Ýüzärligiň tüssesinden güzeran görülýär

Lebap welaýatynyň merkezi şäheri Türkmenabatda soňky döwür dürli usullar bilen pul gazanmagyň köpelýändigini görmek mümkin. Ol usullaryň biri-de dilegçiligiň bir görnüşi bolmak bilen, ol iş adaty dilegçiler ýaly bir ýerde el serip oturmakdan tapawutlanyp, ýüzärlik ýakyp, tüssesini aýlap pul dilemekden ybarat.

“Ýüzärlik (ýerli gepleşikde iswent) ösümliginiň gury çöplerini ýörite gaplarda ýakyp, adamlaryň üýşýän ýerlerine aýlanyp, doga-dileg edip pul dileýän, il arasynda iswentçiler diýlip atlandyrylýan dilegçilere, indi, hatda administratiw jaýlaryň öňlerinde-de duşulýar” diýip, Türkmenabadyň merkezi bazarynda söwda edýän Saparnyýaz aýdýar.

Onuň bellemegine görä, iswentçiler ilki başda diňe bazarlarda peýda bolupdyrlar we şu günler hem bazarlarda olara köp duşulýar. Efirde adynyň agzalamagyny islemedik 20 ýaşlaryndaky türkmenabatly iswentçi irden 1-2 sagat hususyýetçileriň kafelerine, naharhanalara we başga-da dürli dükanlara aýlanýandygyny aýdýar.

“Gowy edip aýlansam gününe 20-30 manat hem gazanýan. Käbir kafedir naharhanalaryň, hususy dükanlaryň eýeleri olaryň söwdasynyň şowly bolmagyny Alladan dileg edip baranymda 5 manat berýän halatlary-da bolýar, ýöne esasan 20-50 teňňe adaty ýagdaý” diýip, iswentçi Azatlyk Radiýosyna gürrüň berýär.

Onuň sözlerinden çen tutsaň iswençileriň bu edýän işini asla oňlamaýnlaram kän we iswentçileriň kowulýan halatlary-da az bolmaýar.

“Biz hökümete degişli edaralara baramzok, köplenç halatlarda ol ýerlerden kowulýas. Esasan uly bazarlarda we hususy dükanlarda aýlanýas, ýöne ol ýerlerden hem kowulýan wagtlarymyz bolýar” diýip türkmenabatly iswentçi ýigit aýdýar.

Iswentçileriň arasynda adamlardan puly diläp alman, ýagşy dogalar edip gazanýandyklaryny we olar ýakýan ýüzärliklerini pula satyn alýandyklaryny hem-de ony ýörite gaplarda ýakyp tüsseledýändiklerini belläp, özleriniň belli bir derejede zähmet çekýändiklerini-de aýdýarlary-da bar. Ýöne olaryň bu işini oňlamaýanlaryň pikiriçe, iswentçiler diňe aňsat gazanç ýoluna çykanlar.

“Iswent aslynda öýlerde tütedilýär. Käbir lukmanlar onuň tüssesiniň howadaky zyýanly mikroblary öldürýändigini aýdýarlar. Ýöne käbir ynanjaň adamlaryň iswendiň tüssesiniň işiň şowly bolmagyna täsiriniň bardygy, bela-beterden goraýandygy baradaky pikirleri hyýaly” diýip, Türkmenabadyň merkezi bazarynda söwda edýän Saparnyýaz aýdýar.

Onuň pikiriçe, sagdyn, zähmete doly ýarawly adamlaryň dürli usullar bilen pul gazanmaklyga ýüz urmaklarynyň esasy sebäbi – Türkmenistandaky ýokary derejedäki işsizlik.

“Dilegçiler ösen ýurtlarda-da, biziň ýurdumyzda-da bar. Olaryň aglabasy maýyplar we işe ýarawsyz adamlar. Ýöne egninden ýüzärlikli, kükürtli haltajygyny asyp, bir elinde uzyn tutguçly gap bilen tüsseläp ýören sap-sagdyn adamlar diňe bizde bar diýip pikir edýän” diýip, söwdagär ýigit aýdýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan adamlar soňky döwür iswentçileriň pul gazanmak maksady bilen hepdäniň anna güni Juma namazlaryna, ekzamen günleri Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň baş edarasyna, ýokary we orta hünärment mekdepleriniň binalaryna-da baryp başlandyklaryny aýdýarlar.

Käbir daşary yurt guramalarynyň çaklamalarynda Türkmenistandaky işsizligiň derejesiniň 60%-digi, adam başyna düşýän ýyllyk girdejiniň bolsa 7,900 amerikan dollaryna barabardygy aýdylýar.