Giň kompleksde turistler topar-topar bolup aýlanyşyp ýörler. Arhitektura täsinliklerini, ýokary tehnologiýa muzeýlerini baryp görmek üçin howlukma ýa gyssanma ýok. Ýoldaky kaşaň restoranlarda nahar edinip hem bolýar.
Bu ýeri Zollwerein Kömür-magdan senagat kompleksi. Günbatar Germaniýanyň birçak poslap ýatan bu kömür we polat-senagat merkeziniň şekiliniň üýtgedilmegi adamlarda ýagty, al-ýaşyl ykdysady geljege umyt döretdi.
1930-njy ýyllarda meşhur 12-nji şahtasy açylanda Gemaniýanyň Ruhr regionyndaky Essen şaherinde ýerleşýän bu kompleks Ýewropada iň uly kömür känine öwrülipdi. Ýöne onuň gülläp ösen döwri uzaga çekmedi. Magdanyň ömri tamamlanansoň, ykdysadyýet çöküp, işsizlik geldi.
Bir mahallar dünýäniň iň owadan kömür käni bolan Zollwerein ahyrsoňy Esseniň iň soňky kömür käni bolup galdy.
Essen şäheriniň planlaşdyryş edarasynyň başlygy Hans-Ýürgen Best bu känden altyn alyp boljakdygyny öňünden görenleriň biri.
Ol Zollwereini täzeden dikeltmegi Orta asyrlardan galan galalary dargatman saklamak üçin edilen tagallalara deňeýär: "Zollwerein biziň senagat galamyz diýip men hemişe aýdýaryn".
2001-nji ýylda Zollwereiniň ÝUNESKO-nyň Dünýä mirasynyň hataryna girizilmegine hem şular ýaly pikirler sebäp boldy. Ýöne regionyň derejesini göteren zat diňe bu abraýly sanawa goşulmak däl.
Zollwerein 2011-nji ýylda bir milliondan gowrak turisti özüne çekmek bilen, ýerli hökümetdir dürli medeni guramalar tarapyndan goýlan 215 million dollara golaý maýany özleşdirmäge hukuk gazandy. Ol indi beýleki senagat regionlaryna nusga edinere bir mysala öwrüldi.
Bu ýerlerde ownuk hyzmat merkezleri döredi. Ýerli uniwersitet özüniň konstruksiýa merkezini Zollwereine göçürmegi planlaşdyrýar. Maýa goýujylaryň biri-de özüniň bu ýerde bir myhmanhananyň gurluşygyny maliýeleşdirme planynyň bardygyny aýtdy.
Gurluşykçy Stefan Konrad bu gamgyn ýadygärlik bolmaly zat indi tranformasiýa, ýagny özgeriş ýadygärligi boldy diýýär: "Bu ýerde köp durmuşlar ösüp gelýär, ykdysady durmuş, medeni durmuş, konstruktorlar, sungatçylar, muzeýler durmuşy".
Germaniýanyň iň uly magdan kompaniýasynyň bir şahamçasy bolan R.A.G. Montan Immobilien kompaniýasynyň işgäri Konradyň etmeli işi Ruhr gegionyndaky 12 müň gektarlyk öňki magdan ýerlerini ykdysadyýetň dürli pudaklary üçin özleşdirmek. Konrad golaýdaky şäher bolan Hertende gazanylan üstünliklere salgylanýar. Bu ýerde öňki kömür käni doly ösen söwda seýilbagyna, pajarlap ösýän medeni merkeze öwrüldi.
Ösüş 2018-nji ýylda regionyň iň soňky känleri ýapylandan soň dowam eder. "Biz öz işimize R.A.G. kompaniýasyna degişli ýerlerde 2018-nji ýyldan soň 50 ýyldan hem köpräk wagt gerek bolar diýip çaklaýarys" diýip, Konrad aýdýar.
Aşaklap, pese düşen senagat merkezlerini täzeden dikeltmek üçin pikir gözläp, bu ýere Gündogar Ýewropadan hem wekiller gelipdir.
Üstümizdäki aý Ruhrda geçýän "Goşmaça smena" diýip atlandyrylýan dabara ilkinji gezek Polşanyň we Ukrainanyň magdan regionlary-da gatnaşýar.
30-nji iýunda geçýän "Senagat medeniýet gijesine" geljek tursitlere gyzykly dürli şagalaňlar garaşýar.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar