Türkmenistanda ýaşap, çeper edebiýat bilen iş salyşýan ýyllarymyz tutuş respublikada bary-ýogy üç sany azyýaran terjimeçi bardy: Durdy Haldurdy, Bäşim Ataýew, Annaly Berdiýew.
Däde Hal ady bilen tanalýan frontçy şahyr Durdy Haldurdy Maýakowskiniň basgançakly poeziýasyny terjime edende, Bäşim Ataýew 1965-nji ýylda Nobel baýragynyn laureaty bolan Mihail Şolohowyň romanyny türkmen diline geçirende, ol eserleriň başga dilde ýazylandygy ýadyňa-da düşmezdi. Maýakowskiý goşgularyny, Şolohow prozasyny türkmençe ýazan ýaly bolup görnerdi.
Döredijilik intelligensiýasynyň içinde Anton ady bilen tanalan, käýarym körzehin şahyrlara gahar edip goşgy ýazanda “Gara Ýolly” diýen edebi tahallusy ulanan Annaly Berdiýewiň Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet drama teatry üçin terjime eden W. Şekspiriň tragediýalaryna tomaşa eden adamlar ol eserleriň ilki inlisçeden rusça, soňra-da rusçadan türkmençä geçirilendigini duýubam barmazdy.
Annaly Berdiýewi ýatlamak, onuň bilen dostlukly geçirilen ençeme ýyly göz önünde täzeden janlandyrmak hem ýakymly, hem jebirli. Ýakymlylygynyň sebäbi – onuň üýtgeşik adamkärçiligi, agrasdan mylaýym, sadadan çylşyrymly häsiýeti, gaty bir gözgiderli derejede oňmadyk şahsy durmuşynda geçirimliligi hem çydamlylygy, hiç haçan hiç ýerde güjeňlemedik sowatlylygy, garaz, sanap aňyrsyna çakardan köp. Jebirliliginiň bary-ýogy bir sebäbi bar, olam uly iliň hormat-sylagyna mynasyp bolan Antonyň aramyzdan bimahal gideni.
Adam bar-ki, ýakynlaşmak aňsat, daşlaşmak ondanam aňsat. Adam bar-ki, ýakynlaşmak kyn, daşlaşmak asla mümkin däl.
Annaly Berdi bu adamlaryň ikinji hilindendi. Onuň sesine bat berip geplänini ýa çepe-saga paýyş söz pytradyp oturanyny gören adam bardyr öýdemok. Kämahal, haýsydyr bir jedeliň üstünde sözi azaşanda, mydama öýkesi taýyn Anton köneje gaýyş päpgesini goltuklap, hoşlaşman öýüne pyýada gaýtsa-da, ertesi işe gelýärkä öňünden çykyp salam bereniňi duýman galýarsyň.
Ýeri gelende ruslaryň bir nakylynda jaýdar belleýşini ýatlasym gelýär: “Özümizde bar zady gorap-saklap bilemzok, ýitiribem aglaýas”.
Bir gezek “Tokmak” žurnalynyň baş hudožnigi Nurmuhammet Berdiýewiň ussahanasynda otyrkak, Anton garaşylmadyk bir gepi orta oklap goýberdi:
– Men ölemde Köşiň baýrynda jaýlaweriň...
– Ýok, gardaş, – diýip, az salym aňk-taňk bolan adamlardan öňürti men dillendim. – Biz seni Köşiň gaýra tarapynda, hökümet sylaglaryna mynasyp bolan şahslaryň ýatan Hormat alleýasynda jaýlarys.
– Men oňa razy däl – diýip, ol çyny bilen garşy çykdy.
– Razyçylygyňy alyp, saňa nika gyýjak bolup duran ýok bärde! Her kese ýetdirmän ýören ýere sen näme garşy çykýan?
– Ol öwlüýäň aşagyndan suw çykýamyş...
– Suw çykanda, seň gark boljak aladaň barmy? Ýatarsyň-da gözüňi çüýjerdip.
Beýle gödek degişmelere ýol beren döwürlerimiz irde-giçde ýeriň ol ujundan çykjagymyzy, ýegre dostumyzyň haýsy gonamçylykda rahat tapanyndan bihabar galjagymyzy kim bilipdir?!
Irde-giçde garyp mekana dolanmak nesibämizde bolsa, başujuna ilki barmaly adamlaryň birem Annaly Berdiýewdir. Köşiň ilersinde bolsaňam, gaýrasynda bolsaňam, rahat ýat, dost. Ýatan ýeriň Jennetiň töri bolsun!