Soňky jaňdan soňky oýlanmalar

TDU-nyň giriş ekzamenleri mahalynda, Aşgabat, 2009-njy ýyl.

Bu günki gün, megerem, orta mekdebi dürli döwürlerde tamamlanlaryň köpüsi häzirki şadyýan uçurymlary görenlerinde özleriniň ýaşlyk döwrüni, köp zatlary okadyp-öwredip terbiýe beren mugallymlaryny, özleriniň ilkinji söýgüsini we beýleki bolup geçen ýakymly, ýatdan çykmajak wakalary ýatlaryna düşürendirler.

Elbetde, başdan geçirilen zatlar meniňem ýadyma düşdi, emma bu şagalaň hiç haçan ýadymdan çykmajak başga bir wakany hem ýadyma saldy. Şol waka orta mekdebi tamamlap, ýokary okuwa girmek üçin başdan geçiren şowsuz tejribäm we onuň mende galdyran hemişelik täsiri bilen bagly.

Aradan dört ýyl geçdi, emma “inim, iň gowusy sen indiki ýyl geläýsene” diýlip berlen jogap henizem ýadymda.

Meniň ýaşlykdan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutyna okuwa girmek arzuwym bardy. Bu arzuw öz gözbaşyny mende öňräkden peýda bolan daşary ýurtlaryň dillerini pugta öwrenmek, ol dilleriň birinde ýa ikisinde erkin gürlemäni başarmak, diliň üsti bilen beýleki halklaryň medeniýetini we taryhyny bilmek islegimden alyp gaýtdy diýsemem boljak. Üstesine-de, meniň üçin dil, edebiýat, taryh ýaly gumanitar ugurlar beýleki takyk ylymlara degişli ugurlardan has ýakyndy.

Emma bu maksada ýetmegiň ýoly şu ugurdan ýokary bilimli bolmakdan we bu ugurda ýokary bilim almagyň ýoly bolsa Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutyndan geçýärdi. Bu institut bolsa, beýleki ähli möhüm edaralar ýaly, paýtagtda ýerleşýärdi.

Orta mekdebi tamamlan beýleki 5-6 klasdaşym bilen bilelikde bizem Aşgabadyň ýoluna düşenimizde ýyl 2008-di. Biziň keýpimiz kökdi, çünki mekdepde okap alan bahalarymyz ýokarydy. Bilimimize, ukybymyza ynamymyz ýetik bolansoň, söhbetdeşligi elimiziň tersi bilen geçjegimize hiç hili şübhämiz ýokdy.

Şunlukda, Aşgabada baranymdan soň birinji işim kelle sokar ýaly ýer tapyp, ertesi gün irden paýtagtyň 30-njy mikroraýonyndaky öňki Ostrowskiý, häzir bolsa “2067”-nji belgi dakylan köçede ýerleşýän Döwletmämmet Azady adyndaky diller institutynyň ýoluny tutmak bolupdy. Menden başga-da baranlaryň az bolmajagyny bilýärdim, şonuň üçin garadaňdan ýola çykdym.

Ir sagat ýedilerde ol ýokary okuw mekdebiniň gapysynyň öňüne baranymda: “Beh, ýurtdaky beýleki institutlaryň we uniwersitetleriň ählisi ýapyldymyka?’’ diýip, dodagymy dişlänim henizem ýadymda. Giriş ekzamenlerini tabşyrmak üçin gapyň agzynda ýygnananlaryň sany kiçiräk futbol stadionyny doldurmaga arkaýyn ýetjekdi, emma şol ýyl bu instituta okuwa täze alynjaklaryň umumy sany 150-180 çemesidi.

Orta mekdepden alan bahalarymyň, ukybyma bolan ynamymyň ýokary bolmagyna garamazdan, bu ýagdaý meni gorkuzmady diýsem ýalan aýtdygym bolar. Şeýlelikde, gorkanym hem başyma geldi.

