Trans-Aşgabat Daşoguz otlusyna isleg az

Daşoguz şäheriniň wokzaly, 2012-nji ýyl.

Daşoguz welaýatynyň merkezi şäheri Daşoguzda Soýuz döwründe gurlan we garaşsyzlyk ýyllarynda doly bejerilen wokzaldan her gün iki sany otly ugraýar we iki sany otly wokzala gelýär.

Wokzalyň içinde we daş-töwereginde ýek-tük adam bar diýäýmeseň, umuman aýdylanda, ýurduň beýleki uly şäherlerinde ýerleşýän wokzallar bilen deňeşdirilende, bu taýda adam az. Munuň sebäbini daşoguzlylar wokzaldan ugraýan otlularyň sanynyň azlygy hem-de uzak ýola otluda sýyahat etmegiň amatsyzlygy bilen düşündirýärler.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, köp ýyllardan bäri daşoguzlylar otly bilen ýurduň beýleki şäherlerine diňe paýtagt Aşgabadyň üsti bilen gidip bilýärler. Netijede otly bilen syýahat etmek, arzan bolsa-da, o diýen amatly bolmaýar.

Daşoguz-Aşgabat otlusynyň ýolagçylaryndan biri Semender aganyň aýtmagyna görä, Daşoguzlylaryň otla bolan höwesiniň azlygynyň başga bir sebäbem onuň tizligi bilen bagly.

“Men öň köp gezek şu otly bilen paýtagta gidipdim. Bu otlynyň tizligi kä ýerlerde sagatda 30 kilometre-de ýetenok. Onda içiň gysaýsa, haýal ýöreýän mahaly otludan ýere düşüp arkaýyn pyýada ýöräp, ýene-de münüp gitseň-de bolýar” diýip, Daşoguz wokzalynda 11:15-de ugraýan otla garaşyp otyran, Aşgabada barýan Semender aga aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, paýtagt Aşgabat bilen Daşoguz aralygyndaky demir ýoluň gurlanyna diňe 6 ýyldan gowrak wagt geçen hem bolsa, eýýäm köp ýerlerini gum örtüpdir we käbir ýerleri hatardan çykypdyr.

“Otlynyň haýal ýöreýänligi sebäpli-de daşoguzlylaryň köpüsi Aşgabada we beýleki ýerlere takside gitmegi özleri üçin amatly bilýärler. Şol sebäpden-de Daşoguzyň wokzalynda adam az” diýip, Semender aga aýdýar.

Ýurduň beýleki uly şäherlerinde ýerleşýän wokzallar bilen deňeşdirilende, Daşoguzda adam az.

Ýurduň beýleki uly şäherleriniň wokzallaryndan Daşoguz şäheriniň wokzalynyň ýene bir tapawudy ondaky bilet üpjünçiligi bilen bagly. Otla garaşyp oturan beýleki bir ýolagçy könürgençli Gülzadanyň aýtmagyna görä, “oglanlar goşun gullugyna çagyrylanda, ýa-da ýokary okuw jaýlarynda giriş egzamenleri döwründe bolaýmasa, wokzalda islän wagtyň otla bilet tapyp bolýar”.

Emma Daşoguzyň wokzaly mydama beýle gum-gukluk bolmandyr. Gülzada daýza Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde, wokzalyň köp adamly bolan döwürlerini ýatlap geçdi.

“Soýuz döwründe bu wokzalda ýolagçy kändi. Ol döwürler bu wokzalyň üsti bilen Özbegistanyň Horezm welaýatyna, onuň üsti bilen Garagalpagystana, ondan soň Gazagystana, Gazagystanyň üsti bilen Orsýetiň paýtagty Moskwa aralyklara otlular gatnaýardy” diýip, Gülzada aýdýar.

Emma garaşsyzlykdan soňra, Özbegistan bilen Türkmenistanyň serhedi berkidilip, öňki gatnaýan otlularyň hemmesiniň diýen ýaly gatnawy ýatyryldy.

Diňe daşary ýurtlara däl, hatda şu günler Daşoguzdan goňşy welaýatlara gitjegem bolsaň, ilki bilen paýtagt Aşgabada baryp, soň ol ýerden ýurduň beýleki künjeklerine, şol sanda goňşy Balkana we Lebaba baryp bolýar.

Onsoň edil häzirki döwürde, Daşoguz şäheriniň kaşaň wokzaly bilen deňeşdirilende, onuň gapdalynda ýerleşýän açyk meýdandaky taksi duralgasynyň müşderileriniň sany has agdyk bolup görünýär.