Ýerli owganlar neşe söwdasyndan nalaýarlar

Saglyk ugrundan resmileriň berýän statistikasyndan çen tutulsa, onda Parwan welaýatynda neşekeşleriň sany artypdyr.

Owgan resmileriniň ýurduň Parwan welaýatynda neşäniň bikanun önümçiliginiň soňuna çykylandygy baradaky beýanaty ýerli ilatyň nägileligine sebäp boldy. Köpleriň bellemegine görä, görülýän çärelere garamazdan, regionda narkotik serişdeleriniň önümçiligi, satuwy we dolanyşygy dowam edýär.

Zir-zibilli köçäniň bir gyrasynda, hapa suwlaryň akymynyň bir ýanynda bulaşyp, Hamid atly bir neşekeş sary gutujykdan geroin çekip ýatyr. Ýüzüni tüý basyp giden, hapa bir ýorgana bürenen ýetginjek ulanyp oturan geroinini şäheriň esasy söwda köçesi – Çarikardandan satyn alandygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, şol köçedäki söwdagärler ähli zady - beňden başlap tä geroine çenli satýarlar.

“Ähli kişi beňi we geroini ýa satýandyr ýa-da ulanýandyr. Men hökümetiň mundan habarlydygyny ýa däldigini biljek däl. Bärde ähli kişi neşäni satýar ýa-da ulanýar. Eger-de siz bazarlary aýlansaňyz, onda kiçijik gaplara salnyp, satylyp oturan geroini görersiňiz” diýip, Hamid gürrüň berýär.

Emma Hamidiň gürrüňi ýerli resmileriň sözlerine çapraz gelýär. Döwlet işgärleri Parwan welaýatynda neşäniň bikanun önümçiliginiň we ýaýradylşynyň öňüniň alnandygyny aýdýarlar. Fewralda Parwan welaýatynyň häkimi Abdul Basir Salangi neşäniň önümçiliginiň togtadylandygyny habar beripdi. Şeýle-de ol howpsuzlyk güýçleriniň welaýata neşäniň girmeginiň we ondan çykarylmagynyň öňüni almagy başarandyklaryny aýdypdy.

Her gün müňlerçe neşekeş meniň dükanymyň öňünden geçýär. Bärde neşe hiç bir bökdençsiz satylýar.
Çarikardanda bir dükanyň eýesi Habibullanyň sözlerine laýyklykda, hökümet neşäniň ýaýramagyna garşy juda az tagalla edýär: “Her gün müňlerçe neşekeş meniň dükanymyň öňünden geçýär. Bärde neşe hiç bir bökdençsiz satylýar. Bulary ähli ýerde, açyk bir görnüşde satyn alyp bolýar. Hökümet muny bilýär, ýöne garşysyna hiç zat edenok. Bu barada bilibem, hiç zat etmese, hökümet neşeden heläk bolýanlaryň ölümine şärikdir”.

Saglyk ugrundan resmileriň berýän statistikasyndan çen tutulsa, onda Parwan welaýatynda neşekeşleriň sany artypdyr. Sanlardan çen tutulsa, neşe ulanýanlaryň sany 2010-njy ýylda 7 müň bolan bolsa, şu ýylyň başynda bu 15 müňe deň bolupdyr.

Parwan welaýatynyň ýaşaýjylary ýerli resmileri neşe meselesini duşundan geçirip, problema çynlakaý çemeleşmezlikde aýyplaýarlar. Käbirleri resmileriň hatda neşe söwdasynda elleriniň bardygyny hem aýdýarlar.

Parwan welaýatynyň häkiminiň metbugat wekili Ruşna Khaled bular ýaly aýyplamalary inkär edýär: “Men ýokary derejeli resmileriň neşe gaçakçylygyna we söwdasyna dahylynyň bardygy baradaky habarlary dolulygyna ret edýärin. Parwan welaýatynyň resmileriniň munuň bilen hiç hili ilteşigi ýok. Bolup hem bilmez”.

Emma ýerli ýaşaýjylaryň biri Abdul Waseh Saeedkhali ýerli resmileriň neşäniň ýaýradylmagynda möhüm orny eýeleýändiklerini aýdýar: “Howpsuzlyk resmileri neşe problemasyna birneme üns berýärler. Ýöne Owganystanda neşe gaçakçylygy uly mesele we biznes. Munda ýokary derejeli resmileriň hem eli bar. Emma olaryň adyny tutmaga hiç kimiň gaýraty ýetenok”.

Janynyň howp astyna düşmeginden çekineni sebäpli Saeedkhali hiç bir resminiň adyny tutmady.