Şowsuzlygyň ilkinji buşlukçysy

Şol gün Aşgabatda meniň bilen parallel “A” klasda okan obadaşym, S.Nyýazow adyndaky polisiýa akademiýasyna hemme resminamalary tabşyryp ýetişen Baýjana sataşdym. Men oňa Döwletmämmet Azady adyndaky milli dünýä diller institutyna okuwa girmekçidigimi aýtdym. Baýjan meniň bu niýetimi oňlady, meniň bu ugur boýunça düýpli taýýarlyk görýänligim barada eşidendigini aýtdy, soňra bolsa: “Seniň pahanyňam, meniň pahanym ýaly, görmeli adamlary görüp, olar bilen gürleşmeli zatlar hakynda gürleşen bolsa, sen hiç zady gaýgy etme, giriş söhbetdeşligindenem, beýleki synanglardanam geçersiň” diýdi.

Men birbada onuň bu aýdanlaryna düşünmedim. Baýjan aýtmyşlaýyn, meniň pahanym kimi görüp, kim bilen näme hakynda gürleşmelidi? Ýa meniň kakam maňa bildirmän hemme meseläni eýýam çözüp goýdumyka? Bu we beýleki soraglara men jogap tapyp bilmedim.

Özümi dürsänimden soň, “pahanymyň” hiç kimi görmändigini we görjek hem bolmandygyny, okuwa hiç-hili tanyş-bilişsiz we pulsuz, diňe öz baldyr güýjüm we bilimim bilen girmekçi bolýanlygymy aýdanymda, atasy welaýat kazyýetinde uly wezipede işleýän Bayjan başyny ýaýkap, maňa seredip: “Aý, beýle bolsa, men bilmedim-ow, drug, seniň okuwa girmek niýetiň başa baraýsa ne ýagşy” diýdi.

Baýjanyň beýle şübhelenmesi maňa garaşýan şowsuzlygyň ilkinji buşlukçysy ekeni. Ýöne men hemme zada diňe giriş söhbetdeşligi bolan güni aňry ýany bilen düşündim.

“Inim, sen, gowusy, indiki ýyl geläýsene… ”

Ine, ahyry giriş söhbetdeşligi üçin maňa-da nobat sagat 11-den geçensoň ýetdi. Klasa gaty arkaýyn girdim, hiç hili tolgunmadym, çünki synag bermeli ders boýunça men klasymyzyňam, mekdebimiziňem iň güýçli okuwçysy bolup, birnäçe gezek etrap we welaýat derejelerinde geçirilen olimpiadalara-da gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolupdym.

Salamdan soň men söhbetdeşlik geçirýän mugallyma elimdäki kagyzy uzatdym, familiýamy aýtdym. Garşymda oturan mugallym meniň familiýamy gaýtalap-gaýtalap hümmürdedi-de, stoluň aşagyndan bir ýerlerden bir kagyzy çykaryp, ony gözden geçirdi. Diňe şondan soň söhbetdeşlik başlandy.

Ilki mugallym üç sorag berdi, menem ýerime geçip ol soraglaryň hemmesine doly jogap ýazdym. Taýýar bolanymdan soň bilenlerimi we ýazanlarymy mugallyma aýdyp başladym. Mugallym “hä-hawa” diýen manyda ilki meniň jogaplarymy diňlän ýaly boldy. Emma problema institutyň mugallymy öz ýanyndaky birnäçe familiýadan düžülen sanawy gaýtadan gözden geçirensoň başlandy. Ol sanawda meniň adymy, familiýamy tapmadyk bolmaly. Şondan soň ol meniň özüme-de, meniň jan edip gürrüň beren zatlaryma-da bir bada dörän gyzyklanmasyny dolulygyna diýen ýaly ýitirdi oturyberdi.

Ekzamen alýan mugallym goşmaça sorag bilen meni ekzamenden ýykmagyň kül-külüne düşene meňzeýardi. Menem “aý, bolýan bolsa belli-külli bolsyn-laý” diýip, hiç säginmedim. Onuň “goşmaça” diýip beren soragyna-da nagt we takyk jogap gaýtardym. Jogaplarymdan ýekeje-de kemçilik ýa ýalňyş tapyp bilmedik, meni ekzamende ýykmaga hiç bir bahana tapmadyk mugallym şondan soň goşmaça soragynyň üstüne ýene-de sorag baryny berip başlady. Baryndan beteri synaga gatnaşyp, bu bolup duran zatlary gözi bilen görüp, gulagy bilen eşidip oturan beýleki adamlardan ses çykmady. Olar şol wagt hem lal, hem kör hemem kerdi.

