadawsyz wekiline öwrülen, onuň öňki syýasy bäsdeşi Klinton Birleşen Ştatlaryň bir möhlet baş diplomaty bolmagyň özi üçin ýeterlikdigini ençeme wagt mundan ozal duýdurdy.

Döwlet sekretary bolup iň azyndan 111 ýurda sapar eden, bu saparlaryň dowamynda hem takmynan 1.5 million kilometrlik ýol aşan Klintonyň pozisiýasyna düşünmek kyn däl.

Ýöne Obamanyň onuň kabinetden gitmegine meýilli däldigine hem düşünip bolýar. Prezident, Klintonyň galyp, aýratyn-da "Arap bahary" we Siriýa wakalary boýunça Amerikanyň syýasatyna ýolbaşçylyk etmegi üçin elde baryny etjekdigini aýtdy.

Obama 6-njy noýabrda saýlawlarda ýeňiş gazananyndan soň Döwlet departamentinde geçen metbugat ýygnagynda sözçi Wiktoriýa Nuland Klintonyň kararynyň üýtgemändigini bildirdi: "Men Sekretaryň plany üýtgändir öýdemok. Onuň ähli zady özünden soň bu wezipä geljek adama geçirmegi niýet edinýändigini aýdanyny siz telim gezek eşitdiňiz. Ondan soň ol şahsy durmuşa dolanyp, dynç almakçy. Pikirlenip, ol [gören-eşiden] zatlarynyň ählisini ýazmagy niýet edinýär".

Ak Tamyň öňki işgäri, Amerikanyň Daşary syýasy geňeşiniň agzasy Lowrens Haasyň pikiriçe, gowy Döwlet sekretary üçin iň möhüm zat – onuň prezident bilen gatnaşygy: "Döwlet sekretary Birleşen Ştatlaryň prezidentiniň syýasatyny amala aşyrýan adam. Bu orunda kim hem bolsa, hakykat şeýle. Meniň pikirimçe, Sekretar Klinton bu ugurda gowy iş bitirdi. Obama näme diýse, Klinton ara salym salman şony etmäge synanyşdy".

Agzalýan atlar

Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Jon Kerri

Obama Klintony niýetinden dänderip bilmese, onda onuň ornuny kim tutar?

Agzalýan atlar köp welin, ýöne ady has ýygy tutulýan adam Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Senator Jon Kerri.

Amerikanyň konstitusiýasy Kabinete bellenýänleriň Senat tarapyndan makullanmagyny talap edýär. Bu Kerri üçin bir problema bolup bilmez. Sebäbi ol 1985-nji ýyldan bäri bu ýerde işleýär.

Amerikanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Sýuzan Raýs

Ady agzalýanlaryň ýene biri Amerikanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Sýuzan Raýs. Ýöne ol 2012-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Bengazide (Liwiýa) Amerikanyň konsulhanasyna edilen hüjümiň häsiýeti barada ýalňyş maglumat berdi diýip, ýiti tankytlandy. Respublikanlar onuň öz wezipesinden çekilmegini talap etdiler.

Klintonyň ornuny tutmagy mümkin adamlaryň biri diýip, Obamanyň Milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Tomas Donilonyň hem ady agzalýar. Ol hem Bill Klintonyň döwründe köp işleri bitiren adam.

Obamanyň Milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Tomas Donilon

"Onuň daşary syýasy meseleler, milli howpsuzlyk syýasaty barada köp tejribesi bar. Meniň pikirimçe, beýleki iki adam bilen deňäniňde ol bu işe has ýaramly adam. Dogry, ol Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Kerriniňki ýaly tejribelere eýe däl. Ýöne ol köp sylanýan adam. Meniň pikirimçe, bu wezipäni gowy ýerine ýetirmäge onda ähli mümkinçilik bar" diýip, Haas aýdýar.