Türkmen esgerleri harby gullugy ýatlanda…

"Harby eşikdäki ofiserler täze gelen esgerleriň gözüni gögerdip, agzy-burnuny ganadyp ýörenlerini görmedige salýan ekenler".

Türkmenistanda harby gulluga çagyryş çäreleriniň dowam edýän häzirki günlerinde edil şu mesele bilen bagly öz başymdan geçen bir waka ýadyma düşdi. Meniň klasdaşym, kiçilikden arkadaşym, syrdaşym Alladurdy baradaky bu waka edil düýnki bolan hadysa ýaly ýadymda…

Resmi ady Alladurdam bolsa, onuň adyny ähli goňsular kiçeldipmi ýa gowy görüpmi, “Allaş” diýip tutýarlar.

Allaş meniň deň-duşlarymyň arasynda iň ýakyn dostum. Ikimiziň ýaşlykdan, birhili, jynymyz alyşyar. Mekdebi tamamlamsoň, men 2008-nji ýylda okuw diýip öýden çykyp gitdim. Özüm ýaly okuwa giden köp boldy. Emma biziň Aşgabada baranymyzdan gaýdanymyz tiz boldy.

Aramyzda mekdebi oňat bahalar bilen tamamlanlar bolsa-da, barymyz güpürdäp yzymyza gaýtdyk. Giriş söhbetdeşligini geçiren mugallymlar, näçe jan etsegem, biziň aýdýanlarymyzy diňlejegem bolmadylar. “Indiki ýyl gelip, bagtyňyzy synap göräýiň” diýip, yzymyza ugratdylar.

2009-njy ýylda men-ä okuw bagtymy synamak üçin daşary ýurtlaryň birine gitdim, şol ýylyň güýzünde-de Allaşy we beýleki 18 ýaşa ýeten oglanlary, saçlaryny syryp, goşun gullugyna äkitdiler.

Gullukdan soňky gyzykly gürrüňler

Iki ýyldan soň, 2011-ň dekabrynda oglanlar armiýadan gaýdyp geldiler. Däp boýunça, goşun gullugyndan aman-sag dolanyp gelen oglanlaryň şanyna olaryň ene-atalary Hudaý ýolyna sadakalar berdiler, molla çagyryp, aýat-töwir galdyrtdylar.

Ilkinji günler goşundan gelen öňki esgerleriň hemme oý-pikirleri, olaryň gürrüňleri diňe armiýada bolup geçen zatlar bilen baglydy. Her kim öz başdan geçirenlerini, gullukda bolan wakalary gyzykly edip gurruň bererdi. Käte harby tema bilen bagly gürrüň tä gijäň bir mahalyna çenli uzardy. Sebäbi dürli-dürli goşunlarda, dürli welaýatlarda we harby birikmelerde gulluk eden oglanlara aýdara-diýere, deňeşdirere zat, gürrüňi ýene-de dowam etmäge mümkinçilik bardy.

Deň-duşlarymyň armiýa hakyndaky gürrüňleri meniň ýaly gullugy görmedige şeýle bir täsir ýetirdi, hatda häli-şindi otursam-tursam gulagym bilen eşidenlerimiň käbirleri şo bada gözümiň öňünde kinolentadaky şekiller ýaly geçip başlaýar. Olaryň arasynda meniň dostum Allaşyň beren gürrüňleri diýseň özboluşly.

Allaş döwletiň serhedini gorady. Ony we ýene 17 sany daşoguzly oglany Garrygala etrabynyň çäginde ýerleşýän, goňşy Eýran bilen araçäkdäki serhet zastawasyna getiripdirler. Şol gün noýabryň 2-si eken. Allaş gullukda geçýän gününi sanap başlapdyr.

Ýekäniň çaňy çykmandyr…

Allaş Garrygaladaky serhet harby birikmesinde bary-ýogy 6 aý bolupdyr. Harbylaryň dilinde bu ilkinji 6 aý ‘‘uçebka” (harby taýýarlyk) diýip atlandyrylýar. Ol döwür okuw-türgenleşik sapaklardan ybarat bolup, ýaş serhetçileri “ýetmeli derejesine” ýetirýän ekenler.

Bu proses günüň dowamynda tükeniksiz, halys haldan düşürýan türgenleşikleri, üstesine ofiserleriň we seržantlaryň kowgusyny we urgusyny-da öz içine alýar. Diňe gijelerine kadaly dynç almaga şert bolaýjak ýalydyr welin, gijelerine-de öňräkden bäri gulluk edýän esgerler täze gelenleri öz “synaglaryndan” geçirip, hezil edýän ekenler.

Kazarmadaky gijeki “synaglaryň” görnüşleri bir ýa iki däl, olaryň sany onlarça. Agşamlyk ofiserler öýli-öýlerine gidenlerinden soň, özlerini “ded” diýip hasaplaýanlar täze gelen “duhlara”, “molodoýlara” oýun baryny görkezýän ekenler. Allaşyň aýtmagyna görä, öň özleri jebir baryny çeken esgerler täze gelenlerden aryny alýan ýaly, olary has beter kemsitjek bolup, täzesinden-täze, beterinden-beter zatlary oýlap tapýardylar.

