Daşoguzda agyz suwy biznesi gülleýär

Daşoguzda arassalanan agyz suwuny satýan dükanlaryň biri, 2012-nji ýyl.

Türkmenistanyň demirgazygyndaky Daşoguz şäherinde arassalanan agyz suwy biznesi gülleýär. Şäherde öň birki ýerde plastik gaplara guýlup satylýan arassa agyz suwy öndürilýän ýer bolan bolsa, häzir şeýle dükanlarynyň 6-7-siniň bardygyny daşoguzlylar aýdýarlar.

“Şäherdäki suw geçirijilerdäki suwuň hili juda pes. Ony düýbünden içmeli däl. Ol suw şor we posly. Şu günler daşoguzlylaryň aglaba bölegi hususyýetçiler tarapyndan arassalanyp satylýan suwy satyn alyp içýärler” diýip, Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, 48 ýaşly Haýytbaý gürrüň berýär.

Onuň bellemegine görä, şäherde indi suwy arassalaýan enjamyň näçesiniň bardygyny anyk aýdyp bolanok. Käbir baý maşgalalaryň, suw satmasa-da, suw arassalaýjy enjamy öz maşgalasy üçin edinýänleri hem bar.

“Arassa suwuň 5 litri 80 teňňe. Ýöne baha suwuň transportirowkasyna we alynýan mukdaryna-da bagly bolýar. Eger suw satylýan ýerden özüň baryp köp mukdarda suw alsaň, has arzan bahadan hem alyp bilýäň” diýip, Haýytbaý aýdýar.

Daşoguz şäheriniň başga bir ýaşaýjysy Şerip şäherde suw geçirijiden berilýän suwy gaýnadyp içýänleriň-de, şol durşuna içýänleriň-de bardygyny aýdýar: “Arassalanan suw hemme ýerde elýeterli däl. Mysal üçin, bir ýerik gitseň, ýanyňda plastik gapda suw alyp gidýäň. Olam tomsuň günlerinde çalt gutarýar. Suw bermek sogap bolany üçin ýanyňdakylara-da hödürleýäň. Şol ýagdaýda suw geçirijidäki suwdan hem içilýär”.

Onuň aýtmagyna görä, suw geçirijidäki suwy içip, dürli keseller bilen keselleýänlerem bar: “Kranyň suwundan içip, esasan, içagry bolýanlar bar. Ýöne, esasan, böwregagyryly bolýarlar. Arassalanan suw satýanlaryň köpelmegini men oňlaýan. Sebäbi olar näçe köp bolsa, Daşoguzyň ýaşaýjylarynyň saglygy üçin şonça-da gowy bolar”.

Daşogyz welaýatynyň Tagta etrabynyň Kyrkgyz obasynyň ýaşaýjysy Gülbibi daýza hususyýetçiler tarapyndan arassalanan agyz suwunyň welaýatyň obalaryna-da getirilip satylýandygyny gürrüň berdi. “Her iki günden uly maşynlarda arassa agyz suwy getirilip, obamyzda satylýar. Suw satýanlar maşynyň signalyny işledip, köçeme-köçe aýlanýarlar. Il arasynda distillirlenen suw diýip atlandyrylýan bu suw süýji”.

Emma, ýerli ýaşaýjylaryň sözlerinden çen tutulsa, arassalan agyz suwuny satyn alyp içmäge her kimiň gurby çatanok.

Türkmenistanyň “Ilatly ýerleri arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamasy” hem bar. Bu maksatnamanyň çäginde welaýatlaryň häkimliklerine kiçi göwrümli suw arassalaýjy desgalary gurmaga ýakynda ygtyýar berildi. Desgalar 2012-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga tabşyrylmaly edildi.