Ýumrulýan jaýlar: gözýaş we gazanç

Häzir Aşgabadyň käbir raýonlarynda ýaşaýyş jaýlary ýumrulýar. Berzeňňiniň daçalary, “Wosmoý”, ”Çyrçyk” raýonlaryndaky ýaşaýyş jaýlarynyň aglabasy eýýäm ýumruldy. Bu ýaşaýyş jaýlarynyň ählisi diýen ýaly tipli howluly ýaşaýyş jaýlarydy.
Ýaşaýyş jaýlary ýumrulýan raýonlarda sökülen jaýlaryň howlularynda şol jaýlardan galan kerpiçleriň, plitalaryň, gapylaryň, penjireleriň we beýleki gurluşyk materiallarynyň örülip, tertipleşdirilip goýlandygyny görmek bolýar. Bu gurluşyk materiallary satylýar.

“Munuň üçin ýumrulmaly edilen ýaşaýyş jaýynyň eýesinden şol ýaşaýyş jaýlar örän arzan bahadan satyn alynýar” diýip, öň ulanylan gurluşyk materiallarynyň söwdasy bilen meşgullanýan 42 ýaşly Öwez gürrüň berýär.

Jaýy ýumrulýan adamlar Öwez ýaly söwdagärleriň tekliplerinden ýüz öwürmeýärler. Berzeňňide ýaşaýyş jaýy bolan pensioner Allaberdi aga hem öz jaýyny Öwez ýaly söwdagärleriň birine satypdyr.

Allaberdi aganyň ýaşaýyş jaýy eýýäm ikinji gezek ýumrulýar. Birnäçe ýyl mundan ozal “Wosmoý” raýonynyň bir bölegi ýumrulanda, Allaberdi aganyň ýaşaýan jaýy hem ýumrulyp, Berzeňňidäki daça ýerlerinden ýer berlipdir.

“Şu jaýymyzy birnäçe ýyllap gurduk. Indi bolsa onuň gurluşyk materiallaryny satmaly bolduk. Başga alaç ýok. Hökümet ýumurýan jaýy üçin kompensasiýa tölänok. Şonuň üçin arzan bahadan satmaly bolýar” diýip, Allaberdi aga aýdýar.

Öwez Berzeňňiň daçalary diýilýän ýerden iki sany ýaşaýyş jaýyny sökmek üçin satyn alypdyr. Ol ýumrulýan jaýlary söküp, gurluşyk materiallaryny satmak bilen 6 ýyl bäri meşgullanýar. Onuň ýaşaýyş jaýlaryny sökmek üçin ýörite hakyna tutulan işgärleri bar.

“Adatça, bir uly jaýy sökmek üçin 5 adam ýeterlik. Bir ýaşaýyş jaýy 3-4 hepde-de sökýärler. Mundan başga-da meniň işgärlerim beýleki ýerlerdäki sökmek üçin satyn alan ýaşaýyş jaýlarymy hem sökýärler” diýip, Öwez gürrüň berýär.

Ýumrulýan jaýlaryň gurluşyk materiallary satylýar


Ýaşaýyş jaýlaryny sökmek bilen meşgullanýanlaryň köpüsi bir wagtda birnäçe ýaşaýyş jaýlaryny satyn alyp sökýärler. Öwez Berzeňňiň daçalaryndaky sökýän iki sany ýaşaýyş jaýynyň üstesine ýene-de Aşgabadyň Çyrçyk diýlip atlandyrylýan ýerinden hem iki sany ýaşaýyş jaýyny sökmek üçin satyn alypdyr.

“Sökülen ýaşaýyş jaýyndan galan gurluşyk materiallary şol ýere gelip satyn alýarlar. Käbirleri bolsa bu gurluşyk materiallaryny welaýatlara äkidýärler. Olar esasan welaýatlardan gelip, jaý sökmek bilen meşgullanýanlar” diýip, Öwez söhbetdeşligi dowam edýär.

Öweziň özi aşgabatly. Emma, onuň aýtmagyna görä, welaýatlardan gelip, jaý sökýänleriň sany ýerlileriňkiden has köp. Onuň bu sözlerini ýaşaýyş jaýlarynyň ýumrulýan raýonlarynda welaýat nomerli awtoulaglaryň köpelýändigi hem tassyklaýar.

Käbir adamlaryň aýtmaklaryna görä, welaýatlarda ýumrulýan ýaşaýyş jaýlardan galan gurluşyk materiallarynyň ýörite satylýan ýerleri hem bar.

“Bir döwür Maryda “Ahalyň gözýaşy” diýen bazaram bar diýýärdiler. Şol bazarlardaky gurluşyk harytlaryň aglabasy Aşgabatdaky ýumrulan ýaşaýyş jaýlaryndan galan gurluşyk materiallary eken” diýip, aşgabatly pensioner Allaberdi aga ýatlaýar.

Emma Öwez söken jaýlaryndan galan gurluşyk materiallarynyň aglabasyny şol jaýyň ýerleşen ýerinde satýandygyny aýdýar. Ol Berzeňňidäki bir ýaşaýyş jaýyny iki hepdäniň içinde söküp, ähli gurluşyk materiallaryny satypdyr.

“Söküp ýetişseň bolýar. Alyjylar gelip dur. Hatda, gurluşyk zibillerini hem äkidýärler. Ony täze guruljak jaýyň fundamenti üçin ulanýarlar” diýip, Öwez aýdýar.

Öweziň satýan “harydyna” müşderileriň isleginiň ýokary bolmagy şol gurluşyk materiallarynyň bahasy bilen bagly.

“Täze gurluşyk materiallarynyň bahasyndan 2-3 esse arzan satýarys. Meselem, bir list täze şiferiň bahasy 30 manat bolsa, biz ony 10 manada satýarys” diýip, Öwez Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Aşgabatda ýaşaýyş jaýlarynyň ýumrulmagy dowam edýär. Bu ýykan-ýumranlykda käbirleri öz ýaşaýan jaýlaryndan mahrum bolýarlar. Käbirleri bolsa gazanç edýärler.