Eýranyň Milli orkestriniň jemleýji akkordy

Milli orkestriň ýapylmagyna sebäp diýip, köplenç maliýe kynçylyklary agzalýar.

Eýranyň saýlantgy medeni sahnasyna urlan soňky zarbalaryň gidişinde ýurduň Milli orkestriniň agzalary bu orkestriň "ýatyrylandygyny" aýtdylar.

Agzalar orkestriň haçan ýapylandygyny anyk görkezmeseler-de, 29-njy oktýabrda Eýranyň ýarym resmi habar gullugy "ILNA" olaryň geçen üç aýyň içinde repetisiýa etmändigini, konsert bermändigini, aýlyk haklarynyň hem tölenmändigini habar berdi.

Ýurduň ýarym resmi habar gullugy "Mehr" hem döwlet tarapyndan dolandyrylýan orkestriň agzalarynyň häkimiýetlere resmi taýdan arza ýazandyklaryny aýtdy. Hökümetiň bolsa bu mesele barada häzir beren beýanaty ýok.

Milli orkestriň ýapylmagyna sebäp diýip, köplenç maliýe kynçylyklary agzalýar. "Mehr" ýurduň resmilerine salgylanyp, bu zatlary dowam etdirere "býujetiň" ýokdugyny aýtdy.

Eýranyň häzir çekýän maliýe kynçylygy giňden dokumentleşdirilen zat. Muňa jogapkär, bir tarapdan, hökümetiň iş bilmezligi, bir tarapdan-da, halkara ykdysady sanksiýalar diýilýär. Azyk önümleri bilen ýangyjyň bahasy ýokarlap ýörkä, ýurduň milli pulunyň nyrhy iň pes derejä düşdi.

London uniwersitetiniň Eýran boýunça barlaglar merkezinde Eýran aýdym-sazlary boýunça spesialist Jeýn Lewisonyň bellemegine görä, orkestriň ýapylmagy barada bir belli-külli jogap ýok. Munuň hökümetiň medeni guramalara edýän basyşynyň bir bölegi bolmagy-da mümkin.

Bular ýaly guramalaryň hökümeti tankytlamagynyň özi bir giden taryh. Şol sebäpden yslamçy liderler olary ýurduň oppozisiýasy bilen raýdaşlykda güman edýärler. Eýranyň ýadro programmasy sebäpli Tähran bilen Günbataryň arasynda dörän soňky dartgynlylyk hem ýagdaýy çylşyrymlaşdyrýar.

Milli orkestriň düýbini tutan meşhur eýranly kompozitor Farhad Fahredini 2009-njy ýylda bir protestde wezipesinden yza çekildi. Fahredini bu orkestri Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen 1998-nji ýylda gurupdy.

Eýranda ýaýran habarlara görä, prezident Mahmud Ahmedinejadyň täzeden saýlanmagy sebäpli turan protestler basylyp ýatyrylandan soň hökümetiň Tähranda konsert bermek baradaky haýyşyny Fahredini ret edipdir. Ol şonda Eýrandaky häzirki ýagdaý "aýdym-saz diňläp, konsert bermäge ýaraşykly däl" diýipdir.

Lewison sungat we gumanitar ugurlarda işleýän eýranlylaryň iş şertleriniň agyrdygyny aýdýar. Mysal üçin, sazandalar, alýan aýlyk haklary gaty az bolansoň, günlerini dolandyrmak üçin ýene bir işde işlemeli bolýarlar.

Lewisonyň pikiriçe, Eýranyň hususy sektory, aýratyn-da gurply eýranlylar medeni guramalary maliýeleşdirmeli. Olar bu işi Milli orkestr ýaly býujeti kesilen milli guramalardan başlamaly.

Hökümet tarapyndan sungata goýberilýän serişdeleriň kesilmegi ýeke Eýranda bolýan zat däl. Ol Günbatarda-da bar. Ýöne bu ýerde hususy şahsyýetler ýa beýleki guramalar sungaty goldaýarlar.

"Bu hususy sektora ara girmek üçin bir amatly pursat. Milli guramalar kömege hökümetden garaşmaly däl. Olar oturyp, hökümete garaşyp bilmez. Sebäbi hökümetden kömek ýok. Onsoň sungat ölüp gider. Olar muňa çyndan ähmiýet berýän bolsalar, aýaga galyp, bu iş özleri etmeli" diýip, Lewison aýdýar.