Panaýot Ýewstafewiç Zaharopulo 76 ýaşyndaky, emma ştanga göterip durka-da bir eli bilen hudaýa çokunyp bilýän dag ýaly daýaw adamdy.
Ýöne güýji-de, Gazagystanyň iň möhüm tebigat goraghanalarynyň biriniň goragçysy hökmündäki abraýy-da ony soňky döwürlerde Gazagystany gaplap alan ölüm-ýitimli jenaýatlardan halas edip bilmedi.
Zaharopulo 30 ýyl gowrak wagtdan bäri Gazagystanyň milli Ile-Alatau seýilgähinde baş sakçy bolup işleýärdi. Ol 13-nji awgustda seýilgähdäki öýüniň öňünde öli tapyldy. Ol 26 ýerinden pyçaklanypdyr.
Polisiýa seýilgähiň çäklerinden Zaharopulonyň we onuň aýaly Irinanyň, şeýle-de onuň garyndaşlarynyňdyr kärdeşleriniň 11-siniň jesetlerini tapdy. Maşgalanyň “Niva off-road” kysymly ulagy bolsa jesetlerden biraz uzakda, içi adamsyz, ýöne gan-kok yzly görnüşde tapylypdyr.
Zaharopulonyň ogly Igoryň “Nissan Patrol” kysymly ulagy hem seýilgähiň territoriýasyndaky bir barýere süsdürilen ýagdaýda tapyldy. Ulagyň rolunda gan yzlary bolsa-da, sürüjiniňdir Igoryň soňky ykbalyndan hiç hili gördüm-bildim ýok.
Jesetlerden bäşisi Zaharopulonyň öýünden ep-esli uzaklykda ýerleşýän ikinji sakçynyň öýünde gara-köýük bolan galyndylaryň içinden tapyldy. Jesetler tanap bolmaz ýaly ýanypdyr we pidalaryň kimlerdigi, olaryň doly sanawy entegem anyklaşdyrylanok.
Polisiýa, Igor Zaharopulony tapmansoň, onuň şol wakada rolunyň bolup biljekdigini pikir edip, onuň gözlegine çykdy.
Geň-taň jenaýat
Gazagystanyň garaşsyz "Wremýa" gazetiniň žurnalisti Gennadiý Benditskiýiň aýtmagyna görä, Igoryň ýitirim bolmagy bu geň-taň jenaýat işini hasam çylşyrymlaşdyrýar. Mundan bir ýyl ozal Zaharopulonyň uly ogly Ýewgeniý hem şübheli ýagdaýda öldürilipdi.
Igor bilen Ýewgeniniň maşgala biznesi diýlip atlandyrylýan Ile-Alatawy gorap, kakasy bilen bilelikde işleýändigi, olaryň arasynda dartgynlyk yşaratynyň hiç haçan görülmändigi aýdylýar.
Žurnalist Benditskiniň aýtmagyna görä, Zaharopulonyň öýünde hem-de “Nissan Patrol” maşynynda birnäçe aw tüpeňleriniň bardygyna garamazdan, öldürmelerde pyçagyň ulanylmagy jenaýatyň geň galdyryjy taraplarynyň ýene biridir.
"Onda pyçaklanan ýara yzlary gaty köpdi. Ýaşy bir çaka barandygyna garamazdan, fiziki taýdan gaty güýçli bolan Zaharopulony öldürmek üçin ony örän köp pyçaklamaly bolnana çemeli. Onuň göwresiniň 26 ýerinde pyçaklanan ýara yzlary bar ekeni. Beýlekilerde on sekiz, on, alty we sekiz ýerinde pyçaklanan ýara yzlary bardy. Adatça, adamy öldürmek üçin bir sapar pyçaklamak ýeterlik. Bulary öldürenler, hamana, olary kerçemek islän ýaly bolup görünýändigini aýtsa bolar” diýip, Benditskiý äz pikirini mälim edýär.
Pajyganyň janly tebigat goraghanasynyň jümmüşinde amala aşyrylmagyna Zaharopulonyň bikanun awa garşy alyp barýan tutumly ýerli göreşiniň hem sebäp bolan bolmagynyň mümkindigini aýdýanlar bar.
Ile-Alatau Týan-Şan dagynyň demirgazyk eteginde ýerleşip, ol ýerli ösümlikleriň baý görnüşleriniň mekany hasaplanýar. Şeýle-de ol çigildemiň we pionlaryň seýrek duş gelýän görnüşleriniň, ýitip gitmek howpy abanýan haýwanlaryň, ýagny özboluşly argaly dag goýnunyň, gara leglegiň we gar gaplaňynyň saklanýan goraghanasydyr.
Başga bir waka
Ile-Alataudaky bolan jenaýatlar maý aýynda Almatynyň gündogaryndaky daglyk Gazak-Hytaý araçäginde Arkankergen postunyň daşynda 14 serhetçiniň hem-de bir tokaý sakçysynyň atylyp öldürilmegi baradaky waka bilen hem deňeşdirilýär.
Dolandyryjylar öldürilmeler bilen baglanyşykly şol hadysada diri galan ýeke-täk serhetçi 19 ýaşly Wladislaw Çelahy baş güman edilýän hasapladylar. Bu hadysa we onuň sebäpleri bilen baglanyşykly köp şübheler näbelliligine galýar. Çelah bolsa sülçüler tarapyndan ýenjilendigi we jynsy zorluk bilen gorkuzylandygy barada şikaýat etdi. Ol bu hepde şol agzaýan gynamalar bilen baglanyşykly resmi derňewçiler tarapyndan sorag edildi.
Arkankergen jenaýatlarynyň geň galdyryjy tarapy hakykatda Çelahyň hem Zaharopulo ýaly Gazagystanyň etniki grek azlygynyň agzasy bolmagydyr. Bu hem iki hadysanyň arasynda gönüden-göni baglanyşygyň bardygy hakyndaky çaklamalara ýol açdy.
Şol bir wagtyň özünde-de Içeri işler ministrligi hem-de Benditskiý ýaly synçylar iki jenaýatyň arasynda baglanyşygyň bardygy hakyndaky pikirleri ret edýärler. Şeýle hem 17-nji awgustda Almatynyň çetinde howpsuzlyk güýçleri bilen ýaragly söweşijiler diýilýän toparyň agzalarynyň arasynda bolan çaknaşyklarda dokuz adamyň heläk bolandygy mälim edilipdi.
Prokuratura wakanyň yz ýany bilen eden çykyşynda onuň hem Ile-Alatau wakasy bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny aýtdy.
Ýöne almatyly doktor Turysbekiň aýtmagyna görä, bu adaty bolmadyk dartgynlyklar halky uly howsala goýýar: "Bular ýaly zatlar öň hiç haçan bolanokdy, ýöne häzir bu ýygy-ýygydan bolýar. Edil häzirki pursatda biz näme bolanyny anyk bilemizok. Ýöne häzirki wagtda şular ýaly tragediýalaryň ýygy-ýygydan bolýandygyny göz öňünde tutsak, onuň biziň hukuk goraýjy organlarymyzyň işiniň erbetleşýändigini görkezýändigini aýdyp biljek”.