Meniň gyrgyz tejribäm

Ýazylmadyk düzgün esasynda geýnen türkmen studentleri.

Men orta mekdebi gutaryp, 2003-nji ýylda Ulag we Aragatnaşyk institutyna resminamalarymy tabşyrdym.

Türkmenistanda geýim-eşik we daşky sypat barada girizilen ýazylmadyk düzgünleri bozup, gara balakdyr ak köýnegiň deregine şorty we T-köýnek geýip, men institutyň işiginde peýda boldum. Institutyň wekilleriniň biri maňa: “Inim, bu sypatyň bilen okuwa girseň näbileýin-dä” diýip, kellesini ýaýkady.

Ýoluma nur saçan habar

Şol günler halkara bilim boýunça Amerikan geňeşiniň Aşgabatdaky edarasyndan Gyrgyzystanda ýerleşýän Amerikan Uniwersitetine türkmenistanly ýaşlaryň kabul edilýandigi, üstesine-de okuwa kabul edilenlere stipendiýa berilýändigi barada maglumat peýda boldy.

Men oýlanyp, ýekeje minut hem ýitirmedim, dessine diýilýän gurama telefon edip, okuwa girmegiň şertlerini anykladym. Giriş synaglary diňe meniň iňlis dilini nä derejede bilýänligimi anyklaýan TOEFL testinden hemem öz saýlap alan ugrumdan telefon arkaly dil üsti bilen berilýan interwýudan ybarat boldy.

Bir aýdan soň halkara bilim boýunça Amerikan geňeşinden “sen okuwa kabul edildiň, okuw harjyny doly möçberde töleýan stipendiýa mynasyp bolduň’’ diýlen hoş habar geldi.

Amerikanyň bilim ulgamyna laýyklykda, meniň Gyrgyzystandaky okuwym awgust aýynyň ortasynda başlandy. Okuw dersleri esasan iňlis dilinde okadylansoň, men ilki bilen öz iňlis dili boýunça bilim derejämi has galdyrmaly boldum.

Bir okuw ýylynyň dowamynda bu ugurdan gaýrat görkezdim, netijede meniň dil bilşim ýetmeli derejelere ýetdi, bu bolsa öz gezeginde talyplar üçin niýetlenen alyş-çalyş programma gatnaşyp, ABŞ-nyň ýokary okuw mekdepleriniň birinde okamaga mümkinçilik döretdi.

ABŞ-daky okuwym maňa goşmaça kop zatlary berdi, meniň gözýetimimi has artdyrdy, Bişkekdäki okuwymy üstünlikli tamamlamaga, daşary ýurt kompaniýalaryň birinde işlemäge, soňra bolsa ýene-de okuwymy dowam etdirmäge uly ýardam etdi.

ÝHHG-niň Gyrgyzystandaky Akademiýasy

Bu Akademiýa birinji ýokary bilimi bar bolanlary magistratura programmasyna kabul edýär. Ol programma diňe bir ugur, ýagny Merkezi Aziýa sebitindäki syýasatçylygy öwrenmeklik ugry boýunça bilim bermekligi göz öňünde tutýar.

Magistratura okuw möhleti bir ýarym ýyl. Men ÝHHG-niň Akademiýasyna Merkezi Aziýadaky Amerikan Uniwerstitetiniň diplomyny alanymdan soň okuwa girdim.

Akademiýada okuw hemme talyplar üçin mugt, üstesine olara stipendiýa we jaý kireýi üçin goşmaça pul hemaýaty hem berilýär.

Mugallymlaryň aglabasy günbatar Ýewropadan gelen ýokary derejeli hünärmenler. Okuw iňlis dilinde okadylýar. Birinji semestrde talyplar hökmany suratda umumy sapaklary okamaly bolýarlar. Olaryň arasynda “Halkara deňeşdiriji syýasat”, “Iňlis dili”, “Gözleg usullary” we şuňa meňzeş ugurlar bar.

Ikinji semestrde bolsa her student özüniň saýlap alan sapaklary boýunça okamak mümkinçiligini alýar. Men “Syýasat we Yslam”, “Syýasy ykdysadyýet” ýaly ugurlary saýladym we şu ugurlardan çuň bilim aldym. Esasy sapaklardan başga, Akademiýada studentleriň okamaklygy hökmany edilen birnäçe gysga möhletli kurslaryň bardygyny hem aýtmak zerur.