Allaş özüne göwni ýetensoň hem-de mekdepde okan döwri gündogaryň ýekeme-ýeke göreşleriniň biri bolan karate-kýokuşinkaý seksiýasyna gatnansoň, ilkibada “dedlariň” buýruklaryny äsgermejek bolupdyr, olar bilen jenjelleşipdir, hatda bir “ded” bilen ýaka tutuşyp, urşupdyram.

Birme-bir uruşda Allaş ýumruk we depgi baryny iýipdir, emma ýeňilmändir. Onuň bilen urşan ahally “ded” hem almytyny alypdyr. Şunuň bilen ähli synaglar indi gutarandyr diýip pikir eden Allaşy ertesi gije bäs esger gara gana bulap urupdyrlar... Gözüniň ody alnan beýleki täze gelen esgerleriň ýekeje biri-de Allaşyň tarapynda durmaga milt edip bilmändir.

Zastawanyň komandiri, onuň orunbasary, şahsy düzüm bilen iş alyp barýan uly leýtenant we esgerlere ata ornunda ata, ene ornunda ene bolmaly beýleki harby eşikdäki adamlar täze gelen esgerleriň gözüni gögerdip, agzy-burnuny ganadyp ýörenlerini görmedige salýan ekenler. Ofiserleriň beýle etmesi ýaş esgerleriň aňynda “dedowşina” diýlen wagşylygy adaty bolýan, kanuny bir zat ýaly edip ornaşdyrypdyr.

Allaş we onuň bilen bir çagyryşda gulluga baran oglanlar dişlerini gysyp, “bu gezekli çemçedir, ynha, ölmesek, bize-de çemçe gezegi ýeter, enşalla!” diýip, uçebkanyň her bir gününi sanapjyk geçiripdirler.

Türkmen armiýasyndaky açlyk

Garrygaladaky harby bölüm Allaşyň ýadynda ýene-de bir ýagdaý bilen galypdyr. Ol ýerdäki horlukdanam beter, oňa täsir eden zat açlyk bolupdyr. Garrygaladaky gören açlygy ýaş esgeriň kalbynda müdümilik orun tapdy diýseňem boljak.

Allaşyn sözlerinden çen tutulsa, esgerlere berilýan iýmit aýratyn gürrüňe mynasyp. Soňky wagtlar “esgerleriň iýmiti gowulaşdy” diýlen gürrüňler peýda bolýar. Belki, bu dogrudanam şeýledir, muny inkär etmek islämok. Ýöne hemme harby bölümlerde iýmit gowulaşdy diýmäge-de entek esas ýok yaly.

Gulluk eden esgerleriň aýtmagyna görä, iýmit şäherlerdäki, generallaryň we beýleki gözegçileriň ýýgy-ýygydan baryp durian bölümlerinde, dogrudanam, gowulaşypdyr. Emma uzak ýerlerdäki harby birikmelerde, baryp görmesi aňsat bolmadyk bölümlerde iýmit bilen bagly ýagdaýyň şol öňküligine galýanlygyny, hatda esgerlere degişli azyk önümlerini ogurlap, bazarlarda pula öwürýanleriň-de barlygyny aýdýarlar.

Allaşyň sözüne görä, iň bärkisi çöregiň ýetmezçiligi-de gullukda uly mesele. Sekiz sany işdämen esgere uzak günüň dowamynda 2 buhanka gara çörek berilse, neneňsi aç bolmajak diýsene?! Ýöne çörekden başga-da, esgerlere ertirligine, günortanlygyna we agşamlygyna nahar berilýandir-ä diýen soragyň-da döremegi mümkin. Elbetde, nahar berilýar. Ýöne ol berilýänlere, birinjiden, “nahar” diýmek kyn – onda “ne tagam bar, ne tagsyr” diýleni, ikinjiden, berilýan zatlar jüýjä suw beren ýaly, ondan garnyňy doýurmak mümkin däl.

“Näme diýseňem, biziň bu ýerimiziň halky gowy-laý, biziňkiler esgeri görseler bolany, derrew oňa iýmäge çörekdir odur-budur zadyny hödürleýar, iň bolmanda, bir-iki manat pul berýär. Garrygalada beýle zat ýok, ýerli ilat esgerlere birneme sowuk-sala garaýar” diýip, Allaşyň aýdanlary ýadyma düşüp gidýär.

Dostum Allaş bir gezek harby gullukda hakyky bol-elinçiligiň bolandygyny-da ýatlady we: “Bilýäňmi, bizde bir sapar bol-elinçilik bolupdy, ol güni biziň harby birikmämize hormatly prezidentimiz gelipdi. Şol güni esgerler ömür görmedik zatlaryny gördüler, ömür iýmedigini iýdiler. Dürli görnüşli süýji içgiler diýermiň, hoz, pisse, banan, apelsin diýermiň – hemme zat eliň astynda. Hatda doňdurma-da paýladylar-how bize” diýip, ýatlady.

Kerim Artykow türkmenistanly garaşsyz synçynyň edebi lakamy. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.