Pagta ýygym möwsüminiň “biznesli” taraplary

Lebaply sepagat uýasy Sapargül: "Mekdep okuwçylaryna pagta ýygdyrtmaklyk gadagan edilensoň, pagta ýygym möwsüminiň bar azaby biziň boýnumyza düşdi duruberdi".

17-nji awgustda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow pagta ýygymy kampaniýasyna başlamak barada görkezme berdi. Muňa laýyklykda, pagta ýygymyna Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda awgust aýynyň 22-de başlanyp, Daşoguz welaýatynda oňa awgustyň 29-da girişiler.

Pagta ýygymy başlamazdan ozal talap hem belli edildi, yagny bu ýyl daýhanlardan jemi 1 million109 muň tonna pagta garaşylýar. “Turkmenistan.ru” internet gazetiniň hökümet çeşmelerine salgylanyp ýaýradan habaryna görä, bu planyň 234 müň tonnasy heniz pagta ýygymyna başlamadyk Daşoguz welaýatyndan tabşyrylmaly.

Görkezmeler we tamalar takyk bolansoň, planyň dolmagy ýerli häkimler üçin möhüm, sebabi plan dolmasa, “küýze”, umuman aýdylanda, ilkinji nobatda häkimiň kellesinde döwülýär, şonuň üçin häkimler diňe daýhanlara bil baglaman, özlerine tabyn edara-kärhanalaryň-da işgärlerini pagta meýdanlaryna sürýärler.

Çykalgasyz çykalgalar…

Şeýlelikde, iki aýagy bir gonja salnan býujet we hojalyk hasaplaşykdaky döwlet edaralaryň işgärlerine bu ýagdaýda meseläniň çözgüdi üçin diňe üç sany mümkinçilik galyar.

Birinji çözgüt – pagta ýygmaga ýorgan-düşegiňi we azyk-owkadyňy alyp, özüň gep-gürrüňsiz gitmek. Ikinji çözgüt – haýsydyr bir sebäp bilen özüň gidip bilmeseň, öž ornuňa hakyna adam tutup, ony pagta ugratmak. Eger bu çykalgalaryň hem hiç birini halamasaň, onda üçünji çözgüt galýar, olam işden gitmek baradaky arzaňy ýazmak.

“Ýaşamaga, ýuwunmaga, iýmitlenmäge hiç hili şerti bolmadyk uzak ýerlerdäki daýhan birleşiklerine gideniňden ýa-da işden gitmek barada arzaňy ýazanyňdan, elbetde, ornuňa adam tutup, oňa pul töläniň amatly ahyry” diýip, Daşoguz şäherindäki pagta ýagyny işläp çykarýan kärhananyň hünärmeni äýdýar.

Ýagdaýa begenýänler

Pagta ýygym möwsüminiň başlamagy köpleri alada göýsa, ol käbir işsiz adamlary begedirýär. Nepes atly 26 ýaşly ýigit hem şeýle adamlardan biri. Ol indi 5 ýyl bäri pagta ýygymyna gatnaşýar. Nepesi şaheriň welaýat gaz üpjünçilik edarasynyň işgarleri hakyna hakyna tutup, öz orunlaryna pagta ugradýarlar.

Geçen ýyl Nepes özüniň gündelik zähmet hakyny 10 manat diýip kesgitläpdir. Şeýlelik bilen, ol geçen ýygym möwşuminiň 3 aýynda köne puldan 6 million manada golaý pul gazanypdyr. Şonuň 4.5 million manadyny gaz edaranyň işgärleri hakyna tutma işgäriň haky görnüşinde töläpdirler, galan puly bolsa ol kärendeçiden ýygan pagtasy üçin alypdyr.

“Bu ýyl, nesip bolsa, özümiň gündelik nyrhymy birneme galdyraryn. Ony täze puldan 15 manada çykararyn” diýip, Nepes gaty ynamly gürleýar.

Nepesiň beýle ynamly gürlemeginiň sebäbi bar. Ol öz müşderilerini hiç haçan ýüň sakgal etmändir, beýleki hakyna tutulýanlaryň käbirleri ýaly ol pagta meýdanyndan gaçyp gaýtmandyr. Ol ýerde arak içip bozgakçylyk hem etmändir. Umuman, Nepes özüni hakyna tutan adamlara hiç hili “gep getirmändir”.

Hakyna tutaňda-da, bagtyň çüwmeli

Özüni Sapargül diýip tanadan, şäheriň bir saglyk öýünde şepagat uýasy bolup işleýän zenanyň aýtmagyna görä, gowy hakyna tutma adam tapyp, ony öz ornuňa pagta ugratmaklyk belli bir derejede maňlaýyň çüwmegini talap edýän zat. Köp adamlar çem geleni hakyna tutup, soň azara galýarlar.

“Geçen ýyl meniň çagam keselledi, özum şol sebäpden pagta gidip bilmedim, onsoň, her gününe täze puldan 6 manat töläp, hakyna adam tutdym. Oňa bir aýyň hakyny öňünden töledim, jemi 180 manat berdim. Meniň hakyna tutan adamym arakhor bolup çykdy. Ol biri bilen ol ýerde urşupdyr, polisiýa getirilipdir. Şeýlelikde, meniň pulumam köýdi, özümem bir giden gepe galdym. Bu ýyl, gymmat hem bolsa-da, ynamlyrak adamy tapmaly” diýip, Sapargül gürrüň berýär.

Sapargülüň aýtmagyna görä, şäheriň mugallymlary, lukmanlary, kitaphanaçylary, beýleki býujet işgärleri her ýyl pagta ýygym möwsüminde öz alýan aýlyklarynyň tas üçden bir bölegini hakyna tutulýan pagta ýygyjylara bermeli bolýarlar.

“Mekdep okuwçylaryna pagta ýygdyrtmaklyk gadagan edilensoň, pagta ýygym möwsüminiň bar azaby biziň boýnumyza düşdi duruberdi. Hany ol prezidentiň satyn alyp, daýhanlara peşgeş berdi diýlen gymmatbaha pagta ýygýan maşynlary? Aslynda, hasyly ony ýetişdiren daýhanlar ýygnamaly dälmi?” diýip, sepagat uýasy Sapargül bu ýagdaýa öz nägilelgini bildirýär.

Kerim Artykow türkmenistanly garaşsyz synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.