Nyýazow şäherçesiniň köçeleri gözgyny ýagdaýda

Garaşsyzlyk etrabynyň merkezi Nyýazow şäherçesiniň ýaşaýjylary şäherçäniň köçeleriniň bejerilmegine indi birnäçe ýyldan bäri garaşyp gelýärler.

Lebapda ýagyş ýagandan soň, welaýatyň Garaşsyzlyk etrabynyň merkezi Nyýazow şäherçesiniň köçelerinden pyýada ýöräp barýan adamlara köpräk duşulýar. Sebäbi adaty günler köçelerde göterilýän tozan sebäpli adamlar şäherçäniň köçelerinden pyýada ýöremäge höwesli däl.

“Soňky bäş-alty ýylyň içinde ençeme gezek gazylan köçelerden şu günler ulagly, hatda pyýada geçmek hem görgi baryny görkezýär. Irden ulagyňy ýuwup-arassalap çyksaň, ulagyň asla ýuwulmadyk ýaly bolýar. Pyýadalar bolsa köçelerden geçýän maşynlaryň tozanlaryndan gaçara ýer tapanoklar” diýip, Garaşsyzlyk etrabynyň ýaşaýjysy 41 ýaşly Myrat aýdýar.

Nyýazow şäherçesinde ýaşaýan we köp ýyllardan bäri toýlary öz wideokamerasy bilen surata düşürip gazanç edýän Serdar bolsa mundan 10-15 ýyl ozalky düşüren wideo ýazgylarynda şäherçäniň köçeleriniň gowy bolandygyny, şu günler toýlary ýazga geçirende köçeleriň ýaramazlygyndan eden ýazgylarynyň köp ýerlerini kesip aýyrmaly bolýandygyny aýdýar.

“Toý edýän ýaş çatynjalaryň pyýada köçeden öz öýlerine gelen pursatyny ýazgy edenimde köçäniň ýaramaz ýerleri wideo düşýär we ýadygärlik galýar, meniň bolsa, etjek alajym ýok” diýip, ol aýdýar.



Nyýazow şäherçesiniň köçeleriniň ählisiniň diýen ýaly ýagdaýy erbet. Ol köçeleriň köpüsi agyz suw liniýalary çekilende bozulan köçeler. Şäherçäniň merkezinden geçýän Lebap köçesinde ulaglaryň döredýän tozanynyň derdinden bolsa kämähäl gündiziň güni hiç zat görünmeýär. Watan, Kemine, Ýalkym, Seýdi köçelerindäki çukurdyr oýuklar taşlanyp gidilen obany ýatladýar.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar problemany, esasan, ýerli ýolbaşçylaryň öz işlerini talaba laýyk etmeýänliginden görýärler. Olar edara-kärhanalaryň işgarlerinden, hususyýetçilerden salgyt gullugynyň abadanlaşdyryş işleri üçin belli bir möçberde pul alýandygyny aýdýarlar. Emma abadanlaşdyrylýan köçeler göze ilenok.

“Eger biziň etrabymyzyň degişli ýolbaşçylary etmeli işlerini etseler, onda beýle bolmaly däl. Bärde korrupsiýa we ogurlygyň bardygy aýan. Ýogsam köçeleriň durkuny täzelemek üçin her iki-üç ýyldan serişde gelip durýar, men muny hakimlikde işleýän oglumdan eşitdim” diýip, Garaşsyzlyk etrabynyň efirde adynyň tutulmagyny islemedik 62 ýaşly ýaşaýjysy aýdýar.

Bu şäherçede ýaşaýan öý hojalykçy zenan Gülşirin bolsa çagalaryny irden täze eşik geýdirip, okuwa ýollaýandygyny, okuwdan soň olaryň egin-eşiklerini görer ýaly bolmaýandygyndan zeýrenýär. Onuň aýtmagyna görä, köçeleriň yzygiderli gazlylyp durulmagy, soňra olaryň gömülmegi boýunça geçirilýän işleriň sowuk-sala alnyp barylmagy ýagdaýy hasam kynlaşdyrýar.

“Nyýazow şäherçesiniň köçelerini ilki bilen täze telefon liniýalaryny geçirmek üçin gazyp başladylar, şu günler bolsa agyz suwy liniýalaryny çekmek üçin gazýarlar. Bu edilýän işler gowy, ýöne köçeleri-de bozuklygyna taşlamaly däl ahyryn” diýip, öý hojalykçy zenan Gülşirin aýdýar.

Garaşsyzlyk etrabynyň merkezi Nyýazow şäherçesiniň ýaşaýjylary şäherçäniň köçeleriniň bejerilmegine indi birnäçe ýyldan bäri garaşyp gelýärler.