Özbegistan aýlyk haklarynyň ýerine jüýje paýlaýar

Özbegistanly Odil: “Bu jüýjeleriň bahasy ýerli jüýjeleriň bahasyndan gymmat. Olary aljak däl diýmäge bolsa hakyň ýok”.

Özbek mugallymlaryna hem lukmanlaryna şu aýyň aýlyk haklarynyň bir böleginiň deregine Serbiýadan getirilen jüýjeler paýlananda, olaryň köpüsi bu garaşylmadyk ýagdaýa aňk-taňk boldular.

Häzir Özbegistanyň Buhara oblastynyň Wobkent raýonynyň döwlet işgärlerine aýlyk deregine 20 müň jüýjäniň berlendigi, geljekki aýlarda-da işgärlere ýene 40 müň juýjäniň paýlanjakdygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy şu ýylyň fewral aýynda Özbegistanyň Ministrler Kabinetiniň maslahatynda oblastlarda guş hem mal etiniň, ýumurtganyň hem gök öňümleriň öňümçiliginiň artdyrylmalydygy barada aýdylansoň, döwlet edaralarynyň işgärleriniň her birine 10 jüýjeden berlip başlanandygy barada maglumat ýaýratdy.

Mejbury çärä öwrüldi

Ýerli çinownikleriň aýtmaklaryna görä, serb jüýjeleri Özbek towuklaryndan has köp ýumurtga berýär. Şeýlelikde, häzirki paýlanan jüýjeleriň iki aýyň içinde ýumurtga berip başlamagyna garaşylýar.

Özbek resmileri jüýjeleriň diňe isleg bildiren adamlara paýlanýandygyny aýdýarlar. Emma, Azatlyk Radiosyna gowuşýan maglumatlara görä, käbir halatlarda towuk saklamak islemeýän adamlara-da jüýje paýlanypdyr. Bu mesele howlusy bolmadyk köp gatly jaýlarda ýaşaýan adamlar üçin has hem kynçylyk döredýär.

Özbegistanly 32 ýaşly mugallym Odil bu düzgün barada şeýle gürrüň berdi: “Biziň her haýsymyzy 10 jüýjeden satyn almaga mejbur etdiler. Her jüýje bäş ýarym müň soma, ýagny 3 dollara durýar. Olaryň bahasy ýerli jüýjeleriň bahasyndan gymmat. Olary aljak däl diýmäge bolsa hakyň ýok”.

Häkimiýetleriň plany uly

Özbek hökümetiniň tankytçylary häkimiýetleriň döwlet býujetinde serişde ýetmezçiligi bilen bagly kynçylyklary başdan geçirýändiklerini we olaryň şeýle çäreler arkaly çykdajylary azaltmaga çalyşýandyklaryny nygtaýarlar.

Resmiler bolsa bu çäräniň gowy netije berjekdigini, ony beýleki regionlarda hem durmuşa geçirmegi planlaşdyrýandyklaryny aýdýarlar.

Bu çäreleriň üstünlikli geçirilýändigi we netijede häzir özbek häkimiýetleriniň puluň ýerine adamlara hatda gara mal paýlamak maksatnamasyny-da taýýarlaýandyklary aýdylýar.

Bu maksatnama ugruna barsa, onda şu maksat üçin Ukrainadan sygyrlaryň getiriljekdigi habar berilýär.