Daş-töweregi gum bolup ýatan Ýerbent obasynda hem gumdaky beýleki obalara mahsus problemalar bar. Takmynan 700 hojalykdan ybarat bu oba Garagum kanalynyň suwy ýeten hem bolsa, obanyň ähli ýaşaýjylary ondan doly peýdalanyp bilmeýärler.
“Suw obamyzyň 10 kilometr golaýyna çenli geldi. Emma obamyzyň hemme ýaşaýjylarynyň öýlerine suw krany çekilmedi. Kimde pul bolsa, şolar öýlerine suw çekdirdiler. Puly bolmadyk adamlar şol suwy maşynly daşap getirýärler” diýip, Ýerbent obasynyň ýaşaýjysy, 38 ýaşly Durdy gürrüň berýär.
Durdynyň aýtmagyna görä, ýerbentliler suwy guýulardan we kaklardan hem alýarlar. Emma, guýudan alnan suw duzly we köplenç halatda ajy bolýar. Suw bilen bilelikde obanyň tebigy gaz bilen üpjünçiliginde hem kemçilikler bar.
“Biziň obamyza entäk gaz çekilmedi. Şonuň üçin obamyz entägem gaz ballonlaryny ulanýar. Bu gaz ballonlary hem her kime ýetenok. Şunlukda, elektrik enjamlary hem ulanylýar. Biziň obamyzda elektrik togy bar” diýip, durdy aýdýar.
Emma, Durdynyň aýtmagyna görä, obanyň elektrik üpjünçiliginde hem bökdençlikler bar. Hususan-da, elektrik togunyň güýjüniň pesligi zerarly kähalatda elektrik enjamlaryny kadaly ulanyp bolmaýandygyny Durdy gürrüň berýär.
“Esasanam, gyşyna we tomsuna naprýaženiýe peselýär. Toguň oýnap durmagy zerarly elektrik enjamlar hatardan hem çykýar. Olary bejertmek üçin bolsa Aşgabada äkidäýmeseň, biziň obamyzda başarjak adam ýok” diýip, Durdy aýdýar.
Töwerekdäki obalardan tapawutlylykda Ýerbent obasynda orta mekdep bar. Ýerbent obasynyň ýaşaýjysy, 24 ýaşly Amangeldi bu mekdepde ýörite kompýuter klasynyň bar bardygyny aýdýar.
“Şol klasda 20 sany kompýuter bar. Şeýle-de geçen ýyl birinji klas okuwçylarynyň her birine kompýuterler sowgat berildi. Emma mekdebimizde kompýuteri gowy öwredip bilýän mugallym ýok” diýip, Amangeldi aýdýar. “Şonuň üçin, internet diýilýän zady obamyzyň ýaşlary diňe telewizordan bilýärler. Ýöne obamyzda mobil aragatnaşygy gowy”.
Aşgabatdan 150 kilometer töweregi uzaklykda, Aşgabat-Daşoguz ýolunyň ugrunda ýerleşýän Ýerbent obasynyň bu ýoldan geçýänler we obanyň töwereginde ýaşaýan ilat üçin ähmiýeti uly.
Ýolagçylar we töwerekdäki obalaryň ýaşaýjylary Ýerbent obasyndaky benzin guýulýan stansiýada öz awtoulaglarynyň baklaryny benzin bilen doldurýarlar. Ýerbentden soň tä Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabyna çenli benzin guýulýan stansiýa ýok.
Ýerbentdäki Aşgabat-Daşoguz ýolunyň ugrundaky düşelgeler bolsa gije-gündiz ýolagçylara hyzmat edýär. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan 38 ýaşly Durdy hem şol düşelgeleriň birinde işleýär. Ol düşelgäniň esasy müşderileriniň Aşgabat-Daşoguz ýolundan geçýän ýolagçylardygyny, öz girdejisinden razydygyny aýdýar.
Emma ýerbentlileriň esasy eklenji maldarçylyk. Ýöne howa şertleri olaryň bu gazanç çeşmelerine öz täsirini ýetirýär. Ylaýta-da, gyşyň aşa sowuk bolmagy tomsuň jokrama yssysyna öwrenişen gumly çopanlara ýaramaz täsir edýär.
“Soňky ýyllar gyş gazaply bolýar. Mallaryň ölýäni az däl. Meýdanda-da ot az” diýip, Durdy aýdýar. “Öňler mallara [goşmaça] iým üçin Aşgabatdan bahasy 20 teňňe [çörek] buhankasyny daşaýardyk. Soň bu-da gadagan edildi. Aşgabatdan çykýan ýeriňdäki Polisiýanyň ýolgözegçilik gullugynyň postunda maşynlar ýörite barlanylýar”.
Ýerbent obasynda-da, gumuň içindäki beýleki obalardaky ýaly, ýurduň taryhynyň üç döwrüniň maddy alamatlary saklanyp galypdyr. Bu obada gadymky gara öýler, sowet döwründen galan köne ýük maşynlar ýa-da bu ýerlerde uly meşhurlyga eýe bolan “Iž-Ýupiter-5” motosikller bilen bir hatarda garaşsyzlyk döwrüniň “miweleri” bolan çanak antennalarydyr mobil telefonlary hem görmek bolýar.