Lebap Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlanýar

Türkmenistanyň garaşsyzlygyna bagyşlanyp geçiriljek syýasy we medeni çärelere taýýarlyklar gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär, Türkmenabat şäheri.

Garaşsyzlyk baýramynyň ýakynlaşmagy bilen Türkmenistanyň ähli welaýat we etrap merkezlerinde oňa taýýarlyk çäreleriniň-de has güýçlenýändigini görmek bolýar.

Lebap welaýatynda-da baýramçylyk çärelerine taýýarlyk işleri gyzgalaňly barýar. Muňa günüň dowamynda Türkmenabadyň sport stadionlaryndan ýaňlanýan sesleri eşiden her bir adam göz ýetirip biler.

Türkmenabat şäheriniň Derýaçy kiçi etrapçasynyň stadionynda geçirilýän repetisiýa Lebap welaýatynyň ähli etraplaryndan çeper höwesjeňler gatnaşýarlar. Gatnaşyjylaryň aglabasy ýaş oglan-gyzlar. Ýöne Hojambaz we Halaç etraplaryndan gelip, mamalaryň tansyny ýerine ýetirýän eneler, mamalar hem bar.



Bu taýýarlyklaryň Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda däp boýunça her ýyl Türkmenaistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanyp geçirilýän uly baýramçylyk çäresine degişlidigini Radiomyz bilen söhbetdeş bolan medeniýet işgärleri aýdýarlar.

Çagalar we garrylar

Efirde adynyň tutulmagyny islemedik tansçy oglan özüniň Garabekewül etrabynyň medeniýet öýüniň tans toparynyň işgäridigini, işe täze girendigini, şonuň üçin ol uly baýramçylyk çäresinde diňe uly şar göterip, 10 minutlyk çykyş etmelidigini aýdýar.

“Men her etrapdan bellenen oglanlar bilen uly dabarada şar göterip, 10 minut aýlanmaly, şonuň üçin bize şarçylar diýýärler. Wezipämiz kyn bolmasa-da, şu günler her gün irden 8 den 12-ä çenli repetisiýa geçmeli. Tansçy oglan-gyzlaryňky kyn, günüň aşagynda her gün tans edýärler” diýip, Garabekewül etrabynyň medeniýet öýüniň efirde adynyň agzalmagyny islemedek işgäri aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, 10-njy oktýabrda häzirki stadiondaky ähli çeper höwesjeňler paýtagta gitmeli we ol ýerde-de 15 günläp repetisiýa geçmeli.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanyp geçiriljek çäreleriň uly böleginiň paýtagt Aşgabatda bolýandygyna garamazdan, welaýatlaryň merkezi şäherlerinde-de uly konsert-dabaralar planlaşdyrylýar. Ýöne bu medeni çärelerde aýdym-sazlardyr dürli sahnalar bilen çykyş etmeliler diňe medeniýet işgärleri, bagşy sazandalar däl, olaryň köp bölegi ýokary we orta hünärment mekdepleriň talyplary we şol sanda mekdep okuwçylary.

Türgenleşik okuwdan ileri

Türkmenabat şäheriniň “Zähmet” stadionynda orta mekdepleriň kiçi klas okuwçylary welaýatda geçiriljek baýramçylyk çykyşlaryna taýýarlyk görýärler. Ol okuwçylar her gün “Zähmet” stadionynda ertir irden tä günortana çenli dürli tanslary ýerine ýetirýärler. Käbir türkmenabatly ene-atalaryň aýtmaklaryna görä, ýurduň garaşsyzlygyna bagyşlanan konsert çäreleri eýýäm oktýabr aýynyň başynda başlanýar we şol çärelerde çykyş etjek okuwçylar türgenleşik üçin okuwdan boşadylýar.

Türkmenistanda toý-baýramyň köp bolmagy we şol toý-baýramlar mynasybetli geçirilýän medeni we syýasy çäreleriň-de köpdügi oňa mejbury gatnaşdyrylýan okuwçy-talyplarda, mugallymlarda, döwlete degişli edara-kärhanalaryň işgärlerinde negatiw täsir galdyrýar. Bu ýagdaý Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramçytlyklarynda has ýitileşýär, sebäbi bu baýramçylyklar has şowhunly bellenilýär.

Baýramçylyga begenmelimi ýa gynanmaly?

“Esasynda baýramçylyklar ýakynlaşsa begenilmeli, ýöne biz döwlet derejesinde bellenilýän uly baýramçylyklar ýakynlaşsa, gynanýas. Sebäbi günde marşirowka, günde baýdak göterme, günde tans çendenaşa ýadadýar. Baýramçylyk ruhy asla ýadymyza-da düşenok, daňdandan gijä çenli dik aýak üstünde” diýip, talyp ýigit Berdi Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanyň garaşsyzlygyna bagyşlanyp geçiriljek syýasy we medeni çärelere taýýarlyklar gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär.