Türkmenistanyň “Adalat” gazetiniň ozalky baş redaktory Hudaýberdi Gurbandurdyýew ýedi ýyl bendilikden soň azatlyga goýberildi. Bu barada türkmen metbugatynda hiç zat aýdylmaýar, emma ýerli çeşmeler onuň 1-nji awgustda Aşgabatdaky öýüne gelendigini aýdýarlar.
Žurnalist Hudaýberdi Gurbandurdyýew 2005-nji ýylyň tomsunda, öňki wise-premýer Rejep Saparowa garşy açylan jenaýat işi bilen baglylykda jogapkärçilige çekildi.
Rejep Saparow, 2005-nji ýylyň iýulynda ýaýradylan resmi habara görä, 1 million amerikan dollaryna çenli para almakda we bikanun ýarag saklamakda aýyplanyp, ýapyk sudda 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.
“Adalat” gazetindäki adalatsyzlyk
Şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň telewideniýe arkaly ile ýetirilen sözlerinden çen tutulsa, H. Gurbandurdyýewiň günäsi Ministrler kabinetiniň başlygynyň öňki orunbasary Rejep Saparow bilen duşuşan adama “Adalat” gazetiniň ştatdan daşary habarçysynyň şahadatnamasyny bikanun bermegi bolup durýar.
Prezident Nyýazow Gurbandurdyýewe “gep-gybat etmezligi, onda-munda öýkelän kişi bolmazlygy” tabşyryp, oňa ýolbaşçy işiň berilmejegini, ýöne iş berjekdiklerini hem sözüne goşupdy.
Şol wagt prezident Nyýazowyň žurnalist Gurbandurdyýewe bildiren aýyplamasynyň näderejede hakykata laýyk gelýändigi barada garaşsyz çeşmelerden maglumat alyp bolmandy.
Mundanam başga, döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugaty “Adalat” gazetiniň öňki baş redaktorynyň garşysyna gozgalan jenaýät işi, geçirilen sud seljerişligi, oňa kesilen iş, çykarylan höküm barada hem maglumat bermedi.
Komsomoldan başlanan iş
Hudaýberdi Gurbandurdyýew 1982-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini tamamlap, ilki komsomol işinde işledi. Kärdeşleri onuň žurnalistlik karýerasynyň Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary wezipesinden başlanandygyny, türkmen telewideniýesinde kanunçylyk barada taýýarlanýan ýörite gepleşikleri alyp barandygyny we şol ýerden hem “Adalat” gazetine gelendigini aýdýarlar.
Ýerli çeşmeleriň maglumatyna görä, H. Gurbandurdyýew Mary bilen Tejeniň aralygyndaky Gulanly obasynda sürgünlikde bolup, özüne sud tarapyndan berlen jeza möhletini doly ýerine ýetiripdir.
Ýene bir žurnalist
H. Gurbandurdyýewiň azatlyga çykmazyndan biraz öň, maý aýynda başga-da bir žurnalistiň, Täçmämmet Hürmenowyň hem dört ýyl türme tussaglygyny tamamlap, maşgalasyna gowşandygy aýdylýar.
Hukukçy žurnalist Aşyrguly Baýryýew T. Hürmenowyň türmä basylmazyndan öň Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugynyň direktory bolup işländigini aýtdy. Türkmen metbugaty bu žurnalistiň işi barada hem maglumat bermedi.
Türmede haýsy žurnalistler galdy?
Hukuk goraýjy guramalar häzir Türkmenistanda türmede saklanýan žurnalistler barada alada bildirip, 2002-nji ýylda prezident Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän jenaýat işi bilen ilteşiklilikde azatlykdan mahrum edilen öňki žurnalistler we diplomatlar Boris Şyhmyradow, Serdar Rahymow, Batyr Berdiýew dagynyň işine gaýtadan seredilmegine çagyrýarlar.
Şeýle-de, hukuk toparlary Türkmenistandaky şahsyýet kulty barada dokumental film taýýarlaýan fransuz žurnalistleri bilen hyzmatdaşlyk saklanlaryndan soň, türkmen häkimiýetleri tarapyndan ýykgynçylyk işlerinde aýyplanan Annagurban Amangylyjow, Sapardurdy Hajyýew dagy barada alada bildirýärler.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar