Orsýetiň ýerine ýetiriji häkimiýetleriniň regional ýolbaşçylarynyň saýlawlar arkaly bellenmegi baradaky täze kanun 1-nji iýundan öz güýjüne girýär. Tatarystanda bu proses federalizme degişli wajyp meseleler boýunça Moskwa bilen çekeleşikleriň bir bölegine öwrüldi.
Tatarystanyň häzirki prezidenti Rustam Minnihanowyň wezipesiniň möhletiniň dolmagyna ýene 3 ýyla golaý wagt bar. Emma respublikanyň kanun çykaryjylary eýýämden indiki prezidentiň saýlanmagy bilen bagly meseläni maslahat edýärler.
Häzirki wagtda Orsýetiň ähli regionlarynyň parlamentleri ýurduň 83 regionynyň baştutanlaryny saýlamak baradaky täze federal kanuny ýerine ýetirmek bilen başagaý. Orsýetde 1-nji iýundan öz güýjüne girýän täze kanun 8 ýyllyk arakesmeden soň regional ýolbaşçylary saýlawlar arkaly bellemek düzgüniniň dikeldilmegini göz öňünde tutýar.
Tatarystanda bu proses ýurduň beýleki regionlaryna garanda has jedelli geçýär.
Emma Orsýetiň köp regionlarynda jedel häkimiýet başyndaky “Ýedinaýa Rossiýa”, ýagny “Bütewi Orsýet” we beýleki partiýalaryň arasynda gidýän bolsa, Tatarystanda “Bütewi Orsýet” partiýasynyň ýerli bölümi Moskwanyň täsirini gowşadyp, has özbaşdak bolmaga çalyşýar.
Taryhçy Rafael Häkimow Tatarystanyň regional parlamentinde “Bütewi Orsýet” partiýasynyň wekili. Ol ýerli bölüm Moskwanyň edýän her bir talabyny gyşarnyksyz ýerine ýetirjek bolman, öz garaýyşlaryny mälim etmeli we Moskwa doly garaşly bolmaly däl diýip pikir edýär.
28-nji maýda Tatarystanyň parlamenti tarapyndan kabul edilen kanunda ähli dalaşgärleriň syýasy partiýalar tarapyndan bellenmelidigi aýdylýar.
“Bütewi Orsýet” partiýasynyň käbir agzalary has öňünden partiýanyň ýerli bölüminiň dalaşgär saýlamak işinde Moskwa garaşly bolmazlygyny isleýär.
Kanuna laýyklykda, dalaşgärler respublikanyň kanun çykaryjylarynyň azyndan 5%-niň seslerini almaly. Umuman aýdylanda, respublikanyň 34 regionyndan bolan 408 adam dalaşgäri goldap gol çekmeli.
Respublikanyň ýerli kanun çykaryjylarynyň aglaba köpüsi, ýagny 8 müň adam “Bütewi Orsýet” partiýasynyň agzalary, 150 adam “Kommunistik partiýanyň” wekili. Kanun çykaryjylaryň ýene 82-si “Sprawedliwaýa Rossiýa”, ýagny “Adalatly Orsýet” partiýasyna degişli, “Liberal demokratik” partiýanyň we “Ýabloko”, ýagny “Alma” partiýalarynyň hersinden parlamentde bir agza bar.
Tatarystanyň parlamentiniň bu düzümi “Bütewi Orsýet” partiýasynyň dalaşgäriniň has güýçli pozisiýany eýelejegini we bu partiýanyň respublikanyň parlamentindäki täsirini saklap galjagyny aňladýar.
Problemalaryň ýene biri – täze kanun Tatarystanyň prezidentiniň respublikanyň iki resmi dilini hökman bilmegini talap etmeýär.
Prezidentiň tatar we ors dillerini bilmegi Tatarystanyň Konstitusiýasynda göz öňünde tutulsa-da, käbir synçylar bu talabyň täze kanunda agzalmazlygynyň tatarlaryň resmi statusyny gowşadyp biljeginden howatyrlanýarlar.
Tatarystanyň “Kommunistik partiýasynyň” ýolbaşçysy Hafiz Mirgalimow täze kanunda göz öňünde tutulan düzgünler “demokratiýany yza serpikdirýär” diýip hasap edýär.
21-nji iýunda kanun çykaryjylar täze kanuna goşmaçalary girizmek meselesini maslahat etmekçi.
2004-nji ýyla çenli Orsýetiň gubernatorlary we beýleki regional ýolbaşçylar saýlawlar netijesinde bellenipdi. Emma ýurtda yzly-yzyna bolan birnäçe terrorçylykly hüjümlerden soň şol wagtky prezident Wladimir Putin regional ýolbaçylary Moskwadan bellemek düzgünini girizipdi.