Eger studentiň okuwda gazanan netijeleri has gowy bolsa, onda ýylyň ahyrynda Akademiýanyň mugallymlary ol studente özüniň tomusky praktikasyny daşary ýurtlarda geçmäge mümkinçilik hödürleýärler. Meselem, okuwda tapawutlanan talyplar ÝHHG-niň Wena şäherindäki baş edarasynda ýa-da Norwegiýanyň Oslodaky Daşary Işler Institutynda iş tejribesini artdyryp bilýärler. Seýle mümkinçilikleriň birinden peýdalanmak maňa-da miýesser etdi.

Praktika geçýän döwründe student öz saýlap alan temasyndan 60 sahypadan ybarat bolan ylmy iş ýazmaly we soňra ol öz işini oktýabr aýynda mugallymlaryň öňünde goramaly.

Akademiýaň diňleýjisiniň umumy okuwyna ýazan işini goraýşynyň netijesi boýunça baha berilýär. Oktýabr aýynyň ahyrynda bolsa oňa diplom gowşurulýar.

Diplomymyň erbet taraplary

Umuman aýdanymda, okuwymyň we elime alan diplomumyň erbet we gowy taraplary bar. Erbet aýratynlyklaryň biri – Türkmenistanda ÝHHG-niň beren diplomy aňsatlyk bilen kabul edilenok. Daşary ýurtlaryň ähli diplomlary Türkmenistanda ykrar edilmäge degişli bolsa-da, Türkmenistan ÝHHG-niň agzasy bolsa-da, biziň ýurdumyz ol abraýly halkara guramasyna degişli bolan ýokary okuw jaýynyň diplomlaryny, nämüçindir, ykrar edenok.

Meniň bilen bile okan, okuwyndan soň Türkmenistana uly umytlar we päk arzuwlar bilen dolanyp baran oglanlar we gyzlar özleriniň diplomlaryny ykrar etdirmekde, haýsydyr bir döwlet edarasyna işe girjek bolanlarynda gaty kösendiler. Baryndan beteri, olaryň käbiri Gyrgyzstanda bilim alanlygy üçin 2009-njy ýylda “gara sanawa” düşdi, ýurduň çaginden çykarylmady.

Ikinji bir erbet tarapy – “Syýasatçylyk” ugrundan okanlara biziň ýurdumyzda isleg ýok. Bu hünär boýunça bir ýerlere işe girmeklik asla mümkin däl. Şol bir wagtyň özünde-de, Türkmenistanyň prezidentiniň diwany, ýurduň Ministrler Kabineti, Daşary işler ministrligi, pudak edaralarynyň halkara bölümleri, Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Milli Demokratiýa we adam hukuklary instituty ýaly edaralarda, meniň pikirimçe, syýasaty oňat bilýän, bu ugurdan dunýä ülňülerine laýyk gelýän derejede bilimi bolan hünärmenler häzirki döwürde howa ýaly gerek.

Diplomymyň gowy taraplary

Emma diplomyň amatly taraplary onuň ýaramaz taraplaryndan has köp. Türkmenistandan başga ýerlerde, dünýäniň köp ýurdunda halkara gurama bolsun ýa-da daşary ýurt hökümeti – tapawudy ýok, ÝHHG-niň Akademiýasyny tamamlan ýaşlar özlerine iş tapyp bilýärler.

Men muny öz mysalymda hem aýdyp biljek. Men entek okuwymy gutarmankam bir abraýly we tanymal halkara guramasyndan iş teklibini aldym. Men hödürlenen wezipäniň, iş sertleriniň we beýleki amatlyklaryň özümi doly kanagatlandyrýandygyny aýdyp, razyçylygymy berdim we häzirki wagtda şol guramada işleýärin.

Kimdir biriniň maňa: “Türkmenistana gaýdasyň gelýärmi?” diýmegi mümkin. Men bu soraga “Hawa, gelýär! Eger meniň bilimim, ukybym, şu wagta çenli toplan iş tejribäm Watanyma bir gün gerek bolaýsa, men şol günüň özünde yzyma dolanaryn” diýerdim.

Şatlyk Öwezow türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Blogdaky maglumatlar awtoryň özüne degişli.