Hususyýetçiler “Altyn Asyra” pul geçirýärler

“Altyn Asyra pul geçir”, “Altyn Asyr denežnyý perewod” diýen ýazgyly noutbuklaryň öňünde oturan ýaş oglana ýa-da ýaş gyza bazaryň her künjünde diýen ýaly duş gelmek bolýar.

Şu günler Lebap welaýatynda islendik bazarda, ululygyna-kiçiligine garamazdan, hatda köp obalarda mobil telefonyň hasabyna pul geçirip bolýar. Ýöne pul geçirmegiň bu görnüşi “Altyn Asyr” mobil hyzmatlary edarasynyň çykaran kartoçkalary arkaly däl-de, hususyýetçiler tarapyndan kompýuteriň üsti bilen amala aşyrylýar.

“Altyn Asyra pul geçir”, “Altyn Asyr denežnyý perewod” diýen ýazgyly noutbuklaryň öňünde oturan ýaş oglana ýa-da ýaş gyza bazaryň her künjünde diýen ýaly duş gelmek bolýar. Bu ýagdaýyň “Altyn Asyryň” edarasynyň öňündäki nobatlaryň sanynyň azalmagyna getirenligini aýdýanlaram bar.

Diňe Türkmenabadyň merkezi bazarynyň içinde takmynan 25-e golaý pul geçirýän bar. Olar eden hyzmaty üçin, adatça, 50 teňňe alýarlar. Pul geçirýänleriň käbirleri edýän hyzmatynyň nyrhlaryny ullakan kagyza ýazyp goýýarlar.

Käbir ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, bu ýagdaý diňe “Altyn Asyr” kärhanasynyň öňündäki nobatlary azaltmak bilen çäklenmän, ýaşlara, hatda mekdebe gatnaýan okuwçylara kanikula çykan häzirki döwründe goşmaça girdeji çeşmesini hem döredýär.

Türkmenabadyň iň uly bazarynda saýawanyň aşagynda özüniň göterme kompýuteri bilen bazara gelenleriň mobil telefonlarynyň hasabyna pul geçirip gazanç edýän Wepa hem ol çagalardan biri.

“Men başinji klasy tamamladym. Menden başga-da klasdaşlarymyň arasynda pul geçirýänlerden dördüsi bar. Olaryň ikisi öz öýüniň golaýynda oturyp işleýärler. Beýlekileri edil meniň ýaly bazarlarda” diýip, 13 ýaşly Wepa aýdýar.

Diňe Türkmenabadyň merkezi bazarynyň içinde takmynan 25-e golaý pul geçirýän bar.

Mobil telefonlaryň hasabyna pul geçirip gazanç edýänleriň ýene biri 32 ýaşly Guwanç özüniň bu iş bilen meşgullanýanlaryň arasynda iň ýaşulusydygyny aýdyp, Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Telefona pul geçirýänler, esasan, ýaşlar. Munuň sebäbini olaryň kompýuterden baş çykaryşynyň uly ýaşdakylaryňkydan tapawutlanýanlygyndan görýärin”.

Onuň aýtmagyna görä, “Altyn Asyr” edaralary şäheriň merkezinde, uly kärhanalaryň golaýynda we başga-da wokzal bilen aeroportlarda bar we ol edaralaryň sany öň ýurtda işlän MTS kompaniýasynyňky bilen deňeşdireniňde iki esse az.

“Üstesine, “Altyn Asyr” edaralaryndaky raýatlara edilýän hyzmat göwnejaý däl. Hasabyna pul geçirmäne barýanlar köp wagtlap nobatlarda durmaly bolýarlar” diýip, Guwanç gürrüň berýär.

Onuň sözlerinden çen tutsaň, “Altyn Asyryň” edara jaýlarynda telefonynyň hasabyna pul geçirmek üçin köp wagtlap nobata durmak islemeýänler 50 teňňeden geçip, hususy pul geçirýänleriň hyzmatyndan peýdalanmagy özleri üçin amatly hasaplaýarlar.

Guwanjyň aýtmagyna görä, kompýuterden biraz baş çykarýan islendik adam pul geçirmegi aňsatlyk bilen başarýar.

“Biz öz nomerimize “Altyn Asyryň” edarasynda bir gezekde 300-500 manat pul geçirdýäris we şol geçirden pulumyzy modeme birikdirilen sim-kartyň we kompýuteriň üsti bilen müşderileriň mobil nomerleriniň hasabyna geçirýäris. Müşderiler hasabyna bir gezekde 5-10, 20 manatdan kän geçirdenoklar” diýip, Türkmenabadyň “Dünýä bazarynda” ”Altyn Asyr” mobil nomerleriniň hasabyna pul geçirip gazanç edýän Guwanç aýdýar.

Azatlyk Radiosy söhbetdeş bolan mobil telefonyň hasabyna pul geçirýänleriň ählisi diýen ýaly göterme kompýuterleri, noutbuklary ulanýarlar. Munuň şebäbini olar beýle kompýuterleriň bu iş üçin has amatlydygy bilen düşündirýärler.

Käbir ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, bu ýagdaý kanikula çykan ýaşlara goşmaça girdeji çeşmesini, ýaşy bir çaka ýeten ildeşlerimiz üçinem dürli amatlyklary döredýär. Şol bir wagtyň özünde-de munuň “Altyn Asyr” mobil kärhanasynyň döwrüň talabyny ödap bilmeýänligini görkezýändigini aýdýanlaram bar.