Keselhanada ýatan gazak žurnalisti sud edilýär

Žurnalist Lukpan Ahmedýarow 19-njy aprelde Uralsk şäherinde bäş sany näbelli adam tarapyndan erbet ýenjilenden we pyçaklanandan soň, agyr halda keselhana äkidildi. Uralsk, 19-njy aprel, 2012.

Şu günler Gazagystanyň Uralsk şäher sudunda ýakynda rehimsizlik bilen ýenjilen we pyçaklanan žurnalist Lukpan Ahmedýarowa garşy sud prosesi gidýär.

Bu sud prosesi ýerli çinownikleriň biri Tilekkabyl Imaşewiň arzasynyň esasynda geçirilýär. Welaýat häkimliginde işleýän Imaşew žurnalist Lukpan Ahmedýarowyň ýazan hem “Ural hepdeligi” gazetinde çap edilen makalasynda öz abraýyna şek ýetirilendigini aýdýar.

Welaýat häkimliginde içerki syýasat boýunça bolu başlygy bolup işleýän Tilekkabyl Imaşewiň arzasyna sudda garalyp başlanmazynyň öňýany Gazagystanyň “Ural hepdeligi” gazetiniň žurnalisti Lukpan Ahmedýarow 19-njy aprelde bäş sany näbelli adam tarapyndan erbet ýenjilip, birnäçe gezek pyçaklandy. Ol häzir hem keselhanada ýatyr.

Tilekkabyl Imaşew žurnalist Lukpan Ahmedýarowyň garyndaşparazlyk barada ýazan makalasynda öz abraýyna ýetirilen şek sebäpli ahlak taýdan çeken zyýanynyň öwezini doldurmak üçin, özüne 5 million teňňe (takmynan, 33 müň 330 dollar) möçberinde kompensasiýanyň berilmegini talap edýär.

Suda başlamaly edildi

24-nji aprelde geçirilen birinji sud diňlenişigine “Ural hepdeligi”gazetiniň baş redaktory Tamara Ýeslýamowa we bu gazeti esaslandyran “Žurnalistik inisiatiwa” guramasynyň wekili Pawel Koçetow dagylar gatnaşdylar. Koçetowyň bellemegine görä, sudýa žurnalistiň agyr ýagdaýda keselhanada ýatanlygy barada berlen maglumata garamazdan, sud diňlenişigine başlamagy karar edipdir.

Gazagystanyň jenaýat-prosessual kodeksinde aýyplanýanyň möhüm sebäplere görä suda gelip bilmedik ýagdaýynda, sud diňlenişiginiň geçirilmeýändigi aýdylýar.

19-njy aprelde žurnalist Lukpan Ahmedýarowa garşy amala aşyrylan hüjümiň netijesinde ol 8 ýerinden pyçaklanyp, keselhana ýerleşdirilipdi. Žurnalistiň kärdeşleri bu hüjüme onuň žurnalistik wezipesini ýerine ýetirmeginiň sebäp bolandygyny aýdýarlar. Bu hüjümden öň hem Lukpan Ahmedýarow dürli ýanamalara sezewar edilipdi.

“Žurnalistik inisiatiwa” guramasynyň wekili Pawel Koçetowyň aýtmagyna görä, esasy sud diňlenişigi 27-nji aprele bellenilipdir. Ol Ahmedýarowyň berk graždanlyk pozisiýasyna eýermeginiň, närazylyk mitinglerini gurnamagynyň we dürli tankydy maglumatlary çap etmeginiň şeýle hüjümiň amala aşyrylmagyna sebäp bolandygyny aýdýar.

Lukpan Ahmedýarowyň garyndaşparazlyk barada ýazan we uly dawa döreden makalasynda käbir beýleki gazak resmileriniň-de atlary getirilýär. Ýöne olardan diňe biri – Tilekkabyl Imaşew suda arza bilen ýüzlendi.

Makalada aýdylýanlar dogrumyka?

Bu gürrüňi edilýän makalada Imaşew barada ýazylan maglumatda onuň öň bedenterbiýe mugallymy bolup işländigi, häzir bolsa onuň welaýat häkimliginde içerki syýasat boýunça boluminiň başlygy wezipesini eýeleýändigi aýdyldy. Makalada Tilekkabyl Imaşewiň şeýle wezipäni eýelemeginiň sebäbi onuň Gazagystanyň öňki premýer-ministri Imangali Tasmagambetowyň garyndaşlygy bilen baglanyşdyrylýar

Imaşew “Ural hepdeligi” gazetine bu çap edilen maglumaty inkär etmegi üçin bir aý möhlet berendigini, emma gazetiň redaksiýasynyň özüniň bu aýdanlaryna gulak asmandygyny belleýär. Ol makalada özüniň iş tejribesi, ukyplary hem işe bolan höwesi barada hiç zat aýdylmandygyny nygtaýar.

“Ural hepdeligi”gazetiniň düýbüni tutan “Žurnalistik inisiatiwa” guramasynyň wekili Pawel Koçetow Imaşewiň suda ýüzlenmegini esassyz hasaplaýar. Pawel Koçetow: “Tilekkabyl Imaşew özüniň Tasmagambetowyň garyndaşydygyny inkär etmeýär” diýip nygtaýar.

Bu wakalaryň fonunda bolsa, Gazagystanyň polisiýasy žurnalist Lukpan Ahmedýarowa huliganlaryň hüjüm edendigini aýdýar. Gazagystanda öň ABŞ-nyň ilçisi bolup işlän diplomat Wilýam Kortni bolsa gazak resmileriniň bu aýdanlaryna yananmaýar.

Wilýam Kortni: “Lukpan Ahmedýarowyň urlup-ýenjilmegi bilen bagly waka gorkuzýar hem geň galdyrýar. Lukpan Ahmedýarow häkimiýetler tarapyndan berk basyş edilendigine garamazdan, hemişe adamlaryň azatlyklarynynyň hem mertebesiniň goragyna çykýardy. Elbetde, öňa huliganlar hüjüm etmedi. Men hüjümçileriň käbir resmileriň görkezmesi boýunça hereket edendigine şübhelenmeýärin. Häzirki ýagdaýda halkara derňewiniň geçirilmegi ýerlikli bolardy” diýip nygtady.

Ol şeýle garaşsyz derňewiň geçirilmegine ÝHHG-niň wekilleriniň gatnaşmalydygyny öňe sürdi. “Serhetsiz reportýorlar” we “Article 19” atly halkara guramalary-da žurnalist Lukpan Ahmedýarowyň janyna kast etmek maksady bilen amala aşyrylan hüjüm bilen bagly garaşsyz derňewiň geçirilmegine çagyrdylar.