Ahyry, ýalňyşmaýan bolsam, onuň beren 13-nji soragynda men birneme sägindim, ýaýdandym. Munuň özi “inim, sen, gowusy, indiki ýyl geläýsene” diýmäne oňa esas boldy duruberdi. Emma soň pikirlenip görsem, mugallymyň maňa beren soňky soragy taryh dersi boýunça mekdep programmasynda asla ýok ekeni.

Girýänler kim, gaýdýanlar kim?

Geň galmaly zat: meniň deň-duşlarymyň arasynda “bularyň kellesinde şygyrdy bar, bularyň okuwa girmegi gaty ahmal” diýenlerimiň ýekejesi-de institutlara girip bilmandirler. Soň görüp otursam, olar ýokary okuw mekdepleri-hä beýle-de dursun, Beki Seýtegiň adyny göterýan Daşoguzyň mugallymçylyk mekdebi ýaly ýörite orta bilim berýän okuw jaýlaryna hem girip bilmändirler.

Meselem, klasdaşym Aýjemal iňlis dilini suw ýaly bilse-de, ABŞ-daky orta mekdepde bir ýyl okap gelse-de, ol Aşgabatdaky dünýä diller institutynyň roman-german diller fakultetiniň iňlis dili bölümine nämüçindir girip bilmedi. Himiýa bilen biologiýa dersleri boýunça mekdep programmasynda göz öňünde tutulanlary bäş barmagy ýaly bilýän Alyşir Daşoguzyň Gurbansoltan eje adyndaky lukmançylyk mekdebine talyp hökmünde kabul edilmedi. Emma, şol bir wagtyň özünde-de, “pahany” welaýat kazyýetinde işleýän Baýjanyň ýakynda ýokary okuw mekdebiniň “gaty kagyzyny” aljakdygyny eşitdim.

Şeýdip, meniň klasdaşlarymyň hemmesi diýen ýaly işsizleriň hataryna goşuldylar, galan Baýjan ýalylar bolsa okuwa girdiler. Menem hyýalymyň Türkmenistanda başa barmajagyna göz ýetirenimden soň, ýokary okuwymy dowam etdirmek üçin daşary ýurduň ýoluny tutdum, abraýly uniwersitetlerden birine girdim, ýakynda hem ýokary baha bilen okuwymy tamamladym, häzir öňümde “indi näme etmeli?” diýen sorag dur.

Prezident soňky döwürlerde ýurtda kadrlar ýetmezçilik edýär diýip, ähli welaýat administrasiýalaryny tankytlap çykdy, şeýle tankytdan paýyny alan ministrliklerem az däl. Biziň ýurdumyz ýokary bilimli spesialistlere, ökde işçi hünärmenlere gaty mätäç. Başgaça aýtsam, ýurda işçi gerek, maňada iş. Ýurduma hyzmat etmek höwesim hem uly, emma bu planyň “ýönesi” bar. Abraýly uniwersitetleriň birinde okuwymy gutardym, häzir diňe diplom däl, elimde hünärimem bar, emma işe girjek bolup ýüz tutanymda, ýokary baha bilen Döwletmämmet Azady adyndaky instituta girjek bolan mahalym meniň bilen söhbetdeş bolan mugallymyň “inim, gowusy, sen indiki ýyl geläýsene” diýen sözi gaýtalanarmyka diýen gorky öňüme atanak çekýär. Diňe men däl, meniň bilen okuwyny tamamlan klasdaşlarymam, kursdaşlarymam şeýle pikirde. Biz çatrykda durus.

Kerim Artykow türkmenistanly garaşsyz synçynyň edebi lakamy. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.