Näsaglar ýurduň daşyndan em gözleýär, hökümet böwet basýar

Türkmenistanda soňky birnäçe ýylyň dowamynda täze medisina edaralarynyň ençemesi guruldy ýa-da öňküleriniň durky täzelendi. Emma ol ýerdäki hyzmatlaryň hili raýatlary kanagatlandyrmaýar.

Türkmenistanda soňky birnäçe ýylyň dowamynda täze medisina edaralarynyň ençemesi guruldy ýa-da öňküleriniň durky täzelendi. Aşgabadyň günortasynda emele gelen özboluşly medisina şäherjigi bolsa türkmenistanlylaryň döwrebap medisina kömegini almaga doly mümkinçilikleri bar diýen pikiri döredýär. Emma iş ýüzünde beýle däl ýaly görünýär.

Türkmenistanda medisina edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň döwrebaplaşdyrylýandygyna garamazdan, hünärmenler ýurtda işine ezber medisina işgärleriniň ýetmezçiliginiň duýulýandygyny aýdýarlar. Netijede, maliýe mümkinçiligi bolan raýatlaryň daşary ýurtlara “lukmançylyk” saparlary köpeldi.

Ýurduň raýatlarynyň daşary ýurtlara özboluşly “lukmançylyk-turlarynyň” bardygyny turistik kompaniýalarynyň işgärleri hem tassyklaýarlar. Olaryň aýtmaklaryna görä, esasan Eýran we Türkiýä öz saglyk ýagdaýlaryny bejertmäge gidýänler köp.

“Olar syýahatçylyk kompaniýalaryna ýüz tutup, turistik wiza alýarlar. Türkmenistanlylaryň bu hili syýahatlary söwda saparlaryndan soň ikinji ýerde durýar” diýip, paýtagt Aşgabatda ýerleşýän turistik kompaniýanyň adynyň efirde tutulmagyny islemedik işgäri aýdýar.

Özüni Akmuhammet diýip tanadan 52 ýaşly raýa hem ýakynda Eýrana gidip, bejergi alyp gaýdypdyr. Onuň Eýrana bu sapary eýýäm üçünji gezek bejergi almaga gidişi bolupdyr.

“Men Eýrana ilkinji gezek bir ýarym ýyl mundan ozal böwregim üçin gitdim. Şol wagt Aşgabatdaky keselhanada maňa böwregimi operasiýa edip kesmeli diýdiler. Tanyşlarymyň biri Eýrana gidip barlatmagy maslahat berdi. Eýranda böwregimi kesmän, ondaky daşy aýyrdylar. Şondan soň ýene-de iki gezek bejergi almaga Eýrana gitdim” diýip, Akmuhammet gürrüň berýär.

Daşary ýurtlara bejergi almaga giden raýatlaryň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, olaryň şol saparlarynyň esasy sebäbi türkmen lukmanlarynyň ýalňyş diagnozlary hem-de ýalňyş bejergileri bolupdyr. Olaryň ählisi diýen ýaly, eger-de daşary ýurtlara bejergi almaga gitmedik bolsalar, maýyp bolup galjakdyklary barada aýdýarlar.

Daşary ýurtda lukmançylyk bejergisini almak her bir türkmenistanla başardanok. Eýranda bejergi alyp gelen Akmuhammet soňky saparynda jemi 2700 dollar harç edipdir. Diňe terjimeçi üçin günine 40 dollar töläpdir.

Näsaglara ýok ýapyk

Türkmenistanda hem lukmançylyk hyzmatlary tölegli. Bu medisina hyzmatlarynyň resmi nyrhlarynyň daşary ýurtlardakylardan pes bolşy ýaly, şol lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň hem pesdigini bu hyzmatlardan peýdalanan ençeme raýatlar aýdýarlar.

Ýöne, muňa garamazdan, ýurduň resmi metbugatynda Türkmenistanda täze medisina binalarynyň guruluşygy bilen bir hatarda ýurtda medisina hyzmatlarynyň hem hiliniň ýokarlanýandygy barada habar berilýär. Şol bir wagtyň özünde, soňky döwürlerde daşary ýurtlara medisina bejergisini almaga gidýänlere serhetde böwet goýulýandygyny ençeme raýatlar aýdýarlar.

“Eger-de serhetden geçeniňde medisina bejergisi üçin gidýändigiňi bilseler, onda yzyňa dolap goýberýärler. Şonuň üçin bildirtmän gitmeli. Hatda medisina kagyzlaryňy hem ýygşyrmaly bolýar. Eger göräýseler goýbermeýärler” diýip, ýakynda Eýrana gidip gelen Akmuhammet hem şeýle çäklendirmeleriň bardygyny tassyklaýar.

Soňky 5-6 aýyň dowamynda daşary ýurtlara lukmançylyk maksatlary bilen gidýänleriň birneme azalandygyny turistik kompaniýanyň işgäri hem aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, bu ýagdaý daşary ýurtlara medisina bejergisini almaga gitmekligiň resmi däl ýagdaýda gadagan edilmegi bilen bagly.

“Resmi taýdan bejergi almak üçin daşary ýurda gitmeklik gadagan däl. Biziň ýurdumyzda bular ýaly gadagançylyk resmileşdirilmeýär. Ýöne, gadagançylyga garmazdan, adamlar dürli usullar bilen daşary ýurtlara bejergi almaga gidýärler. Olaryň başga alaçlary ýok” diýip, turizm işgäri aýdýar.

Daşary ýurtlara lukmançylyk bejergisini almaga gitmekligiň resmi taýdan yglan edilmedik gadagançylygynyň sebäpleri barada resmileriň düşündiriş bermeýändiklerini bu gadagançylyk zerarly kösenýän adamlar aýdýarlar.