Rus-gürji söweşi baradaky filmde aýdylýanlar nämäniň alamaty?

Bu filme Medwedewe garşy hüjüm edýän, ýurduň häzirki prezidenti Wladimir Putini bolsa ynamdar lider edip görkezýän propaganda hökmünde garalýar.

Rus-gürji konflikti bilen bagly düşürilen kinofilmde Orsýetiň harby şahsyýetleriniň şol döwürde prezidentlik wezipesini eýelän Dmitriý Medwedewi uruş babatynda wagtynda belli bir karara gelip bilmändigi üçin tankytlamagy Orsýetiň syýasy elitasyny haýran galdyrmagyny dowam etdirýär. Bu filme häzirki wagtda Orsýetiň premýer-ministri wezipesini eýeleýän Medwedewe garşy hüjüm edýän, ýurduň häzirki prezidenti Wladimir Putini bolsa ynamdar lider edip görkezýän propaganda hökmünde garalýar.

Rus-gürji konfliktiniň 4 ýyllygyna gabatlanyp düşürilen hem “Ýitirilen gün” diýlip atlandyrylýan bu filmde şol döwürde Kremlde bolan Medwedewiň hem onuň toparynyň harby operasiýa başlamak baradaky “buýrugy bermäge gorkandygy” görkezilýär. Şol sebäpdenem gürjülere garşy herekete başlamak üçin Pekindäki Olimpiýa oýunlaryna tomaşa etmäge baran, şol döwürde Orsýetiň premýer-ministri wezipesini eýelän Putiniň goşulyşmagynyň zerur bolandygy nygtalýar.

Bäş gün dowam eden bu konfliktden soň Orsýet Gürjüstandan meýletin bölünen Günorta Osetiýanyň hem Abhaziýanyň garaşsyzlygyny ykrar edipdi.

Bu kinofilmde birnäçe harby liderleriň pikirleri, şol sanda 2008-nji ýylyň 8-nji awgustyndaky wakalar barada gürrüň berýän Orsýetiň Baş ştabynyň öňki serkerdebaşysy Ýuriý Baluýewskiniň garaýşy beýan edilýär.

“Ýitirilen gün” kinofilminde, esasan, Medwedewiň karara gelip bilmezligi netijesinde çekilen ýitgileriň köpüsiniň öňi alnyp bilnerdi diýlen pikir öňe sürülýär. Dokumental filmiň bir böleginde şeýle diýilýär: “Filmiň gahrymanlarynyň ählisi düşnüksiz ýagdaýda wagtyň ýitirilendigine şaýatlyk edýärler. Olar wagtynda hereket etmezligiň tragiki netijelere getirendigini aýdýarlar. Şol pursatda ýurduň ýolbaşçylaryndan nämä garaşylýardy? Olar öz abraýy barada alada etmän, daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen kemsidiji konsultasiýalary bes edip, bu ýagdaýy urşuň başlangyjy diýip ykrar edip, asuda ýaşaýjylary hem harbylary goramak baradaky öz borçlaryny ýada salmalydylar. Bu hakykatdan hem ägirt uly döwletiň jogapkärçiliginiň meselesidi”.

Moskwada ýerleşýän Syýasy tehnologiýalar boýunça merkeziň ýolbaşçysy Igor Bunin “RosBalt” habar gullugy bilen söhbetdeşlikde ýurdy dollandyrýan elitanyň içinde Medwedewiň döwründe agdyklyk eden “tandem” baradaky ylalaşygyň galanjasyny ýok etmäge synanyşýan şahslaryň bardygyny öňe sürdi. Ol: “Olar Medwedew garaşsyz hereket edip bilmez ýaly, onuň roluny “tehniki premýer-ministr” derejesine çenli peseltmek isleýärler” diýip belledi.

Moskwadaky Karnegi Merkeziniň analitigi Nikolaý Petrow bolsa, bu meselä Bunin ýaly çuňlaşman, Medwedewiň premýer-ministr hökmünde häzir hem gowşakdygyny aýdýar. Ýöne ol häzir Medwedewiň prezident bolan döwri ýöreden syýasatyna täzeden garalyp, oňa baha berilýändigini öňe sürýär.

“Häzir Medwedewiň, onçakly baý bolmasa-da, galdyran mirasyna gaýtadan garalýandygy aýdyň. Bu filmi köpçülige ýetirmeklik bolsa Medwedewiň bir topar inisiatiwasyny ýatyran parlamentiň hem “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň eden işleriniň dowamydyr”.