Azerbaýjanly žurnalist hem hukuk goraýjy aktiwist Eýnulla Fatullaýew 2012-nji ýyl boýunça UNESCO-nyň “Metbugat azatlygyna goşan goşantlary üçin” diýen halkara baýragyna mynasyp boldy. Bu barada BMG-niň internet saýtynda maglumat ýaýradyldy.
Bu baradaky maglumatda professional žurnalistlerden ybarat halkara žýuriniň rekomendasiýasyny göz öňünde tutup, UNESCO-nyň Baş direktorynyň bu baýragy azerbaýjanly hukuk goraýjy žurnaliste bermek kararyna gelendigi aýdylýar.
“Gilýermo Kanonyň” baýragy näme?
1987-nji ýylda Kolumbiýanyň iri neşe söwdagärlerini paş edýän maglumatlary ýaýradanlygy üçin öldürilen žurnalist Gilýermo Kanonyň adyndaky bu baýragyň gowşurylyş dabarasy her ýyl 3-nji maýda bellenilýän Bütindünýä metbugat azatlygy gününe gabatlanyp geçirilýär.
Şol gün 25 müň dollar möçberindäki bu baýrak metbugat azatlygyna ýol açmak ugrunda janyny gaýgyrman iş alyp baran žurnalistlere gowşurylýar. Bu baýraga kandidatlar UNESCO agza ýurtlaryň häkimiýetleri, metbugat azatlygy üçin göreşýän ýerli hem halkara guramalary tarapyndan teklip edilýär.
UNESCO-nyň “Metbugat azatlygyna goşan goşantlary üçin” atly halkara baýragy 1997-nji ýylda döredilip, ol metbugat hem söz azatlygy boýunça öz janyny gaýgyrman iş alyp barýan žurnalistleri sylaglamaga niýetlenilýär.
Geçen ýyllar bu baýraga orsýetli žurnalist Anna Politkowskaýa, meksikaly Lydia Kaço, Çiliden Monika Gonzales, eýranly žurnalist Ahmad Zeidabadi dagylar mynasyp bolupdylar.
Şu ýyl bu abraýly baýraga mynasyp bolan azerbaýjanly žurnalist Eýnulla Fatullaýew “Realnyý Azerbaýjan” atly rus dilindäki gazeti we “Gündelik Azerbaýjan” neşirini esaslandyryjy hem-de bu neşirleriň öňki baş redaktorydyr.
“Berk çykyşlary bilen tanaldy”
Eýnulla Fatullaýew barada UNESCO-nyň ýaýradan metbugat beýanatynda şeýle diýilýär: “Ol öz žurnalistik karýerasynyň dowamynda metbugat hem söz azatlygynyň goragy boýunça berk çykyşlary bilen tanaldy”.
Žurnalist Eýnulla Fatullaýew 2007-nji ýylda Daglyk Garabag konflikti döwründe Hojaly regionynda ýüze çykan gyrgynçylyk barada beýan eden garaýşlary üçin Azerbaýjanyň häkimiýetleri tarapyndan tussag edilip, oňa 8.5 ýyl iş kesilipdi. Geçen ýylyň maý aýynda bolsa, ýurduň prezidenti Eýnulla Fatullaýewiň günäsini geçip, ony azatlyga goýberdi.
Häzir Eýnulla Fatullaýew Azerbaýjanda hökümetden aýry “Adam hukuklary boýunça jemgyýetçilik bileleşiginiň” düýbüni tutup, hukuk goraýjy aktiwist hökmünde öz işini dowam etdirýär.