Lebapda çagalar pagta ýygýarlar

Ýerli ýaşaýjylar şeýle ýagdaýyň ýyllar boýy gaýtalanýanlygyny, ene-atalaryň öz çagalaryny ýany bilen äkidip, pagta ýygdyrýan halatlarynyň hem seýrek däldigini gürrüň berýärler.

Türkmenistanda dabaraly ýagdaýda pagta ýygym kampaniýasy başlandy. Resmi maglumatlarda 22-nji awgustda Daşoguzdan başga ähli welaýatlarda daýhanlaryň pagta meýdanlaryna çykanlygy habar berildi. Emma şu günler pagtaçylaryň arasynda ýetginjekleri we kiçi ýaşly çagalary hem görmek mümkin. Şol bir wagtda-da çaga zähmeti Türkmenistanda kanun taýdan gadagan edilýär.
Şu günler Türkmenistanyň pagta meýdanlaryna çykyp, pagta ýygýanlaryň arasynda ýetginjekler we hatda çagalar hem duş gelýär.

Türkmenistanda pagta ýygymynda mekdep okuwçylarynyň zähmetini ulanmak boýunça sowet döwründen galan tejribe 2005-nji ýylda kabul edilen ýörite kanun esasynda resmi derejede gadagan edilipdi.

Muňa garamazdan, çagalara pagta ýygdyrylmagynyň ýurtda dowam etdirilýänligini we, adatça, okuw ýyly başlananda-da, çagalaryň okuwdan soň ýarym günläp pagta ýygýandyklaryny ýerli ýaşaýjylar gürrüň berýärler. Olaryň biri Lebap welaýatyndan 14 ýaşly Aýdogdy, ýerli habarçymyz bilen söhbetdeş bolup, pagta ýygymyna pul gazanmak üçin mümkinçilik hökmünde garaýanlygyny gürrüň berdi.

Aýdogdy okuwçylar üçin pul gazanmaga mümkinçilikleriň azdygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, gününe 50 kilogram pagta ýygyp, 10 manat gazanyp bolýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan çagalar özlerine geýim we okuwa zerur zatlary satyn almak üçin işleýändiklerini aýtdylar.

Ýerli ýaşaýjylar şeýle ýagdaýyň ýyllar boýy gaýtalanýanlygyny, ene-atalaryň öz çagalaryny ýany bilen äkidip, pagta ýygdyrýan halatlarynyň hem seýrek däldigini gürrüň berýärler.

“Her kim, ýagdaýyna görä, çagalarynam äkitmeli bolýar iş meýdanyna, ýygýarlar. Býujetden aýlyk gelip duranok-da hemme kişä. Şonuň üçin çagalaryň hem kömegi gerek diýip, ene-atalar olary ýany bilen äkidýärler” diýip, özüni tanatmadyk söhbetdeşimiz aýtdy.

Şu günki gün Türkmenistanda pagta ýygmakdan başga işleri edýän çagalary, hususan-da, suw we bakja önümlerini satyp, gazanç edýän çagalary hem görmek mümkin.


Lebapda pagtaçylyk

Suratlar: Lebap welaýatynda, 2012-nji ýylyň awgust aýy.

Ýerli synçylar Türkmenistanda çaga zähmetiniň ulanylmagyna, ilkinji nobatda-da çagalaryň pagta ýygmagyna garşy hiç hili reaksiýanyň bildirilmeýänliginiň gynandyrýanlygyny aýdýarlar.

“Geçen ýylda käbir obalarda pagta meýdanlarynda yssydan ýykylyp, keselhanalara düşen adamlaryň bolanlygyny eşitdim” diýip, Lebap welaýatynyň şäherleriniň birinde taksi sürýän Seýit aýtdy.

Ynsan hukuklaryny goraýjy “Türkmen Helsinki fondunyň” ýolbaşçysy Täjigül Begmedowa çaga zähmetiniň ulanylmagy kanunlara ters gelýän bolsa-da, ýurtda 12-15 ýaş aralygyndaky çagalaryň zähmetiniň giňden ulanylmagynyň sebäplerini Türkmenistanda kanunlaryň ýerine ýetirilmegine gözegçilik edýän edaralaryň öz wezipelerini ýerine ýetirmeýänliginden görýär.

2008-nji ýylda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow pagta ýygymda çaga zähmetini ulanýan ýolbaşçylara temmi beriljegini, şeýle-de pagta ýygýan çagalaryň okaýan mekdepleriniň müdirleriniň hem kanunyň öňünde jogap bermeli boljakdygyny yglan edipdi.

Şol döwürden bäri ýurtda çaga zähmetiniň ulanylýanlygy barada resmi maglumatlarda aýdylanok. Türkmenistanyň milli habar serişdelerinde ýurtda çaga zähmetiniň ulanylmagy bilen bagly ýagdaýyň ýüze çykanlygy ýa-da munuň bilen bagly kimdir biriniň jogapkärçilige çekilenligi barada maglumat göze ilenok.