Türkmenistan: paýtagty başagaý edýän ulag dyknyşyklary

Aşgabatly Aşyr: “Prezidentiň awtoulag korteži geçende ýa-da ýokary wezipeli daşary ýurt delegasiýalary gelende, merkezi köçeleriň düýpden ýapylmagy hem problemanyň göwrümini artdyrýar”.

Maşynlaryň dyknyşygy bilen bagly emele gelýän başagaýlyk we goh-gykylyk Aşgabadyň Andalyp köçesinde her gün diýen ýaly ir ertirden gaýtalanýan sahna. Bu diňe Andalyp köçesine mahsus bolman, soňky döwürlerde paýtagtyň käbir beýleki köçelerinde-de duş gelýän hadysa öwrüldi.

Bu ýagdaý şeýle awtoulag dyknyşykly köçelere henizem o diýen öwrenişmedik käbir paýtagtlylar üçin goşmaça kelle agyry döredýär. Ilat sanynyň 700 müň töweregidigi aýdylýan Aşgabadyň medeniýet işgäri Abdy hem awtoulag dyknyşygyndan şikaýat edýän ýaşaýjylardan biri.

Ol: “Meniň işim irden sagat 9-da başlanýar. Ýöne men işe gitmek üçin 8-iň ýarynda öýden çykýaryn. Iş ýerimiň ýerleşýän ýeri öýümden 7 duralga uzaklykda. Aşgabadyň ölçegi boýunça bu uzaklyk o diýen daşam däl. Emma, irdenki awtoulag dyknyşygy ep-esli wagtyňy alýar” diýip, gürrüň berýär.

Muňa näme sebäp bolýar?

Aşgabadyň köçelerinde awtoulag dyknyşygynyň ýa-da, ilat arasynda aýdylyşy ýaly, probkalaryň emele gelmeginiň sebäpleri barada dürli garaýyşlar bar. Aşgabatly taksiçi Meret bu problemany şäherde awtoulaglaryň sanynyň köpelmegi bilen baglanşdyrýar.

Ol: “Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Aşgabada daşary ýurtlardan öň ulanylan awtoulaglaryň müňlerçesi getirildi. Sähelçe gurby çatan adamyň awtoulag edinesi gelýär. Şeýlelikde, elýeter bahadan satylan şol awtoulaglar Aşgabadyň darajyk çola köçelerini doldurdy” diýip, ýagdaý barada öz garaýşyny aýtdy.

Eýsem, maşyn dyknyşygynyň sebäbi diňe awtoulaglaryň sanynyň artmagy bilen baglymyka? Aşgabadyň başga bir ýaşaýjysy Aşyryň aýtmagyna görä, awtoulag dyknyşygynyň emele gelmeginiň başga bir sebäbi hem ýol hereketiniň talabalaýyk kadalaşdyrylmazlygy bilen bagly.

“Elbetde, Aşgabadyň köçeleri häzirki ýol hereketi üçin dar. Emma, köçeleri ýapmaklyk bu ýagdaýy has-da çylşyrymlaşdyrýar. Hususan-da, paýtagtyň merkezi köçeleriniň häli-şindi ýapylyp durulmagy beýleki köçelerde awtoulag gatnawyny çylşyrymlaşdyrýar. Bu bolsa, öz gezeginde, awtoulag dykynlaryny emele getirýär” diýip, Aşyr öz garaýşyny mälim etdi.

“Prezidentiň gatnawam sebäp bolýar”

Aşgabadyň ýaşaýjysy Aşyr ýurduň prezidentiniň awtoulag korteži geçende ýa-da ýokary wezipeli daşary ýurt delegasiýalary gelende, merkezi köçeleriň düýpden ýapylmagynyň hem problemanyň göwrümini artdyrýanlygyny aýdýar.

“Protokol köçe diýlip at alan Türkmenbaşy köçesiniň ‘ýaşuly geçýär’ diýen bahana bilen ýygy-ýygydan ýapylyp durulmagy bilen, şäheriň Andalyp köçesinde şäherde iň uly awtoulag dykyny emele gelýär. Atabaýew köçesiniň Oguz han köşgüniň ýanyndan geçýän böleginiň elmydama ýapylgy bolup galmagy hem golaýdaky beýleki köçeleriň gatnawyna özüniň ýaramaz täsirini ýetirýär” diýip, Aşyr özara söhbetdeşlikde aýtdy.

Aşgabatly awtoulag sürüjisi, 46 ýaşly Kakamyrat hem köçeleriň ýapylmagy zerarly sürüjileriň maşynlary bilen darajyk köçelerde gabalyp galýan halatlarynyň hem bolýanlygyny aýdýar.

Ol: “Seredip otyrýaň welin, şu wagt birnäçe köçe ýapyk. Irden dagy şu Mir köçä çykaňda, aý, sürer ýaly däl. Şofýor bolansoň bilýäň-dä. Eýleki-beýleki köçelerem ýapyk-da. Onsoň, haýsydyr bir köçä dykylyp galaňda, daş töweregiň ýapyk bolansoň, näme, garaz, her kim ondan-mundan gatnajak bolup, çykalga gözleýär” diýip, gürrüň berdi.

Aşgabadyň köçelerindäki ýol hereketiniň ýagdaýy boýunça meseleler ýokary derejeli hökümet maslahatlarynda hem birnäçe gezek gozgalyp, ýurt baştutany bu meseläni çözmek boýunça degişli ýolbaşçylara tabşyryklaram berdi.

Şeýle ýygnaklardan biri hem 23-nji aprelde geçirildi. Şonda prezident Berdimuhamedow, mundan öňki ýygnaklarda bolşy ýaly, ýene bir gezek degişli ýolbaşçylara bu meseläni çözmegi tabşyrdy. Bu tabşyrygyň häzirki ýagdaýa nähili täsir etjekdigi häzirlikçe soraglygyna galýar.