Lebap: pagta möwsüminiň aladalary

Turkmenistanyň Lebap welaýatynda pagta ýygmaga barýan mekdep okuwçylary. 18-nji sentýabr, 2012.

Şu günler Lebap welaýatynda pagta ýygymynyň iň gyzgalaňly döwri dowam edýär. Pagta meýdanlary ýygymçylardan doly. Olaryň arasynda çagalary, pudak edaralarynyň işgärlerini, mugallymlary, aýal-gyzlary, garaz, her ýaşdaky we her kärdäki adamlary görmek mümkin.

Käbir etraplarda, ýerli häkimiýet wekilleriniň görkezmesi boýunça, dükançylaryň dükanlary ýapdyrylyp, olar hem pagta meýdanlaryna äkidilipdir. Şeýle ýagdaýa esasanam Lebabyň Garaşsyzlyk we Serdarabat etraplarynyň merkezlerinde duş gelmek mümkin.

Käbir dükançylaryň aýtmaklaryna görä, olara agşam sagat 5-6-a çenli dükanlaryny açmaga rugsat edilmeýär. Bu ýagdaý bolsa agzalýan etraplaryň ujypsyzja söwda dolanyşygyna hem ýaramaz täsirini ýetirýär. Şeýle pikiri öňe sürýänlerden biri hem serdarabatly dükançy Ýagmyr. Ol bu barada şeýle gürrüň berýär:

“Meniň bäş çagam bar, pagta möwsümi zerarly öz dükanymy ýapmajagymy ýerli häkimiýet wekillerine aýtdym. Olar ýagdaýa düşünmän hem duranoklar. Dükanymy doly ýapyp biljek däl, şonuň üçin bir-iki aý gizlin işlemeli boljak”.

Öň ulanylmadyk praktika

Pagta ýygymy möwsüminiň güýçlenmegi diňe söwdagärlere ýa pudak işgärlerine däl, käbir umumy bilim berýän orta mekdeplerde-de öň hiç ulanylmadyk praktikanyň ýola goýulmagyna sebäp bolupdyr.

Garaşsyzlyk etrabynyň 1-nji orta mekdebinde 45 minutdan ybarat bolmaly sapaklary 20-25 minutdan geçirip, ortaça 5 sagat dowam etmeli okuw sagadyny 2,5 sagatda tamamlap başlandyklaryny Radiomyz bilen söhbetdeş bolan mekdep okuwçylary aýdýarlar.

“Mugallymlaryň pagta ýygmaga çykmaklary üçin şu günler biziň sapaklarymyz 25 minutdan okadylýar. Hatda bedenterbiýe sapagyny 15 minut okadyk. Okuwdan soň uly klas okuwçylary hem pagta gidýärler” diýip, mekdep okuwçysy Mähri Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Resmi görkezme ýok, emma...

Resmi taýdan okuwçylary pagta ýygymyna ýollamak barada görkezme bolmasa-da, şu günler günortandan soň pagta meýdanlarynda zähmet çekip ýören köp çagalara duşmak bolýar. Olaryň käbirleri hatda 4-nji, 5-nji klas okuwçylary.

Umuman aýdylanda, pagta meýdanlarynda mekdep okuwçylaryndan başlap, mugallymlar, keselhanalarda işleýän sanitarkalar, çagalar baglarynyň terbiýeçileri, gaz edarasynyň, tok edarasynyň işgärleri we başga-da döwlete degişli edara-kärhanalaryň işgärleri zähmet çekýärler.

Radiomyz bilen söhbetdeş bolan käbir edara-kärhanalaryň işgärleriniň aýtmaklaryna görä, olar irden sagat 8-den tä giçlik sagat 6-a çenli pagta meýdanlarynda pagta ýygmaly. Saglyk ýa-da beýleki sebäplere görä pagta ýygymyna çykyp bilmeseň, öz ornuňa bir adamy hakyna tutmaly bolýar.

Hakyna tutma pagtaçylar

Il arasynda “naýomnik” diýip atlanyrylýan, hakyna tutulýan adamlar gününe alýan 3 manadynyň üstesine ýygan pagtasy üçin-de pul almak isleýärler. Ýyglan pagtanyň bir kilogramy üçin 20 teňňe tölenýär.

Lebap welaýatynda işsizligiň derejesiniň ýokary bolmagy zerarly köp sanly adamlaryň meýletin pagta ýygyp, gazanç edýänini-de görmek bolýar. Olaryň aglabasy-da aýallar. Pagta ýygyp, pul gazanýanlaryň köpüsiniň aýtmaklaryna görä, pagta möwsümi olar üçin pul gazanmaga gowy mümkinçilik.

“Şu günler öň alyp iýip bilmän ýörän zatlarymyzy satyn alyp başladyk. Öň alyp geýip bilmän ýörän käbir egin-eşikleri-de satyn alyp geýip başladyk” diýip, pagta ýygyp ýörän sakarly zenan Aýnabat gürrüň berýär.