Gyrgyzystanly migrant işçi zenanyň birehimlik bilen ýenjilişini görkezýän wideo ýakynda internet älemine ýaýrady. Wideoýazgy Orsýetde edilene meňzeýär. Onda özlerini “gyrgyz watançylary” diýip atlandyrýan bir topar erkek özleriniň missiýasynyň gyrgyz erkeklerinden başga biri bilen gatnaşyk saklaýan gyrgyz zenanlaryny jezalandyrmakdygyny aýdýar. Bu bolup geçen zatlaryň pidasy Azatlyk Radiosyna interwýu berdi.
Ähli hüjümlerden soň şol bir waka şaýat bolýarsyň. Ýalaňaçlanan bir aýal maşgala zordan demini alyp, bulaşyp ýatyr. Onuň daşynda erkekler jemlenip, bulaşyp ýatany depýärler, saçyndan çekip süýreýärler, şeýle-de ol maşgala gargyş baryny ýagdyrýarlar.
Kähalatlarda hüjümçiler gyzyň gaşlaryny syrýarlar ýa-da pyçagy oýnadyp haýbat atýarlar.
Mart aýyndan bäri şular ýaly wideolaryň azyndan bäşisi internetde peýda boldy. Olardaky ezilýän gyrgyz gyzlary Orsýetde işleýän migrantlar ýaly bolup görünýär.
Wideoýazgylaryň awtorlary özlerini “gyrgyz watançylary” diýip atlandyrýarlar. Olar gyrgyz bolmadyk erkek bilen duşuşandygy üçin gyrgyz gyzlaryny jezalandyrýandyklaryny aýdýarlar.
Azatlyk Radiosy hüjüme sezewar edilen bir gyzy tapmagy başardy. 20 ýaşly Aýna geçen ýyl Moskwa tam süpüriji bolup işlemäge gelipdir. Onuň aýtmagynag görä, ol gyrgyz bolmadyk başga bir dostuna el telefony arkaly SMS ugradyp duran mahaly, onuň halaşýan gyrgyz oglany görüpdir.
“Ol meni kemeri bilen ýenjip, maňa agzyna gelenini sögdi. Ol muny öz el telefonyna wideo aldy. Soňundan ol dostlaryna jaň edip, olary şol ýere çagyrdy. Olar meni edil metronyň agzynda ýenjip başladylar. Mundan soň olar meni öz ýaşaýan ýerime äkitdiler” diýip, Aýna gürrüň berdi.
Aýnanyň sözlerine görä, has beter elhençlikler şondan soň başlanypdyr. Öýüň eýesi we onuň beýleki ýaşaýjylary-da gyrgyz migrantlary eken. Olar Aýnany ýenjip başlaýarlar. Wideoýazgyda gyzyň ýerde çabalanyp ýatyşyny, beýlekileriň hem ony urup durşuny synlamak bolýar.
“Olar meni depdiler. Olar meni masgaraladylar. Olar pyçak bilen haýbat atdylar. Men şeýle bir gorkdum welin, etmedik zatlarymam boýun aldym. Bu ýagdaýlarda sen ähli zady unudýarsyň. Men şol ýerde ölermikäm diýip gorkdum” diýip, Aýna aýdýar.
Onuň aýtmagyna görä, hüjümçileriň biri soňundan ony zorlapdyr.
Bu wakalardan soň Aýna Gyrgyzystana gaýdyp gelýär. Ýöne ýene-de gorkusy sebäpli, başdan geçirenlerini hiç kime aýdyp bilmändir. Emma geçen hepdede ol özünde gaýrat tapyp, ýurduň polisiýasyna şikaýat etdi. Ol munuň özi ýalylaryň başyna geljek hüjümleriň öňüni aljakdygyna umyt edýändigini aýdýar.
Onuň şikaýaty esasynda polisiýa hüjümçileriň ýedisiniň şahsyýetini anyklamagy başardy. Şeýle-de Orsýetiň polisiýasyna bu iş boýunça derňew işlerine başlamagy sorap, haýyşnama ugradyldy.
Başga bir zenan hem seslendi
Aýnanyň seslenmegi ejir çeken başga bir gyrgyz zenanynyň hem herekete geçmegine getirdi. Ýaş gyrgyz zenany Sapargül şu hepde Orsýetiň polisiýasyna, Orsýetdäki gyrgyz ilçihanasyna we Azatlyk Radiosyna hat ugradyp, özüniň “watançylar” tarapyndan ýenjilişi barada gürrüň berdi.
Sapargül bu hüjümiň sentýabr aýynda bolup geçendigini aýdýar. Ol öz jorasy bilen Moskwanyň bir kafesinde otyrka, olaryň ýanyna başga bir milletden bolan erkekler golaýlaşýar. Bu ýagdaýy daşyndan synlap oturan gyrgyz oglanlary olary lak atyşýanlykda günäkärläp, gyzlary zor bilen maşyna mündirýärler we çola ýere alyp gidýärler.
Internetde ýaýradylan wideoda oglanlaryň garaňky köçede Sapargüli ýalaňaçlap ýençýändiklerini görmek bolýar. Onuň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, oglanlar ony we jorasyny toga tutup öldürjekdiklerini aýdyp, haýbat atypdyrlar.
“Olar biziň aýaklarymyza kabel oradylar, onuň bir ujuny bolsa maşynyň akumulýatoryna çatdylar. Olaryň aýdan zatlaryny gaýtalap, wideo düşmegimizi talap etdiler” diýip, Sapargül aýdýar. “Olar munuň beýleki gyrgyz gyzlaryna hem sapak boljakdygyny aýtdylar. Bizi yzly-yzyna ýençdiler, ýiti zat bilen endamymyza urdular. Olaryň aýdýan sözlerini kameranyň öňünde gaýtalamasak öldürjekdiklerini aýtdylar”.
Sapargül häzir Moskwada ýeke ýaşaýar, özüne başga bir hüjümiň edilmeginden gorkup gezýär. Ol internetde ýaýradylan wideony Gyrgyzystandaky maşgalasynyň hem görendigini çaklaýar. Ol utanjyndan ýaňa şol wakadan bäri öýündäkiler bilen habarlaşyp bilmeýändigini aýdýar.
Ol hazir derňewleriň netijesine bil baglaýar. Edil Aýna ýaly, Sapargül hem özüne jebir çekdirenler tussag edilýänçä öz durmuşyny gaýtadan gurup bilmejekdigini aýdýar.
Çaklamalara görä, häzir Orsýetde 600 müňe golaý gyrgyz raýaty işleýär. Olaryň 40% çemesi zenanlardyr.