Inguşystan: WIÇ barlagy - durmuş gurmaga tarap ýol

"BMG-niň berýän maglumatlaryna görä, häzir Orsýetde bir milliona golaý adam WIÇ infeksiýasyndan ejir çekýär. Her ýyl bu kesele ýolugýanlaryň sany 10% töweregi artýar".

Inguşystanyň prezidenti bu respublikanyň ýaşlary durmuş gurmazdan öň, WIÇ infeksiýasyny anyklaýan barlaglardan geçmeli diýip, görkezme berdi.

Käbir hukuk goraýjy aktiwistleriň bu çärä garşy bolandyklaryna garamazdan, toý tutmakdan öň, WIÇ infeksiýasyny anyklaýan medisina barlaglaryndan geçmek düzgüni geçen ýyl Çeçenistanda-da girizilipdi.

Bu çäre ýerli ýaşaýjylar tarapyndan, aglaba, goldanyldy. Bu çäräniň bejergisi tapylmadyk kesel bolan WIÇ-iň ýaýramagynyň öňüni almak meselesine uly goşant goşýandygy öňe sürülýär.

28-nji martda Orsýetiň Inguşystan respublikasynyň prezidenti Ýunus Bek Ýewkurow respublikanyň Howpsuzlyk geňeşine toý tutmagy planlaşdyrýan ýaşlaryň WIÇ infeksiýasyny anyklaýan barlaglardan geçmegini öz içine alýan proýekti taýýarlamagy tabşyrdy.

WIÇ-iň Orsýetdäki derejesi ýokary

Bu çäre howply wirusyň ýaşlara hem olaryň çagalaryna ýokaşmagynyň öňüni alar diýip, preizdent Ýunus Bek Ýewkurow öz çykyşynda belledi.

“Bu çäre Çeçenistanda gowy netije berdi. Hatda bu barlaglaryň netijesinde WIÇ infeksiýasy anyklanan adamlar hem bolup, olar bu çäre arkaly keseliň wagtynda anyklanandygyna şükür etdiler. Olara kömek etmeli ahyryn. Olary hiç kim jemgyýetden üzňeleşdirmäge çalyşmaýar” diýip, prezident Ýunus Bek Ýewkurow nygtady.

"Inguşystanyň prezidenti Ýunus Bek Ýewkurow bu respublikanyň ýaşlary durumş gurmazdan öň, WIÇ infeksiýasyny anyklaýan barlaglardan geçmeli diýip, görkezme berdi".

BMG-niň berýän maglumatlaryna görä, häzir Orsýetde bir milliona golaý adam WIÇ infeksiýasyndan ejir çekýär. Her ýyl bu kesele ýolugýanlaryň sany 10% töweregi artýar. Bu sanlar Orsýetde infeksiýanyň gaty çalt depginler bilen ýaýraýandygyna şaýatlyk edýär.

Ýöne, Orsýetiň düzümindäki Demirgazyk Kawkaz regionynda ýaşaýanlaryň köpüsiniň yslam dinine eýerýändikleri sebäpli, keseliň bu regiondaky derejesi görnetin pes.

Resmiler Inguşystan respublikasynyň ýarym million ýaşaýjyly ilatyndan 900 adamda WIÇ infenksiýasynyň anyklanandygy aýdylýar.Ýöne, käbir medisina işgärleri bu sanyň üç esse dagy köp bolmagynyň ahtimaldygyny çaklaýarlar.

Ýaş çatynjalaryň toýdan öň WIÇ barlagyndan geçmelidikleri baradaky bu teklip hukuk goraýjy aktiwistleriň köpüsinde alada döretdi. Olar bu düzgüniň Orsýetiň kanunlaryny bozýandygyny aýdýarlar.

Lukmanlar goldaýar

Bu aladalara garamazdan, Çeçenistanda AIDS-e garşy merkeze ýolbaşçylyk edýän Keda Aidamirowa bu çäre AIDS-iň hem WIÇ infeksiýasynyň ýaýramagynyň öňüni almaga ýardam edýän bolsa, beýle çäräni ulanmakdan ýüz öwürmeli däldigini aýdýar.

Ol: “Meniň pikirimçe, bu gaty gowy teklip. Şeýle düzgünüň Çeçenistanda girizilmegi beýlekilerde hem gyzyklanma döretdi. Adamlar ýaş çatynjalarda şeýle barlaglaryň geçirilmegini goldaýarlar. Häzirlikçe bizde 17 müň adamda barlag geçirildi. Olardan 22-sinde WIÇ infeksiýasy anyklandy. Olaryň käbiri özlerinde keseliň bardygyny bilensoňlar, durmuş gurmakdan ýüz öwürdiler. Käbirleri bolsa, kesele garamazdan, durmuş gurdular. Olar spesialistler bilen geňeşip, şol maslahatlar boýunça öz ýanýoldaşlaryna howp abandyrman ýaşaýarlar” diýip belledi.

Toý tutmagy göz öňünde tutýan ýaşlaryň WIÇ infeksiýasy boýunça barlanmaklarynyň tarapdarlary bu çäräniň beýleki ýurtlarda hem geçirilýändigini öňe sürýärler. Mysal üçin, ABŞ-nyň hem Meksikonyň birnäçe ştatlarynda şeýle barlaglary geçirmek maslahat berilýär. Malaýziýada bolsa, WIÇ infeksiýasyny anyklaýan barlagdan hemme musulmanlar hökmany suratda geçmeli edildi.

“Barlag ýok – nika ýok”

Çeçenistan respublikasynda bu mesele bilen bagly ýene bir kynçylyk ýüze çykdy. Ol hem, bu respublikada WIÇ boýunça medisina barlagyndan geçmekden ýüz öwürýänlere ýa-da ganynda WIÇ infeksiýasy anyklanan ýaşlara musulmançylyga laýyklykda nika gyýmaklygyň gadagan edilenligidir.

Ýöne, şeýle ýagdaý hem ýerli çeçenleri çekindirip durmaýar, olaryň köpüsi şeýle barlaglaryň geçirilmegini goldaýarlar.

Çeçenistanda polisiýa işgäri bolup işleýän Yslam geçen ýyl öýlenende, öz geljekki gelni bilen şeýle barlagdan geçendigini aýtdy. Ol şeýle testlere gowy baha berýär, ýöne şol bir wagtda-da, bu prosesiň örän çylşyrymlydygyny boýun alýar.

Ol: “Öýlenjek gelnim ikimiz aýry-aýry barlaglardan geçdik. Adatça, zenan ýanýoldaşyna barlagdan geçendigi baradaky güwä hatyny berýär. Soňra olar güwä hatynyň ikisini hem alyp, ymama eltýärler. Ymam öz nobatynda ýaşlary hasaba alýar. Soňra ol hasaba alyş nomerlerini görkezmek bilen, ýaşlarda WIÇ infeksiýasynyň ýokdugy barada şahadatnama berýär. Diňe şol dokumet esasynda-da musulmanlaryň dini däp-dessury boýunça nikalaşmaga rugsat edilýär” diýip, ýagdaýy suratlandyrdy.

Prezident Ýewkurowyň aýtmagyna görä, Inguşystan respublikasynda bu çäre hökmany bolmaz. Ýagny, ýaşlara durmuş gurmazdan öň WIÇ barlagyndan geçmek maslahat berler. Şeýle hem, prezident Ýewkurow, Çeçenistandan tapawutlylykda, bu keseliň bardygy anyklanan ýaşlara hem musulmançylygya laýyklykda nika gyýmaga rugsat ediljekdigini wada berdi.